Dusia
13.04.2025 23:34
Siz öz çagalaryňyza nähili at goýardyňyz we onuň manysy näme?!

"Gülçynar" ady iki owadan sözüň utgaşmasy netijesinde emele gelen at:
* Gül: Ysly we reňkli gül manysyny berýän pars dilinden gelen söz. Gözellik, söýgi, merhemet we şatlyk ýaly manylary döredýär.
* Çynar agajy: Uzak ömürli, ajaýyp we kölege berýän agaç görnüşidir. Güýç, çydamlylyk, uzak ömür we çuň kök uran ýaly manylary aňladýar.
Bu iki söz birleşende, Gülçynar ady gül ýaly owadan we näzik, we çynar agajy ýaly güýçli uzak ömürli manylary aňladýar. Şeýlelikde gözelligi we güýji birleşdirýän şahsyýet ýada salýar.
10
341
Dusia
29.03.2025 00:47
Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawdy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!

*****

Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!

*****

Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!

*****

Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsün iller,
Soňky pursat gyssam elleň,
Hem bir zady bilsem bolýar,
Ýüregiňde bolsam bolýar!

Gülşirin Hanowa
11
185
Dusia
09.03.2025 00:43
С новым годом! 😋
33
799
Dusia
07.10.2024 20:00
Näme üçin könelerimiz ikindi-agşamara çaga eşiklerini ýuwmaz we ony daşary sermezdiler?!

Daşyndan seretmegiň özi hem ürkütiji bir zatlaryň bardygyny şübhelendirmeýärmi eýsem?!

Ýehudy mitologiýasynda şeýle bir jyn bar -"Lilit"

Orta asyrlaryň ýazgylaryna görä Hezreti Adam Aleyhisselamyň ilkinji ýoldaşy, Häzirkizaman metbugatynda bolsa Lusiferiň (İblisiň) aýaly hökmünde şekillendirilýär.

Töwratda aç-açan agzalmasa-da, köp ýewreý dini çeşmelerinde agzalan How Enäniň Adamyň başga bir aýalydygyna we adamyň ilkinji aýaly Lilitdigine ynanýarlar.

Ýewreýleriň orta asyr ynanjyna görä , Adam we Lilit özüniň şol bir wagtda toprakdan ýaradylandygy üçin özüni Adam bilen deň hasaplaýardy. Ol Adam bilen birlikde ýaşamakdan düýbünden ýüz öwürdi. Adam onuň bilen ýaşamaga näçe jan etsede, ol ony terk edýär we ondan gaçýar. Perişdeler Liliti yzyna getirmek üçin tapýarlar, ýöne ol Samaeliň ýanyndadygyny , 100-den gowrak jyn çagasynyň bardygyny, şonuň üçin indi Adam ata wepaly bolup bilmejekdigini habar berdi. Alla tagala Lilitiň bet pygyllygyny duruzmak üçin üç perişdäni gaýtadan iberdi. Perişdeler Lilit gaýdyp gelmese, Alla Tagalla we Adam ata boýun egmese her gün çagalaryndan birini öldürjekdigini aýdýarlar, we şeýlede bolýar. Şondan soň Lilit Adam atanyň we How Enäniň nesillerini öldürmegiň kül küline düşýär. Rowaýata görä, doglan gününden 8 günüň içinde oglanlary, 20 günüň içinde gyzlary öldürmäge synanyşýar. Häzirki wagtda dünýäde bardygyna ynanylýan jynlar Adam bilen Lilitiň we Tuwal Kabil we aýaly Naamanyň bileleşigi tarapyndan dörändir. Lilit ölmez-ýitmezdir, sebäbi ol Adam ata we How ene çäkli durmuş bilen näletlenmezden ozal jenneti terk edipdir. Rowaýata görä Alla Tagalla Lilitden soň, ady belli bolmadyk başga bir aýaly hem döredýär we Adam bu ýaradylyşy Lilitiň terk edişi ýaly eder diýen hederi bilen kabul etmez. Üçünji gezekde Adam atany ukladýar we How Enäni onuň gapyrgasyndan döredýär. How ene Adam atanyň bir böleginden ýaradylandygy sebäpli, oňa tabyn bolýar.

Hekaýanyň başga bir wersiýasynda, Eýýupy gynamak üçin çagalaryny öldüren jyn Lilit ýa-da dogrumdan soňky çagalary bogup öldüren türk mifologiýasyndaky Albyz (Alkyz) jyny bilen bir harakterdir. Şeýle hem, Inannanyň hem şol bir harakterdigine ynanylýar.

Häzirki wagtda käbir ýewreýleriň arasynda adat bolşy ýaly, dogrumdan soňky aýallar we bäbekler agşam öýlerinde ýeke galmaýarlar we agşamlar kir ýuwulýan ýerlerde bäbekleriň eşikler goýulmaýar hem-de ýuwulmaýar, sebäbi ynsan neslinden bolmadyk Jynlaşan Lilitiň bardygyna düşünýärler.

Lilit syrly bir jandar we ol köp rowaýatlaryň we mifologiýalaryň mowzugyna öwürdi. Ilki bilen Gilgamyş eposynda Lilite gijelerini we ýerasty garaňkylygy dolandyrýan erbet zenan keşbi hökmünde duşýarys. Sumer , Wawilon we Pars mifologiýalarynda Lilit- wampir aýal, baýguş we ýylan hökmünde suratlandyrylýar.

Terjime edildi.
11
310
Dusia
27.08.2024 23:47
Bäbekler daşky gurşaw bilen aglamak arkaly ilkinji aragatnaşyk gurmagy öwrenýärler. Köplenç olar bu ýol arkaly özi baradaky maglumatlary töweregindäkilere habar berýärler. Olardan käbirlerine seredip geçmekçi:


Agyrysy bolsa: Gaty aglaýar, aglaýarka uzak wagtlap dem alýar we gygyrýar. Aýaklaryny özüne tarap çekip bükülip, gyzaryp biler.

Eger üns çekmek, oýnamak islese: Ses äheňi ýaňlanýar. Wagtal-wagtal gürleýär. Esasanam kimdir biriniň ýakyndan üns bermegini isleýär we ele alynýança aglamagyny dowam etdirýär.

Ýadaw bolsa çaga ýatmak isleýär. Ol uklaýança, aýdym aýdýan ýaly ýumşak, ritmiki aglaýar.

Rahatsyzlyk döredýän ýagdaý bar bolsa (arlygynyň hapalanmagy, eşikleriniň çümmegi we ş.m) aýaklaryny ýere urýalar arakesmeli çalt çalt dem alyp ýalan iňňilleýärler.

Meniň öz tejribämden:

"Eee" "İçim ýellenýär." Çagaňyz iýmitlenenden soň derrew garyn boşlugyndaky howa boşadylmasa, onuň aglamagy "eee" bilen başlaýar we arakesmelerden we gaýtalanmalardan ybarat. "Eh, eh, ehhh." Çagaňyzy rahatlandyrmak üçin ony döşüňizde dik tutuň, kellesini egniňize goýuň we arkasyny ýuwaşlyk bilen sypalaň.

"İňňä" diýip aglasa " Men aç": Ses tony ýokarlanýar, arakesmesiz uzak aglaýar. Barmaklaryny sorýar we ýaňaklaryny dyrmaýar. Emdirilip başlananda, aglamagyny bes edýär.

Başgada bäbekleriň aglama şekilleri we her haýsynyň manylary bar eken men bilýänlerimi paýlaşdym, siz ýene haýsylary bilýärsiňiz?!
15
182
Dusia
25.08.2024 19:02
Çagalarda görüş ukybynyň ösmegi ýatgyda, ene göwresinde wagty başlanýar. Ýatgydaky çaga ýagtylygy tapawutlandyryp biler. Çaga doglandan soň ilkinji yşyk bilen görüp başlaýar. Çaganyň gözleri ilkinji hepdelerde ýagtylyga reaksiýa berýär we takmynan üç aýa çenli 20 sm aralykdaky predmetleri görüp bilýär, üçünji aýdan göz hereketleri yzarlamak bilen baglanyşyp başlaýar. Çaganyň görüş ukyby üç ýaşa çenli ulularyň görüjiligine ýakynlaşýar. Görmek ukybynyň doly ösmegi üçin 7-9 ýaşa çenli wagt gerek bolýar.
27
485
Dusia
08.08.2024 23:48
Gije älem giňeýär,
Gämiler gygyrýar asmana garap,
Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda.
...Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
Çydar ýaly däl bi halys her agşamara.
Bir otagly jaý ber ilki,
Penjireli, amatlyrak.
30 ýyllyk kredit töläp ýaşara.

Soňam bir şäherde işe ýerleşdir,
(Tanyş tapsaň!)
Gorap gezerin janymy.
Keseller öldürýär käbirlerimizi,
Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içim gysya, intelligent dertlem bar.
Nädip aytsam?! kän bir... däl-dä gyzykly. Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden,
Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

Begençgeldi ORAZOW.
17
279
Dusia
30.07.2024 00:17
Meýmiräpjik myrlap ýatyr bäbejik,
Habary ýok süýşüp gelen obadan.
Bihabar ol reýhstaga gol çekip,
Segsen ýaşda çowluk gören babadan.

Sallançakda uklap ýatyr çagajyk,
Bady gaçan sallançakdan bihabar.
Içki jaýa ylgap giden eneden,
Ýasalmaly müň saçakdan bihabar.

Birdenkä-de «jäk-jäk» edip oýandy,
Gujakdan-gujaga geçdi aglajyk.
Diňe ene ysyn agtarýan ýaly,
Mälemesin bes etmedi owlajyk.

Onýança-da ýüpek gabak gaýtarma
Süzlüp çykyp ýüz sonanyň içinden,
Gujagyna göterdi-de bäbegi,
Birje gezek sypalady saçyndan.

Şo bada-da tapba sesi kesildi.
Del gujakda rahat tapdy çagajyk.
(Gujaklaň gowsuny tanýan ekeniň,
Aý bäbejik–eý jögüjik, jögüjik!)

Barha göterilýär toýuň şowhuny.
Açylýar şampanlar. Bugarýar saçak.
Tarypçylar – bir-birinden göçgünli,
Gybatçylar – bir-birinden owunjak.

Her haýsy özüniň agramna görä
Guwanýa, ýaňraýa, öwünýä, gülýä.
Gerşin tutup, hemmesini diňläp dur
Hem gazaply
hemem arkaly Dünýä!

Ol Dünýä her kime bir ömür berýär,
Şol ömri synagdan geçirýär onsoň.
(Käte diri wagtyň ölä meňzedýär,
Kä dirä öwürýär merhumam bolsaň).

...Sallançakda gülüp ýatyr çagajyk,
Ýaman zatdan, ýagşy zatdan bihabar.
Gapdalynda gülüp duran göripden,
Ýalan tostdan, galp şöhratdan bihabar.

Ýumrujagyn düwdi birden bäbejik,
Beýläk itdi agzyndaky emmesin.
Arkaýynja emiber sen emmäňi,
Düzederis ýaman zatlaň hemmesin.

O zatlaryň günäkäri özümiz,
Entek seniň çigit ýaly çirkiň ýok.
Hakyň bardyr ýumrujagyň düwmäge,
Ýöne entek göreşmäge hakyň ýok.

Ýürejigiň polat ýaly berkesin,
Döşleriň-de pes bolmasyn gapakdan.
Gürlän wagtyň – il aňk bolsun agzyňa,
Ýörän wagtyň – uçgun çyksyn toprakdan.

Ine onsoň Ýalan bilen Ýamanyň
Aýagyna bile gurarys gapan.
Gaplaň dakjakmyşlar seniň adyňa...
Bu – olaň öz işi, Ýolbarsmy, Gaplaň.

Haýsy bolanda-da tapawudy ýok.
Şony isleýändir at dakan adam.
Ýöne Seniň adyň Aýy hem bolsa,
Adyňdan öňürti adam bol,
Adam!

Kerim Gurbannepesow
29
447
Dusia
22.06.2024 22:43
Gözüm gidýär gabanylýan adama, Gabansana, käte meni söwer ýar. Gabansana ,söýgiñ bolsa gabanjyñ. Çökgün göwnüm umytlara suwar ýar.
Diñe bir owadan gelinlerden däl,
Gaban meni ,gaban ýalan dostlardan.
Hasylsyz azapdan, azapsyz nepden,
Bimany keýplerden , a:şa meslikden.
Işsiz gybatyndan, müñkürliginden,
Şermendäñ şerinden, düwünli gepden.
Syrça deý ýüregi dyrmap möý kimin,
Beýnä gurşun bolup doljak töhmetden.
Gabanjyñ gala et, degre-daşyma,
Kesert körügine geljek belalañ.
Elleriñe baky berlen ömrümiñ -
Abyraýny, aklygyny penala !
Gabansana, söýgüñ bolsa gabanjyñ,
Ýüregime melhem edip guýsana !
Menem käte başym göge diräýin ,
Gereklenýän kişidigme buýsanyp.
37
580
Dusia
03.03.2024 18:09
Ah, bu niçik säher?
Bu niçik jady?
Bu kimiň nalasy,
Kimiň perýady?

Ne güýç aldy kararymy, sabrymy?
Ne owaz bu —
Paralap dur bagrymy?
Ne bir uklap bilýän,
Ne-de bir galyp —
Durmy bir jadygöý başujum alyp?..

Ah,
Belki, ejizlik ýeňillik getir —
Duýdansyz çygjarýa ýassygyň çeti...

Ol bolsa
Göýä bir birehim derýa,
Möwç alyp,
Öç alyp,
Gark edip barýa.

Ýüzbe-ýüz,
Başa-baş keramat bilen...
Owaz,
Diňe owaz — bagrymy dilen.

Diňe her sazdan soň
Iki agyz gep bar
«Ýene-de halk sazy...
Ýene-de Jepbar...»
35
398