Dovlet Ashyrov
25.06.2023 17:20
Dälihana täze bellenen baş lukman koridorlarda aýlanyp ýörkä, 30-40 däli nobata durup, bir gapydaky deşikden seredýärler. Munuň nämedigi bilen gyzyklanýan baş lukman deşikden synlamaga synanyşanda, däliler lukmany itekläp:
👤- Beýtmesene how bizem nobata durus göreňokmy? Bar senem deşikden seredesiň gelse nobata dur;
diýip, lukmany yza zyňdylar. Umytdan düşen lukman nobatyna durup, 20 minut garaşdy, nobaty gelende deşikden seretdi, ýöne hiç zat görüp bilmedi. Bu aralykda, nobatyna garaşýanlar:
👤- A how süýşsene indi gyra, biziňem işimiz, güýjümiz bar. Saňa garaşmana ýagdaý ýok bärde;
diýip, lukmany bir gyra iteklediler. Seredýän zadyndan hiç zada düşünip bilmedik lukman ýene nobata durdy, 20 minut garaşyp, nobaty gelende, ýene hiç zat görüp bilmedi. Arkasyndakylar ony ýene iteklediler we bir gyra zyňdylar. Şondan soň ýaş lukman dälilere:
🧑🏻‍⚕️- Oglanlar, men iki gezek seretsem-de hiç zat görüp bilmedim, näme üçin beýle?
Gapdalyndäki däli:
👤- Sen iki gezek seredip zat görjek bolýaňmy? Biz 10 ýyllap seredip hiç zat görüp bilemizok🤣🤣🤣
37
467
mmmma
2 Iýul 2023
😆😆😆
jdidar
1 Iýul 2023
Hayyyy 😅😅😅😅😅😅🤣🤣🤣🤣
gulshatayewa97
30 Iýun 2023
Güldüm çnm bn😂😂😂
bekbayewa
27 Iýun 2023
.....
dowletmyrat1990
26 Iýun 2023
🤣
işan
26 Iýun 2023
Wah wah ýene däliler 🤣🤣 dovlet ashyrov gowy degişmeler hemde ýazylşy örän gowy hem dusnukli 👍👍👏👏
durdane
25 Iýun 2023
Dine dälilerden tutdurýanaý 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.