Dovlet Ashyrov
23.06.2023 11:36
Bir adam bir obanyň kafesine gelýär we bulara ýüzlenýär:
👨🏻‍🦱- Adamlar meni diňläň! Men ýene 30 ýyldan şu kafe gelerin diýýär we gidýär.
Kafedäki adamlar "Adam däli bolmaly" diýip pikir edip kän gyzyklanmaýalar.
Aradan 30 ýyl geçýär.
Şol adam ýene kafe gaýdyp gelýär.
👨🏻‍🦱- Adamlar ýadyňyzdamy, men size 30 ýyl mundan ozal şu kafe geljekdigimi aýtdym. Inede geldim.
Elbetde, käfedäki adamlar geň galýar.
👨🏻‍🦱- Men ýene 30 ýyldan gelerin
diýip ýene gidýär.
Aradan 30 ýyl geçýär. Nesiller üýtgeýär. Ol adam ýene kafe gelip:
👨🏻‍🦱- Serediň ýigitler, men kakalaryňyza aýtdym, 30 ýyl soň şu kafe geljek diýip, inede geldim.
Kafedäki ýaş ýigitler muňa geň galýar.
Aradan 30 ýyl geçýär we ol ýene kafe gelýär.
👨🏻‍🦱- Adamlar men ýadyňyzdamy? 30 ýyl ozal ýene gelerin diýipdim, inede geldim. Ýene 30 ýyl soň gaýdyp gelerin we çagalaryňyza şol bir zady aýdaryn diýýär we gidýär.
Aradan 30 ýyl geçýär we ol ýene kafe gelýär.
👨🏻‍🦱- Serediň ýigitler, men atalaryňyza aýtdym. Kakalaryňyza aýtdym, indi size aýdýan, 30 ýyldan soň ýene bu ýere gelerin diýýär we gidýär.
Olaryň içinden biri:
🧑🏻‍🦱- Ýigitler maňa atamam, kakamam aýdypdy şu adamy. Bu adam näme üçin ölmeýär. Muny näme ýalkady? Ýöriň molla gideliň we munyň sebäbini öwreneliň diýip bular mollaň ýanyna gitdiler.
Mollaň ýanyna baryp bu wakany gürrüň berýärler.
Molla:
👳- Men bu gije düýş görmäne ýataýyn we Ezraýyldan soraýyn, munyň näme üçin janyny almaýanyny we ertir irden size habar bererin.
Molla gije düýşünde Ezraýyl bilen gürleşýär:
👳- Eý Ezraýyl näme üçin bu adamyň janyny almaýarsyň?
Ezraýyl:
- Bir wagtlar bu adam Alladan bir dileg etdi we ol kabul boldy.
👳- Näme dileg etdi?
- Eý Hudaýjan, men lotoreýadan tä pul utýançam meniň janymy alma diýdi.
👳- Hudaý muny kabul eden bolsa lotoreýadan utduryp bilmezmi?
- Elbetde utduryp biler, ýöne ol haramzada bilet alanokda🤣🤣🤣
44
520
olaa
29 Awgust 2023
😅
asdfg
16 Iýul 2023
Gowy eken🤣🤣
3006
9 Iýul 2023
Super
king_manner
8 Iýul 2023
😅😅🤣🤣
moom
5 Iýul 2023
🤣🤣🤣😂
Akgyz💗
3 Iýul 2023
😅t
mmmma
2 Iýul 2023
😄😄😄
jdidar
1 Iýul 2023
Degişme ekena başy rowayat ýaly
nanana
28 Iýun 2023
😅😅😅
Dovlet Ashyrov
24 Iýun 2023
@durdane, tymsal goýsam aglamagyňyz mümkin:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.