Dowran...
06.04.2020 00:49
Ömrüme pent

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse – gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegibir gyňaja daňyp git.

Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

Kerim Gurbannepesow
9
448
Myhman Myhman
6 Aprel 2020
Hawa ylalaşýan siz bilen men bir zady bilýän şahyr õlûp gitýä wagty gelse ýõne õlmez ýüregi weli ýaşaýa
Dowran...
6 Aprel 2020
Yenede bir zat so eserin gowsakdygyny bilman gowy diyyan bolsalar ne yagsy yone bilip basga bir bahbit un gowy diyseler ol eyyam basga gep kanunyn onindede dindede bilman totanlikde edilen guna bn bilgesleyin bilkastlayyn edilen gunan tapawudy bolusy yaly edebiyatdada bar yuz gorip gapyrga syrsan edebiyatyn osmez hany gurbannazar eziz kerim gurbannepes halyl kuly ata gowsut we sm soz ussatlary name indi doranok

Tankyt bolmasa azajyk jogapkqrcilik duyulmasa edebyat millilik dil yoyulyp barya hazir azajyk hay diyilmese duzedilmese bolmaz bu men pikirim turkmende giwy soz bar özini tanan weli diyya
Dowran...
6 Aprel 2020
Bolya ever barde paylasmak islemeseniz galamdasa goyun nahili girip bildinizmi galamdasa

Galamdasda oz adynyz bn paylassanyz son bir yazyjy sizin pikirinizi ulansada derrew bilyaler we aydyalar on okalan eser yada planyn eserine menles diyip gowy tarapy sol

Ine siz men pikirimi bildiniz son un sag bolun name kerim aga diyyara icerde otursam yuregim gysya dasa cyksam asman depamden basya diyip son diyisi yaly kemciligi gorip gurlemesen bir dal gurlesen iki dal halanoklar onson gormez arkasy ýeñer edaymeli diyip cykdym onem yene so pikir bn girdim size su sozi dusindirmek un indi bilemok yenede meñ peltäme ýag damdyrýan zat hemme taraplayyn pes bolsada sony owip arsa cykaryalar ana ola in erbedi onson basarsan diliñi disli galada saklamaly bolya
Dowran...
6 Aprel 2020
Howa yegen sen sahyryn gowy gosgusy su
Myhman Myhman
6 Aprel 2020
He men ýazyp boldum diýen ýaly biraz seretdip dúzetmeli ýerleri ba bir täzelik girizmek isledim baša bardymy bilmedim

pikiriñ gowy diýdi Seýdille halypa intäk hiç kime ýetirmedim dogrusy M

Hem siz ćykmak isleýän diýipsiñiz dogry bizde şahyr bolup goşgudada akyl satsañ halanmaýan zat weli šony şutaýda satjak bolýanlara çyndanam bir zat diýip de gôwnûne degesiñem gelenok
Dowran...
6 Aprel 2020
Siz bir oylanma yazyan diyipdiniz gutarmadynyzmy yazyp
Dowran...
6 Aprel 2020
Howa yurege tasir edyan setirler gowy gosgy
BAHARJYK❣❣
6 Aprel 2020
Sag bol dayy gowy goryan sahyrym. ❤❤
Myhman Myhman
6 Aprel 2020
Sag boluñ "merhum ene " diýlen setirde uzak oturdym gõzûm ýaşly näçe mertlige salmaga çalyşsamam ol güýçli geläýä(M)
Nuran
6 Aprel 2020
Men soyyan goşgymm ❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.