Bir gün bir adam saglygyny barlatmak üçin aýaly bilen lukmana gidýär. Barlag gutarandan soň, erkek geýinip barýarka, lukman barlag otagyndan çykyp, aýalyň ýanyna gelip kagyza bir zatlar ýazyp, aýala okap berýär:
🧑🏻⚕️- Eger ýoldaşyňyzyň ölmezligini isleýän bolsaňyz, sen şu zatlary berjaý etmeli bolarsyň;
1. Irden turan wagty ýylgyryş bilen oýaryp ajaýyp ertirlik taýýarlaň we bagtly işe gidýändigine göz ýetiriň.
2. Günortan öýüne gelende, ýylgyryp salamlaşyň we ajaýyp günortanlyk nahary bilen öýde onuň gadryny bildiriň. Şeýlelik bilen, günüň galan bölegini gowy geçirmäge kömek ediň.
3. Agşam öýüne gelende ýeňil, ýöne esasanam, halaýan lezzetli naharlaryny taýýarlaň.
4. Hepdede azyndan üç gezek bile boluň, islese has köp. Doly kanagatlanandygyna göz ýetiriň;
🧑🏻⚕️- Meniň şu ýazanlarymy doly ýerine ýetirseňiz, äriňde saglyk meselesi bolmaz.
Är-aýal öýe gelenlerinde, erkek aýalyndan soraýar:
👨🏼- Lukman men hakda saňa näme diýdi?
👩🏼🦱- Öljekmişsiň:)