Dowran...
05.04.2020 17:42
Ýatlama

Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýädy.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol köne dünýäniň birje şapbady.

...Başymyza kagyz papak geýişip,
Ýagyş ýagsa ylgaşardyk daşary.
«Saňa gyzyl, maňa ýaşyl» diýişip,
Paýlaşardyk giden älemgoşary.

Çybykdan at ýasap, kagyzdan gamak,
Özümiz hem gamak kimin ýüwrerdik.
«Garrry mama ekýär!» diýip kömelek,
At jylawyn Könegala öwrerdik.

Atam bir gün çagyrdy-da ýanyna,
Salgy berdi ýorunjaly bir peli.
Diýdi: «At çapyşyň ýarýar janyma,
Hany, ot ýygşyňam synap göreli!»

Ýitije oragym elime alyp,
Egnime-de atyp akja torbany,
Gyratyň bykynna bir gamçy çalyp,
Tozana garypdym bütin obany.

Orajygmy emelsizje oýnadyp,
Ýorunjany gyrçyldadyp kesýärkäm,
Tirkeş-tirkeş goýuşyma syn edip,
Kinniwanja dessejikler ýasýarkam,

Gökje-gökje, zire-zire güllerden
Aýagyma zerrejikler gaçýardy.
Ýüzlerçe kebelek ýüzlerçe ýerden
Ýüzlerçe gülleri ogşap gaçýardy.

Dykalap-dykalap, agzyny bogup,
Torbajygymy egne atan badyma,
Gulagmyň düýbüne bir şapbat degip,
Özümden gidenim düşýär ýadyma.

Tenimi parçalan ol gara penjäň
Eýesi Kimdigin bilebilmändim.
Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň
Ýüzin ýazlyp, gaýdyp galabilmändim...

Ýer-suw paýlananda bize ýetenmiş
Şol meni uranyň ýorunja peli.
Janajygna meň ýakamdan tutanmyş
Onuň gan dökmäge öwrenen eli.

Ýaşym ýaňyrajyk otuzdan ötdi.
Men täze dünýäniň täze zürýady.
Ýöne weli, dostlar, maňa-da ýetdi
Şol biweç dünýäniň soňky şapbady.

Kerim Gurbannepesow
12
854
BAHARJYK❣❣
5 Aprel 2020
Yok chromadan galamdaslar diysenem cykarya. Son agza bolyan onnan name etmelidigine dusunemok. Men agza bollum.
Bagtym bol sen
5 Aprel 2020
Uffff menem dushunemok Bahar play marketden kiytaphana almalymy ilki
BAHARJYK❣❣
5 Aprel 2020
Ufff dayy mena dusunemok regs bollum yone.
Bagtym bol sen
5 Aprel 2020
Dayy galamdaş dp chromada poisk bermlimi???men play marketden alamlymyka diyipdirna
Dowran...
5 Aprel 2020
Girdin yone okap bilmedinmi her eserin asagynda yasyl dowamy diyip durandyr sona basyan dowamyny okayan son asakda esere teswir komentariya yazylandyr dusnikla
BAHARJYK❣❣
5 Aprel 2020
Dayy yaman dusnuksizlay.
Dowran...
5 Aprel 2020
Bolya ana tuweleme yegen eyyam giripdir siz registrasya bolup oz adynyzdan eserlerinizi ugradyp bilyaniz we beren bahalaryny dinlap netije cykaryp bilersiniz
Dowran...
5 Aprel 2020
Hic zat bolanok yegen sen giren bolsan bir gosgyny oka son asagyndan sol gosga yazylan teswirleri oka ana senem solar yaly teswir yazyp bilyan
Myhman Myhman
5 Aprel 2020
Bolýa synanyşyp gôrerin geçen aýda birlešmä gitmedim hić ýûregim git diýmedi bilmedim indi halypalary şahyrlary juda gõresim diñläsim gelýä
BAHARJYK❣❣
5 Aprel 2020
Dayy galamdasa men girip gordum registrasiya bolsan name bolya.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.