Dowran...
06.04.2020 12:43
Ikiçäk gürrüñ

Ilkinji söýgüden gaýdanda badym, Indi maňa söýmek ýokdur diýýärsiň. Men saňa düşünýän: sen şeýle adam Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň.

Men bolsa bu söze henizem garşy (şüphe bolmaz ýüregimiň päkdigne). Ynansamam başky söýgiň bardygyna, Ynanamok başga söýgiň ýokdygyna.

Ynha dymyp dursyň meniň garşymda Egniň ketenili başyň öýmeli.
Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde
Näme ūçin biz ýeke gezek söýmeli.

Öziñ dek bir gyzy söýüpdim menem,
Ol başgany söýdi ol indi ene.
Öñkidenem otly , çuñ söýgi bilen
Men ikinji gezek söýýärin ýene.

Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik
Gel onda biz şol düzgüni pozaly
Söýgi kitabyny iki söz bilen
- Başarsañyz söýiñ ! Diýip ýazaly.

Halyl Kulyýew
14
644
gulshatayewa97
7 Aprel 2020
Menem öň goýupdm şu goşgyny?
Myhman myhman
6 Aprel 2020
Sag bolun ullakan hazir alyp goreyin hany
Dowran...
6 Aprel 2020
Salam myhman seret kitaphana alan bolsan ozinize kitap saklanyan polka boldygy pdf gornusli yene bir programma skacat edip alyn son kitaphanadan yuklap alan kitabynyzy so pragrammada okamaly

Kitaphanan ozinde okap bolanok ondan yukle diyip durandyr sony basyp yuklemeli son aldiko diyip bardy yalnysmasam gornusi kan pdf gornisli bir kitap polka alsanyz bolany yokarda bir yerda men adyny yazypdym son

Myhman play markede pdf aldiko dp yazyn bir giden kitap okalyan cykar ana sol pragramman islendigini alyn son yuklap alan kitabynyzy so pragrammada okap bilersiniz men su gunki postumda so pragrammalan suratyny goyaryn
Myhman Myhman
6 Aprel 2020
Salam Dowran .Mana kitaphana progyny nadip isletmelisini kyn gormeseniz aydayynda owredeninizi okadym yone dusunmedim progy skacat etdim yone kitaplary okap bolonoga???
L-minikkalpler
6 Aprel 2020
?????
BAHARJYK❣❣
6 Aprel 2020
???
Dowran...
6 Aprel 2020
Sps
Karaleva
6 Aprel 2020
gowy??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.