Meýmiräpjik myrlap ýatyr bäbejik,
Habary ýok süýşüp gelen obadan.
Bihabar ol reýhstaga gol çekip,
Segsen ýaşda çowluk gören babadan.
Sallançakda uklap ýatyr çagajyk,
Bady gaçan sallançakdan bihabar.
Içki jaýa ylgap giden eneden,
Ýasalmaly müň saçakdan bihabar.
Birdenkä-de «jäk-jäk» edip oýandy,
Gujakdan-gujaga geçdi aglajyk.
Diňe ene ysyn agtarýan ýaly,
Mälemesin bes etmedi owlajyk.
Onýança-da ýüpek gabak gaýtarma
Süzlüp çykyp ýüz sonanyň içinden,
Gujagyna göterdi-de bäbegi,
Birje gezek sypalady saçyndan.
Şo bada-da tapba sesi kesildi.
Del gujakda rahat tapdy çagajyk.
(Gujaklaň gowsuny tanýan ekeniň,
Aý bäbejik–eý jögüjik, jögüjik!)
Barha göterilýär toýuň şowhuny.
Açylýar şampanlar. Bugarýar saçak.
Tarypçylar – bir-birinden göçgünli,
Gybatçylar – bir-birinden owunjak.
Her haýsy özüniň agramna görä
Guwanýa, ýaňraýa, öwünýä, gülýä.
Gerşin tutup, hemmesini diňläp dur
Hem gazaply
hemem arkaly Dünýä!
Ol Dünýä her kime bir ömür berýär,
Şol ömri synagdan geçirýär onsoň.
(Käte diri wagtyň ölä meňzedýär,
Kä dirä öwürýär merhumam bolsaň).
...Sallançakda gülüp ýatyr çagajyk,
Ýaman zatdan, ýagşy zatdan bihabar.
Gapdalynda gülüp duran göripden,
Ýalan tostdan, galp şöhratdan bihabar.
Ýumrujagyn düwdi birden bäbejik,
Beýläk itdi agzyndaky emmesin.
Arkaýynja emiber sen emmäňi,
Düzederis ýaman zatlaň hemmesin.
O zatlaryň günäkäri özümiz,
Entek seniň çigit ýaly çirkiň ýok.
Hakyň bardyr ýumrujagyň düwmäge,
Ýöne entek göreşmäge hakyň ýok.
Ýürejigiň polat ýaly berkesin,
Döşleriň-de pes bolmasyn gapakdan.
Gürlän wagtyň – il aňk bolsun agzyňa,
Ýörän wagtyň – uçgun çyksyn toprakdan.
Ine onsoň Ýalan bilen Ýamanyň
Aýagyna bile gurarys gapan.
Gaplaň dakjakmyşlar seniň adyňa...
Bu – olaň öz işi, Ýolbarsmy, Gaplaň.
Haýsy bolanda-da tapawudy ýok.
Şony isleýändir at dakan adam.
Ýöne Seniň adyň Aýy hem bolsa,
Adyňdan öňürti adam bol,
Adam!
Kerim Gurbannepesow