Dowran...
04.04.2020 00:22
Gitme ýok

Maňa —
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa —
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.

Gurbannazar Ezizow
15
882
Dowran...
5 Aprel 2020
Bolya yegen hokman soraryn arkayyn bolay
Bagtym bol sen
5 Aprel 2020
Dowran dayy halki soragymyñ jogabyna garaşjakdyryn menem?bilip berayinďa???
Dowran...
5 Aprel 2020
Salam Bahar yegen gowymy yagdayyn janyn sagmy ay gaty gorme yegen men pikirlendim derrew yzyma cykyp gitmek niyetim bardy yone so sozi dusindireyin diyip boyun aldym kop adamlar gozlap kan adamdan soradyk indi aytman gitmayin diydim men giren wagtym koplenc sen icinde dal son un yazman cykayyanda
Gunça
5 Aprel 2020
Örân gowy goşgy.????
Bagtym bol sen
5 Aprel 2020
Xm bolya Dowran dayy garashyan jogabynyza sabyrsyzlyk bilen
Baharjyk❣
5 Aprel 2020
Way dayy gelim diyip aytmaly dalmay. Senmikanem diydimle.
Dowran...
5 Aprel 2020
Bah yegen sony anyk bilemok dogursy soramogam yone gazmaga gidyan ka wagt komege welin pilde bellik bar ikisinin tapawuda bar ony bilyan yone men anyk bilemok sebabini

Ony iki gundrn sorap bererin men bir gosgyny owrenmage hajy agalara barmaly sonda soraryn
Bagtym bol sen
5 Aprel 2020
Name un ayal adam olende yagny ayal adam jaylananda erkek adamynkydan bir depik aşakda jaýlanya? taryh mollum beripdi shu soragy vn anyk jogabyny bilmedimda
Dowran...
5 Aprel 2020
Sora kumus
Dowran...
5 Aprel 2020
Bolya yegen gowy bolsanyz nace wagt durjagym belli dal on bir zat owrenip aydayyn dp soz beripdim bir sahyra sony bildim aydayyn dp girdim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.