Bio_girl👩‍🔬💫
21.03.2024 13:01
Talyp, talyplygyñ çyn bolyan bolsa,

Talyp, talyplygyñ çyn bolyan bolsa,
Okuw okap, diplomyñy alyp git.
Talyplyk düshünjä çuñ bolýan bolsa,
Ýatyp, turup, okap, ýatyp, turup git.

Hem kopýa ber, hem kopýadan akyl al,
Kitapdan däl, internetden nakyl al,
Alan balyñ gözlerine basyp al,
Kopýalaryñy bildirmanjik zyñyp git.

Ders wagtynda mugallymlaryña belet bol,
Ders soralsa depderñe seret bol,
At soralsa Serdar, Mekan, Meret bol,
Adyñ aýtman bashga biri bolup git.

Synag döwri kynlyk bilen geçiler,
Kelle agyrtman göni kopýa açylar,
Dersden gaçsa hemme üýshüp gaçylar,
Tutulaýsañ, soñ ýene-de ýanyp git.

Bagt paýlansa 3 baýlygy ilki al:
"Dersde ýatmak" bilen "Dersden terki" al,
"Çäreden azat sen" diýen erki al,
Soñ tapylar galan zady zyñyp git.

Köwüsh geý, Tahýa geý, Kastýum geý,
Parhy ýokdur, geýsen bolar talyp deý,
Forma 1'siz talyp bormy heý!?
Dekanyñ ýanynda sessiz, dymyp git.

"Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir!?"
Synagdan ýykylaýsañ kyýamat shodur.
Her "mugallym" atlyga goýmagyn gadyr,
Oñ diñe adyna hormat goýup git.

Ýenip ýasha, dersde, ýyllyk ishde ýeñ,
Dasharda ýeñ, tejribelik ishde ýeñ,
Iñ möhümi bolsa diplom ishde ýeñ,
Ýeñilmegem öwren, ýöne ýeñip git.

Derslere girmegiñ nobaty ýagshy,
Synaga girmegiñ nobaty ýagshy,
Men diñe bir zatda nobata garshy,
Diñe islän wagtyñ çärä gelip git.

Basharsañ talyplañ içine garysh,
Talypdan dost tutun, mugallymdan tanysh,
Mashyn sürmekde dostlañ bilen ýarysh,
Okuwa-da öz ulagña münüp git.

Ýene bir söz magtanmak däl, öwüt däl,
Bu goshgyny okamagyñ sargyt däl,
Muny senden bashga okajak gyt däl,
Ÿöne senem okap, teswir yazyp git.

✍️Nabelli

📌Degisme gornisinde yazylan☺️
48
321
Bio_girl👩‍🔬💫
21.03.2024 00:09
/"İnsan üzüntüsünü her zaman ağlayarak göstermez. Bazen kendine kapanır, sessizliğe bürünür bazen de kendinden beklenmeyen bir tarzda neşeli ve keyifli görünür. Her ağlayanı mutsuz, cesaretsiz ve kırılgan, her güleni de mutlu ve gamsız sanmamak gerekir.❤️‍🩹❤️‍🔥"\
33
79
Bio_girl👩‍🔬💫
20.03.2024 21:56
«Iş Nokady» Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýär.


«Iş Nokady» kompaniýasy Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýändigini habar berýär.

Häzirki zaman dünýäsinde iňlis dili — bu diňe bir tapawutly artykmaçlyk däl-de, eýsem zähmet ýoluňy üstünlikli guramak we ösüş gazanmak üçin zerur şertdir. Duolingo testi iňlis dili bilimini bahalandyrmak üçin standarta öwrüldi we ony üstünlikli geçmegi başarmak daşary ýurtlarda bilimde, işde we beýleki ugurlarda täze mümkinçilikler üçin gapylary açýar.

«Duolingo testine «Iş Nokadynda» taýýarlyk görmek — bu üstünlik gazanmaga bolan ynam! Iňlis diline erkin erk edýän we Duolingo testiniň ähli çylşyrymly taraplaryny gowy bilýän hünärmenlerimiz size giňişleýin goldaw bererler hem-de ýokary netijelere ýetmäge kömek ederler» — kompaniýanyň wekili belleýär.

Bu okuwyň iňlis dilini noldan başlap öwrenmek üçin niýetlenen däldigini bellemelidiris. Ol, esasan, Duolingo testine taýýarlyk görmek üçin niýetlenendir. Okuwlar testi üstünlikli geçmek üçin synag strategiýalaryna, dürli hili tabşyryklara taýýarlanmaga we zerur başarnyklary öwrenmäge gönükdirilendir.

#Turkmenportal
34
116
Bio_girl👩‍🔬💫
19.03.2024 13:49
Salam mahriban agzalar!!!Bugun @jen09 agzamyzyn doglan guni!!!Gelnejemjan uzak yasa biraz irrak goyjakdym velin kabir sevaplere gora gijirak goyuldy!!!Su kicijik sovgadymy kabul et💋Gelnejemjan uzak yasan janynyz sag bashynyz dik elmydama bagtly sadyyan bolun!Size jan saglyk in islenyan bagyt soygi ve islendik isde ustinlik dileyarin!!!Happy birth day!!!💋🥳🎂🎁🎉🪅😘🥰❤

Dunya islerini unudup biraz...
💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐
Mahriban ynsany yatlasym geldi,
💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐
Gymmatly bir setir sozlerim bilen!
💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐
Jennet gelnejem seni gutlasym geldi!
💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐💐

Yene bir gezek uzak yasan💐🪅🎉Happy birth day🎁💋💐🪅🎉
45
138
Bio_girl👩‍🔬💫
18.03.2024 17:52
Geçmegiň gerek...

Belany iterse seniñ üstüñe,
Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek.
Duşman duzak gursa düşüp kassyña,
Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek.

Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal,
Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal,
Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan,
Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek.

Goñşy saýlamakda asla utulma,
Eger zalym bolsa ýokdur gutulma,
Ýok!
Bar ýaly alaç bu agyr zulma,
O ýerden basymrak göçmegiñ gerek.

Ýañsylasa eger bir päli azan,
Güýç bar diý:p göreşme eý dostum Tagan,
Sen güýçli bolsañ-da, ol gara gazan,
Garasy ýokmanka gaçmagyñ gerek

Dostuñ beýgelende, beýgel sen bile, Içiñi köýdürme ýalandan güle,
Büdrände-de eliñ berip sen ele,
Bile gonup bile uçmagyñ gerek.

Watan mukaddesdir şeýle-de galar, Mukaddes ondaky derýalar, daglar,
Oña señ kömegiñ zerurly çaglar,
Aýaman gara der seçmegiñ gerek.

✍️KerimHallyyew
33
39
Bio_girl👩‍🔬💫
17.03.2024 20:41
ÝAGŞY NIÝET

Türkmen halkymyzda «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýlen pähim bar. Bu pähimiň döreýşini şeýleräk bir rowaýat bilen baglanyşdyrýarlar. Aýtmaklaryna görä, has irki döwürlerde keseki ýurtlaryň hanlarynyň biri türkmen sährasynyň goýnunda ýerleşen bir oba jansyz ýollapdyr. Obanyň ýaşaýşyny, ýerleşişini, meşgullanýan kärlerini öwrenmek barada tabşyryk alan hanyň jansyzy ýurtlara aýlanyp ýören jahankeşdäniň keşbine girip, türkmen sähralygyna tarap ýola düşüpdir. Ol ýol söküp barşyna şol barmaly obasynyň çägine aralaşypdyr.
Ol şol oba baranynda obada bir baý-begzada ogluny öýerip, uly toý tutup oturan eken. Hälki «jahankeşdäni» bolsa «toýumyzyň üstüne geldiň, myhmanymyz bolup gidiň» diýip myhman alyp, hezzet-hormat edip, halat-serpaý ýapyp, ýene-de ýoluň düşse biziňkä gelip-geçiň» diýip ugradypdyrlar.
«Jahankeşde» şol aýlanyp, görüp, öwrenip ýörşüne ýene-de bir öýe myhman bolupdyr. Öý eýesi hem ortarak güzeran dolandyrýan daýhan kişi eken. Ol myhmany güler ýüz bilen garşylap, janly soýup, söwüş edipdir. «Jahankeşde» ugrajak wagty hem öý eýesi: «Men bu ýyl bir oglumy öýerdim, geljek ýyl hasylymy ýygnanymdan soň kiçimi öýermekçi. Toýumyza gelip, arzyly myhmanymyz bolsaňyz depämiz göge ýeterdi» diýip gadyrly ugradypdyr.
Jansyz ýene-de öz işi bilen aýlanyberýär. Ähli bilmeli zatlary bilip, maglumatlar bilen tanyş bolansoň, yzyna gaýtmaga hyýallanýar. Şonda ol ýene-de bir öýe myhman bolmagy ýüregine düwýär. Bu gezek onuň baran öýünde adamsy aradan çykan, iki sany ogly bilen galan aýal ýaşaýan eken. Myhmana saçak ýazyp, çaý goýansoň hälki aýal uluja ogluna: «Bar oglum, ketekdäki towugy soý, myhmanyň nesibesi eken. Myhmany söwüşsiz gaýtarmak bolmaýar» diýipdir. Öý eýesiniň ýaşajyk ogly bilen tabakdaş bolup, taýýarlanan tagamdan mazaly geregini edinen myhman gaýtjak wagty daşarda olaryň towuk ketegini synlaýar. Görüp otursa öý eýesi myhmana iň soňky towugyny soýup beren eken. Öý eýeleri bilen hoşlaşyp, biraz ýöränsoň hälki jansyzy birhili düşnüksiz pikirler horlap başlaýar. Ol özüne: «Men bularyň ýurduna gaty erbet niýet bilen gaýdypdym. Bular şeýle sadadan gelen gowy pälli, ýagşy niýetli, giň sährada ýaşaýan, göwünleri hem sähra ýaly giň, arassa adamlar eken. Ketegindäki iň soňkuja towugyny hem myhmanyna hödür etmegi uly mertebe hasaplap, myhman sarpasyny belentde tutýan ile ýamanlyk edeniň özi bir ýalkanarmyka?» diýýär. Ine, şeýle pikirler bilen jansyz birden pälinden gaýdyp, yzyna dolanýar-da, obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, özüniň neneňsi maksatbilen gelendigini, indi bolsa pälinden gaýdandygyny, gaýdyp öz hanynyň ýanyna barmajakdygyny aýdýar. Eger jezalandyrmak isleseler islendik jeza taýyndygyny mertlik bilen boýun alýar. Obanyň kethudasy onuň günäsini geçip, obada ýaşamaga rugsat beripdir.

✍️Kemal SABYROW
40
170
Bio_girl👩‍🔬💫
17.03.2024 02:47
Men bu gije uklamadym...

Men bu gije uklamadym,
Uklatmady köne derdim.
Yatmak isläp gözüm ýumdum,
Wahh bolmady, seni gördüm.

Men bu gije uklamadym,
Düýn gijede men ýatmadym.
Bu wepasyz ýalançyda,
Söýgide-de men utmadym.

Men bu gije uklamadym,
Belki ertirem ýatmaryn.
A sen özgäñ gujagynda,
Ynjalykly ýat arkaýyn.

Men bu gije uklamadym,
Belki hijem uklamaryn.
Sorag jogap gelen pursat,
Men ozümi aklamaryn,

Aklar meni şo pursatda,
Hak söýgim hem göz ýaşlarym.
Orun çalşyp belki “Anda”,
Señ deregñe men uklaryn.

Emma bu gün uklamadym.
Kä oturdym,turdum gezdim,
Içim döküp ak kagyza,
Gozgan köne derdim ýazdym.

✍️KerimHallyyew
36
137
Bio_girl👩‍🔬💫
16.03.2024 23:56
/"Üns bermeseñ gülem solar🥀...
...Göwin hakda gürlejegem dal💔❤️‍🩹..."\
35
119
Bio_girl👩‍🔬💫
16.03.2024 11:31
Bar-da...😔🥀☘️

Gün irden gyzaryp dogýaram welin,
“Hä” diýmänkäñ onuñ ýaşmasy barda...
Gije bilen oñşup bolýaram welin,
Derdiñe dertleri goşmasy bar-da...

Ýaz bilen goşulyp, sähra jan geler, Synlamaga ynsan juda kän geler,
Hat-da janlanypdyr gury töññeler,
...Güýz gelip ýapragy düşmesi bar-da...

Adam elmydama sungata aşyk,
Onda beýgelen bar menziller aşyp,
Kä-te ap-ak zada “gararak” diýşip,
Köpleriñ talanta bişmesi bar-da...

Iññe gowy zatdyr ulanyp bilseñ,
Ýerem gazyp boljak ugrundan gelseñ, Zyýanly tarapy, usulsyz bolsañ,
Eliñi ganadyp deşmesi bar-da...

Hanha dünýä meşhur, gözel garagum, Depesine gömseñ bişer çöregiñ,
Hat-da tümmeklerem wepañ deregin, Tutman ondan oña göçmesi bar-da...

Wezipä buýsanyp kakma döşüñi,
Diliñi berk gora gysyp dişiñi,
Mysal etjek muña asman daşyny,
Çäkden çyksa Ýere gaçmasy bar-da...

Puluñ durup biler ýerbe-ýer sowsañ,
Ýitjegi ikuçly kadasyn döwseñ,
Adam pahyr sähel rysgaly çüwse,
Ynsap diýlen zatdan geçmesi bar-da...

Diñlemek mukaddes ussat kelamyn, Bärsinden gaýtarar müñ bir belanyñ,
Zyýan däl kadaly içseñ şerabam,
Çäksiz içseñ syryñ açmasy bar-da...

Mesän günüñ, pese bakyp şükür et,
Pesän günüñ, mese bakyp pikir et, “Çümdüm” diýen günüñ bagtyñ getirip, Guşdek al asmana uçmasy bar-da...

✍️KerimHallyyew
33
58
Bio_girl👩‍🔬💫
15.03.2024 17:38
Salam Öwrenmeliniň mähriban we agzybir agzajyklary sizin bilen @mademoiselle...
Gelin sorag jogap alysalyn yagny menden sorag sizeden jogap hany onda name bashladyk...

1)Öwrenmeli porgrammasyna hacan agza boldynyz?
2)Ilkinji nik-iniz namedi?
3)Programma geleninizde ilki bilen haysy agza bilen tanysdynyz?
4) Programma girmegizin maksady namede?
5)Öwrenmelide halaýan 3 agzanyz kim?
6)Programmadaky yzarlayan agzanyz barmy yagny hacan girip cykany barlap duryanynyz we sona menzeshler?
7)Owrenmelide govununizi beren agzanyz barmy yagny asyk bolup ozine aydyp bilmeyan agzanyn?
8)Haysy kategoriyada goyulan postlary halayarsynyz?
9)Haysy agzan teswirleri size has govy?
10)Islan 5 sany agzany suratladyryp berin?


📌Hany onna jogaplarynyza uly howes bilen garashyan halan bolsanyz❤️👈please
33
627