Bio_girl👩‍🔬💫
17.03.2024 20:41
ÝAGŞY NIÝET

Türkmen halkymyzda «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýlen pähim bar. Bu pähimiň döreýşini şeýleräk bir rowaýat bilen baglanyşdyrýarlar. Aýtmaklaryna görä, has irki döwürlerde keseki ýurtlaryň hanlarynyň biri türkmen sährasynyň goýnunda ýerleşen bir oba jansyz ýollapdyr. Obanyň ýaşaýşyny, ýerleşişini, meşgullanýan kärlerini öwrenmek barada tabşyryk alan hanyň jansyzy ýurtlara aýlanyp ýören jahankeşdäniň keşbine girip, türkmen sähralygyna tarap ýola düşüpdir. Ol ýol söküp barşyna şol barmaly obasynyň çägine aralaşypdyr.
Ol şol oba baranynda obada bir baý-begzada ogluny öýerip, uly toý tutup oturan eken. Hälki «jahankeşdäni» bolsa «toýumyzyň üstüne geldiň, myhmanymyz bolup gidiň» diýip myhman alyp, hezzet-hormat edip, halat-serpaý ýapyp, ýene-de ýoluň düşse biziňkä gelip-geçiň» diýip ugradypdyrlar.
«Jahankeşde» şol aýlanyp, görüp, öwrenip ýörşüne ýene-de bir öýe myhman bolupdyr. Öý eýesi hem ortarak güzeran dolandyrýan daýhan kişi eken. Ol myhmany güler ýüz bilen garşylap, janly soýup, söwüş edipdir. «Jahankeşde» ugrajak wagty hem öý eýesi: «Men bu ýyl bir oglumy öýerdim, geljek ýyl hasylymy ýygnanymdan soň kiçimi öýermekçi. Toýumyza gelip, arzyly myhmanymyz bolsaňyz depämiz göge ýeterdi» diýip gadyrly ugradypdyr.
Jansyz ýene-de öz işi bilen aýlanyberýär. Ähli bilmeli zatlary bilip, maglumatlar bilen tanyş bolansoň, yzyna gaýtmaga hyýallanýar. Şonda ol ýene-de bir öýe myhman bolmagy ýüregine düwýär. Bu gezek onuň baran öýünde adamsy aradan çykan, iki sany ogly bilen galan aýal ýaşaýan eken. Myhmana saçak ýazyp, çaý goýansoň hälki aýal uluja ogluna: «Bar oglum, ketekdäki towugy soý, myhmanyň nesibesi eken. Myhmany söwüşsiz gaýtarmak bolmaýar» diýipdir. Öý eýesiniň ýaşajyk ogly bilen tabakdaş bolup, taýýarlanan tagamdan mazaly geregini edinen myhman gaýtjak wagty daşarda olaryň towuk ketegini synlaýar. Görüp otursa öý eýesi myhmana iň soňky towugyny soýup beren eken. Öý eýeleri bilen hoşlaşyp, biraz ýöränsoň hälki jansyzy birhili düşnüksiz pikirler horlap başlaýar. Ol özüne: «Men bularyň ýurduna gaty erbet niýet bilen gaýdypdym. Bular şeýle sadadan gelen gowy pälli, ýagşy niýetli, giň sährada ýaşaýan, göwünleri hem sähra ýaly giň, arassa adamlar eken. Ketegindäki iň soňkuja towugyny hem myhmanyna hödür etmegi uly mertebe hasaplap, myhman sarpasyny belentde tutýan ile ýamanlyk edeniň özi bir ýalkanarmyka?» diýýär. Ine, şeýle pikirler bilen jansyz birden pälinden gaýdyp, yzyna dolanýar-da, obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, özüniň neneňsi maksatbilen gelendigini, indi bolsa pälinden gaýdandygyny, gaýdyp öz hanynyň ýanyna barmajakdygyny aýdýar. Eger jezalandyrmak isleseler islendik jeza taýyndygyny mertlik bilen boýun alýar. Obanyň kethudasy onuň günäsini geçip, obada ýaşamaga rugsat beripdir.

✍️Kemal SABYROW
40
170
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.