Dusia
08.08.2024 23:48
Gije älem giňeýär,
Gämiler gygyrýar asmana garap,
Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda.
...Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
Çydar ýaly däl bi halys her agşamara.
Bir otagly jaý ber ilki,
Penjireli, amatlyrak.
30 ýyllyk kredit töläp ýaşara.

Soňam bir şäherde işe ýerleşdir,
(Tanyş tapsaň!)
Gorap gezerin janymy.
Keseller öldürýär käbirlerimizi,
Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içim gysya, intelligent dertlem bar.
Nädip aytsam?! kän bir... däl-dä gyzykly. Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden,
Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

Begençgeldi ORAZOW.
17
264
Dusia
27 Awgust 2024
Nm hakda post paýlaşsamkam 🤔
jbmm
14 Awgust 2024
Sözün tapsam aydyp dynjak ymykly
manolya
9 Awgust 2024
@Dusia, esasy betligi7- 8 aýlykdan soň başlaýa ,emedeklâp başlaýada
Dusia
9 Awgust 2024
@manolya, häzirâ akyllyja ulalyp betligi çykaýmasa)
manolya
9 Awgust 2024
@Dusia, hawwala 😅 bu döwürki çagalar erbet 10 syna degýä ....hemem okatjak bolsaň 1 jesi ýetik ,galanam Alla berse bolar ....özi ýeňil geçireýin diýse geçip gider
Dusia
9 Awgust 2024
@manolya, da şuň jany sag bolsun boldy, galanam Alla berse 1-je oglanjyk uzagyndan, bermesede oňada şükür, barymyzdan bazar eýläberýäs 😁
manolya
9 Awgust 2024
@Dusia, hawala şojagaz bir ulalsyn ýetik 😁
Dusia
9 Awgust 2024
@manolya, kyn bolar öýdemok özüm çagalaň içinde işläp ýöremsoň, men bilemok islämok, belki uzagyndan pikirim üýtgär dp 5-6 ýyl diýdim ýogsa olam gerek däl
manolya
9 Awgust 2024
@Dusia, 😬 soň beylekini ulaltmak kyn bolar ,hemem ýaş wagtyň ýeňil geçýär dälmi beden ýaşda
Dusia
9 Awgust 2024
@zumerret_, spasibo)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.