Iki ýewreý dost Aron bilen Moriz biznes gurmaga çalyşýalar we bular şu ýyl nas reňkli matanyň moda boljagyny özleriçe anyklap, barja-ýokja emläklerini satyp, ähli pullaryna nas reňkli matany alýalar. Öz ambarlaryny nas reňkli matadan doldurdylar. Aradan ep-esli wagt geçensoň, nas reňkli matany almaga beýlede dursyn, bahasyny sorap gelýänem ýok diýýä. Bular bankrodyň bosagasyna düşýäler. Aron we Moriz dertlerini nädip çözjeklerini bilenokdy. Hersi öýüň bir burçunda "indi näme etmeli" - diýip pikirlenýärdiler. Bir gün bular otyrka gapy kakyldy we içeri polkownik girip:
👨🏼✈️- Sizde nas reňkde mata barmy?
Aron bilen Moriz gulaklaryna ynanyp bilmediler. Olar derrew howsala bilen:
👨🏻🦱- Howwa, howwa polkownik bar. Ýöriň size görkezeliň.
- diýip bular nas reňkdäki matany görkezdiler.
Polkownik matalary üns bilen gözden geçirdi:
👨🏼✈️- Men muny gaty haladym. Biz bu ýyl esgerler üçin 200.000 we ofiserler üçin 50.000 matany zakaz ederis. Elbetde, meniň ýeke özümiň halamagym ýeterlik däl. Muňa Generalyňam razylygy gerek bolar. Şonuň üçin siz mundan bir bölek beriň. Men ony Generala görkezeýin, eger halamasa men size poçta üsti bilen hat ýollaryn. Eger-de halasa onda ýollamaryn we siz sagat 12:00-dan soň matalary kesip taýynlap önümçilige başlaberersiňiz
- diýip çykyp gitdi.
Bular üçin şol gije tükeniksiz boldy, käwagt umytlandylar, käwagt "birden general halamasa nähili bolar" diýip pikir etdiler. Ertesi gün sagat 11:00, 11:30, 11:45 bularyň gözleri ýolda, poçta işgärine gorky bilen garaşýadylar. Gelmezligi üçin dileg etdiler. Sagat 11:55 aralygynda poçta işgäri köçäniň bir burçunda peýda boldy. Bular "Belki, bize gelmez" diýip umyt etdiler. Emma poçta işgäri gelip, gapysyny kakdy. Moriz uly umytsyzlyk bilen oturgyjyň üstünde otyrdy we Aron umytsyzlyk bilen gapyny açdy. Poçta işgäriniň elinde hat bardy, titrän elleri bilen Aron haty açdy, ony okady we begenç bilen gygyrdy:
👨🏻🦱- "Buşluk Moriz, kakaň ölüpdir! .." 🤣🤣🤣(Ýewreýleriň aňy biznes logikasy üçin gowy işleýär. Bu bir degişmedir)