Dusia
29.03.2025 00:47
Sürmeler bozulsa gaşdan,
Baharlar aýlansa daşdan,
Tapawdy ýok haýsy ýaşda,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Kä gözüme ilseň bolýar!

*****

Asman hem Zemin arasyn,
Söýginiň hökmi sorasyn.
Didämiň agy-garasy,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Maňa mydam gülseň bolýar!

*****

Köşeşmez kalbym zary hiç,
Galan zatlaryň bary hiç.
Ýa ir bolar, ýa juda giç,
Sen bir zady bilseň bolýar,
Çakylygma gelseň bolýar!

*****

Armanym äkider ýeller,
Goý, geň görse görsün iller,
Soňky pursat gyssam elleň,
Hem bir zady bilsem bolýar,
Ýüregiňde bolsam bolýar!

Gülşirin Hanowa
11
185
okyyjy
29 Mart 2025
🧿
awadan
29 Mart 2025
@Dusia, Guliyada myhman bolup bizi okoyandyr girip bilemok diydi imoda aytdym oza açyp duzeldip berseler kabir agzalar hälem girip bilenoklar
Dusia
29 Mart 2025
@awadan, men öz çagamdyr öýdüp ýördüm🤭
Dusia
29 Mart 2025
@awadan, gulia aýtmyşlaýyn şoň gyzymyş diýmek meň ýegenim bolyada 😄
awadan
29 Mart 2025
🐣🐥
awadan
29 Mart 2025
Tuweleme öz gyzjagazynmy bujagaz ýa jigiñmi 🥰😘🧿
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.