Bir gün dünýäniň iň gowy agendi saýlanýarmyş. Elbetde, agent bolmak üçin hemme taraplaýyn urga çydamly bolmaly. Ilki bilen Iňlis agendini çagyrýalar. Bir adam onuň gulagyna bir söz aýtjagyny ýöne bu sözi aýtmazlyga synanyşmalydygyny, eger çydap bilseň egzaminden geçjekdigini aýdýar. Olaryň biri adamyň gulagyna "sürpriz" diýýär we ony urup, gynap başlaýalar. Iňlis agendi zordan 1 sagat çydaýar we "aýdan sözi sürpriz, men indi çydamok" diýýär. Fransuz agentiniň nobaty gelýär we oňa şol bir zady aýtýalar. Fransuz 3 sagat çydaýar we ahyrynda "sürpriz diýdiňiz çydap bilemok" diýýär. Ondan soň Türkmen gelýär. Onyňam gulagyna "sürpriz" diýip urup kül etmäne başlaýalar. Aradan birnäçe sagat geçýär, biziňkiden hiç hili ses ýok. Ahyrsoňy, urgulary eden adamlar ýadap Türkmeni bir jaýa salyp, gulplap, ertir dowam etjeklerini aýdyp gidýäler. Agşam Türkmeniň ýatan jaýyndan bir düňkildi sesler eşidilýär. Garagullar muny eşidip, ylgaşyp onuň ýanyna tarap barýalar. Baryp görseler Türkmen kellesini diwara gaýtalap urup:
- Bläää... Näme sözdi? Ýadyňa sal! Seni samsyk nädip unutdyň. Daň atyp gelýä, ýadyňa sal...🤣🤣🤣