Dusia
22.06.2024 22:43
Gözüm gidýär gabanylýan adama, Gabansana, käte meni söwer ýar. Gabansana ,söýgiñ bolsa gabanjyñ. Çökgün göwnüm umytlara suwar ýar.
Diñe bir owadan gelinlerden däl,
Gaban meni ,gaban ýalan dostlardan.
Hasylsyz azapdan, azapsyz nepden,
Bimany keýplerden , a:şa meslikden.
Işsiz gybatyndan, müñkürliginden,
Şermendäñ şerinden, düwünli gepden.
Syrça deý ýüregi dyrmap möý kimin,
Beýnä gurşun bolup doljak töhmetden.
Gabanjyñ gala et, degre-daşyma,
Kesert körügine geljek belalañ.
Elleriñe baky berlen ömrümiñ -
Abyraýny, aklygyny penala !
Gabansana, söýgüñ bolsa gabanjyñ,
Ýüregime melhem edip guýsana !
Menem käte başym göge diräýin ,
Gereklenýän kişidigme buýsanyp.
37
553
Dusia
3 Iýul 2024
@0223, ....
flowers_
26 Iýun 2024
@Dusia, 😁
Dusia
26 Iýun 2024
@flowers_, da maňada tanyş şo 😁
sh_shamko_
26 Iýun 2024
@0223, onoryan dos gownum yetdi sana :)).
flowers_
26 Iýun 2024
@Dusia, talandyň profil suratyndaky gyz tanyşla))
0223
26 Iýun 2024
@sh_shamko_, dogrymy ayytsam men sun fanadam
0223
26 Iýun 2024
@Dusia, sps
Dusia
26 Iýun 2024
@0223, meň talandym pikirlere çümüp postlarmy okaýa)))
sh_shamko_
26 Iýun 2024
@Dusia, oda bolup biler mozet badyr menem fanadym yone habarym yokdur :)).
Dusia
26 Iýun 2024
@sh_shamko_, talant bar ýerinde hökman fanat bolaýmaly, fanat yok bolsa diymek talant ýokdur 😋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.