Dovlet Ashyrov
25.06.2023 17:20
Dälihana täze bellenen baş lukman koridorlarda aýlanyp ýörkä, 30-40 däli nobata durup, bir gapydaky deşikden seredýärler. Munuň nämedigi bilen gyzyklanýan baş lukman deşikden synlamaga synanyşanda, däliler lukmany itekläp:
👤- Beýtmesene how bizem nobata durus göreňokmy? Bar senem deşikden seredesiň gelse nobata dur;
diýip, lukmany yza zyňdylar. Umytdan düşen lukman nobatyna durup, 20 minut garaşdy, nobaty gelende deşikden seretdi, ýöne hiç zat görüp bilmedi. Bu aralykda, nobatyna garaşýanlar:
👤- A how süýşsene indi gyra, biziňem işimiz, güýjümiz bar. Saňa garaşmana ýagdaý ýok bärde;
diýip, lukmany bir gyra iteklediler. Seredýän zadyndan hiç zada düşünip bilmedik lukman ýene nobata durdy, 20 minut garaşyp, nobaty gelende, ýene hiç zat görüp bilmedi. Arkasyndakylar ony ýene iteklediler we bir gyra zyňdylar. Şondan soň ýaş lukman dälilere:
🧑🏻⚕️- Oglanlar, men iki gezek seretsem-de hiç zat görüp bilmedim, näme üçin beýle?
Gapdalyndäki däli:
👤- Sen iki gezek seredip zat görjek bolýaňmy? Biz 10 ýyllap seredip hiç zat görüp bilemizok🤣🤣🤣
37
467
Dovlet Ashyrov
24.06.2023 14:08
Iki ýewreý dost Aron bilen Moriz biznes gurmaga çalyşýalar we bular şu ýyl nas reňkli matanyň moda boljagyny özleriçe anyklap, barja-ýokja emläklerini satyp, ähli pullaryna nas reňkli matany alýalar. Öz ambarlaryny nas reňkli matadan doldurdylar. Aradan ep-esli wagt geçensoň, nas reňkli matany almaga beýlede dursyn, bahasyny sorap gelýänem ýok diýýä. Bular bankrodyň bosagasyna düşýäler. Aron we Moriz dertlerini nädip çözjeklerini bilenokdy. Hersi öýüň bir burçunda "indi näme etmeli" - diýip pikirlenýärdiler. Bir gün bular otyrka gapy kakyldy we içeri polkownik girip:
👨🏼✈️- Sizde nas reňkde mata barmy?
Aron bilen Moriz gulaklaryna ynanyp bilmediler. Olar derrew howsala bilen:
👨🏻🦱- Howwa, howwa polkownik bar. Ýöriň size görkezeliň.
- diýip bular nas reňkdäki matany görkezdiler.
Polkownik matalary üns bilen gözden geçirdi:
👨🏼✈️- Men muny gaty haladym. Biz bu ýyl esgerler üçin 200.000 we ofiserler üçin 50.000 matany zakaz ederis. Elbetde, meniň ýeke özümiň halamagym ýeterlik däl. Muňa Generalyňam razylygy gerek bolar. Şonuň üçin siz mundan bir bölek beriň. Men ony Generala görkezeýin, eger halamasa men size poçta üsti bilen hat ýollaryn. Eger-de halasa onda ýollamaryn we siz sagat 12:00-dan soň matalary kesip taýynlap önümçilige başlaberersiňiz
- diýip çykyp gitdi.
Bular üçin şol gije tükeniksiz boldy, käwagt umytlandylar, käwagt "birden general halamasa nähili bolar" diýip pikir etdiler. Ertesi gün sagat 11:00, 11:30, 11:45 bularyň gözleri ýolda, poçta işgärine gorky bilen garaşýadylar. Gelmezligi üçin dileg etdiler. Sagat 11:55 aralygynda poçta işgäri köçäniň bir burçunda peýda boldy. Bular "Belki, bize gelmez" diýip umyt etdiler. Emma poçta işgäri gelip, gapysyny kakdy. Moriz uly umytsyzlyk bilen oturgyjyň üstünde otyrdy we Aron umytsyzlyk bilen gapyny açdy. Poçta işgäriniň elinde hat bardy, titrän elleri bilen Aron haty açdy, ony okady we begenç bilen gygyrdy:
👨🏻🦱- "Buşluk Moriz, kakaň ölüpdir! .." 🤣🤣🤣(Ýewreýleriň aňy biznes logikasy üçin gowy işleýär. Bu bir degişmedir)
30
408
Dovlet Ashyrov
23.06.2023 11:36
Bir adam bir obanyň kafesine gelýär we bulara ýüzlenýär:
👨🏻🦱- Adamlar meni diňläň! Men ýene 30 ýyldan şu kafe gelerin diýýär we gidýär.
Kafedäki adamlar "Adam däli bolmaly" diýip pikir edip kän gyzyklanmaýalar.
Aradan 30 ýyl geçýär.
Şol adam ýene kafe gaýdyp gelýär.
👨🏻🦱- Adamlar ýadyňyzdamy, men size 30 ýyl mundan ozal şu kafe geljekdigimi aýtdym. Inede geldim.
Elbetde, käfedäki adamlar geň galýar.
👨🏻🦱- Men ýene 30 ýyldan gelerin
diýip ýene gidýär.
Aradan 30 ýyl geçýär. Nesiller üýtgeýär. Ol adam ýene kafe gelip:
👨🏻🦱- Serediň ýigitler, men kakalaryňyza aýtdym, 30 ýyl soň şu kafe geljek diýip, inede geldim.
Kafedäki ýaş ýigitler muňa geň galýar.
Aradan 30 ýyl geçýär we ol ýene kafe gelýär.
👨🏻🦱- Adamlar men ýadyňyzdamy? 30 ýyl ozal ýene gelerin diýipdim, inede geldim. Ýene 30 ýyl soň gaýdyp gelerin we çagalaryňyza şol bir zady aýdaryn diýýär we gidýär.
Aradan 30 ýyl geçýär we ol ýene kafe gelýär.
👨🏻🦱- Serediň ýigitler, men atalaryňyza aýtdym. Kakalaryňyza aýtdym, indi size aýdýan, 30 ýyldan soň ýene bu ýere gelerin diýýär we gidýär.
Olaryň içinden biri:
🧑🏻🦱- Ýigitler maňa atamam, kakamam aýdypdy şu adamy. Bu adam näme üçin ölmeýär. Muny näme ýalkady? Ýöriň molla gideliň we munyň sebäbini öwreneliň diýip bular mollaň ýanyna gitdiler.
Mollaň ýanyna baryp bu wakany gürrüň berýärler.
Molla:
👳- Men bu gije düýş görmäne ýataýyn we Ezraýyldan soraýyn, munyň näme üçin janyny almaýanyny we ertir irden size habar bererin.
Molla gije düýşünde Ezraýyl bilen gürleşýär:
👳- Eý Ezraýyl näme üçin bu adamyň janyny almaýarsyň?
Ezraýyl:
- Bir wagtlar bu adam Alladan bir dileg etdi we ol kabul boldy.
👳- Näme dileg etdi?
- Eý Hudaýjan, men lotoreýadan tä pul utýançam meniň janymy alma diýdi.
👳- Hudaý muny kabul eden bolsa lotoreýadan utduryp bilmezmi?
- Elbetde utduryp biler, ýöne ol haramzada bilet alanokda🤣🤣🤣
44
520
Dovlet Ashyrov
19.06.2023 22:57
Bir gün dünýäniň iň gowy agendi saýlanýarmyş. Elbetde, agent bolmak üçin hemme taraplaýyn urga çydamly bolmaly. Ilki bilen Iňlis agendini çagyrýalar. Bir adam onuň gulagyna bir söz aýtjagyny ýöne bu sözi aýtmazlyga synanyşmalydygyny, eger çydap bilseň egzaminden geçjekdigini aýdýar. Olaryň biri adamyň gulagyna "sürpriz" diýýär we ony urup, gynap başlaýalar. Iňlis agendi zordan 1 sagat çydaýar we "aýdan sözi sürpriz, men indi çydamok" diýýär. Fransuz agentiniň nobaty gelýär we oňa şol bir zady aýtýalar. Fransuz 3 sagat çydaýar we ahyrynda "sürpriz diýdiňiz çydap bilemok" diýýär. Ondan soň Türkmen gelýär. Onyňam gulagyna "sürpriz" diýip urup kül etmäne başlaýalar. Aradan birnäçe sagat geçýär, biziňkiden hiç hili ses ýok. Ahyrsoňy, urgulary eden adamlar ýadap Türkmeni bir jaýa salyp, gulplap, ertir dowam etjeklerini aýdyp gidýäler. Agşam Türkmeniň ýatan jaýyndan bir düňkildi sesler eşidilýär. Garagullar muny eşidip, ylgaşyp onuň ýanyna tarap barýalar. Baryp görseler Türkmen kellesini diwara gaýtalap urup:
- Bläää... Näme sözdi? Ýadyňa sal! Seni samsyk nädip unutdyň. Daň atyp gelýä, ýadyňa sal...🤣🤣🤣
36
498
Dovlet Ashyrov
19.06.2023 18:05
Bir gün bir adam saglygyny barlatmak üçin aýaly bilen lukmana gidýär. Barlag gutarandan soň, erkek geýinip barýarka, lukman barlag otagyndan çykyp, aýalyň ýanyna gelip kagyza bir zatlar ýazyp, aýala okap berýär:
🧑🏻⚕️- Eger ýoldaşyňyzyň ölmezligini isleýän bolsaňyz, sen şu zatlary berjaý etmeli bolarsyň;
1. Irden turan wagty ýylgyryş bilen oýaryp ajaýyp ertirlik taýýarlaň we bagtly işe gidýändigine göz ýetiriň.
2. Günortan öýüne gelende, ýylgyryp salamlaşyň we ajaýyp günortanlyk nahary bilen öýde onuň gadryny bildiriň. Şeýlelik bilen, günüň galan bölegini gowy geçirmäge kömek ediň.
3. Agşam öýüne gelende ýeňil, ýöne esasanam, halaýan lezzetli naharlaryny taýýarlaň.
4. Hepdede azyndan üç gezek bile boluň, islese has köp. Doly kanagatlanandygyna göz ýetiriň;
🧑🏻⚕️- Meniň şu ýazanlarymy doly ýerine ýetirseňiz, äriňde saglyk meselesi bolmaz.
Är-aýal öýe gelenlerinde, erkek aýalyndan soraýar:
👨🏼- Lukman men hakda saňa näme diýdi?
👩🏼🦱- Öljekmişsiň:)
35
490