Dowran...
06.04.2020 12:43
Ikiçäk gürrüñ

Ilkinji söýgüden gaýdanda badym, Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň. Men saňa düşünýän: sen şeýle adam Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy (şüphe bolmaz ýüregimiň päkdigne). Ynansamam başky söýgiň bardygyna, Ynanamok başga söýgiň ýokdygyna.

Ynha dymyp dursyň meniň garşymda Egniň ketenili başyň öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme ūçin biz ýeke gezek söýmeli.

Öziñ dek bir gyzy söýüpdim menem,
Ol başgany söýdi ol indi ene.
Öñkidenem otly , çuñ söýgi bilen
Men ikinji gezek söýýärin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik
Gel onda biz şol düzgüni pozaly
Söýgi kitabyny iki söz bilen
- Başarsañyz söýiñ ! Diýip ýazaly.

Halyl Kulyýew
14
644
Dowran...
06.04.2020 00:49
Ömrüme pent

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse – gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegibir gyňaja daňyp git.

Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

Kerim Gurbannepesow
9
448
Dowran...
05.04.2020 17:42
Ýatlama

Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýädy.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol köne dünýäniň birje şapbady.

...Başymyza kagyz papak geýişip,
Ýagyş ýagsa ylgaşardyk daşary.
«Saňa gyzyl, maňa ýaşyl» diýişip,
Paýlaşardyk giden älemgoşary.

Çybykdan at ýasap, kagyzdan gamak,
Özümiz hem gamak kimin ýüwrerdik.
«Garrry mama ekýär!» diýip kömelek,
At jylawyn Könegala öwrerdik.

Atam bir gün çagyrdy-da ýanyna,
Salgy berdi ýorunjaly bir peli.
Diýdi: «At çapyşyň ýarýar janyma,
Hany, ot ýygşyňam synap göreli!»

Ýitije oragym elime alyp,
Egnime-de atyp akja torbany,
Gyratyň bykynna bir gamçy çalyp,
Tozana garypdym bütin obany.

Orajygmy emelsizje oýnadyp,
Ýorunjany gyrçyldadyp kesýärkäm,
Tirkeş-tirkeş goýuşyma syn edip,
Kinniwanja dessejikler ýasýarkam,

Gökje-gökje, zire-zire güllerden
Aýagyma zerrejikler gaçýardy.
Ýüzlerçe kebelek ýüzlerçe ýerden
Ýüzlerçe gülleri ogşap gaçýardy.

Dykalap-dykalap, agzyny bogup,
Torbajygymy egne atan badyma,
Gulagmyň düýbüne bir şapbat degip,
Özümden gidenim düşýär ýadyma.

Tenimi parçalan ol gara penjäň
Eýesi Kimdigin bilebilmändim.
Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň
Ýüzin ýazlyp, gaýdyp galabilmändim...

Ýer-suw paýlananda bize ýetenmiş
Şol meni uranyň ýorunja peli.
Janajygna meň ýakamdan tutanmyş
Onuň gan dökmäge öwrenen eli.

Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýady.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol biweç dünýäniň soňky şapbady.

Kerim Gurbannepesow
12
854
Dowran...
04.04.2020 00:22
Gitme ýok

Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow
15
882
Dowran...
04.04.2020 00:07
Göwnüme degme

Birinden eşitdim, atypsyň pitjin,
Tarypçy bilbiliň göwnüne degme.
Şondan erbet-erbet gümana gitdim,
Aşyklar içinde gowyňa degme.

Yşkda ot bar, yşk diňe bir bägül däl,
Ol haýsy aşykmyş bagry dagly däl?!
Söýgi hakdan, söýgi bize bagly däl,
Şuny açyk aýdýan weliňe degme.

Ýanyňa gelmişem gorka-gorka, ýar,
Sen gaşyňy çytsaň, aklym dargaýar.
Hany ol diýeniň “Aga, arka dag!”
Men seniň ulyň-a, ulyňa degme.

Gözellikde sen bir bagty getiren,
Saňa mynasyp däl ýeke setirem.
Seniňem aýbyňy aýdyp oturan,
Çaga dek dogruçyl göniňe degme.

“Diňe ýoldaşlygy oňat” diýdiň sen,
“Seni söýüp bilmen, nokat!” diýdiň sen.
“Şygyr-gazalyňy tüket” diýdiň sen,
Gaty haýyş edýän, şunyma degme.

Italmaz Akmyradow
14
784