Bio_girl👩‍🔬💫
17.03.2024 02:47
Men bu gije uklamadym...

Men bu gije uklamadym,
Uklatmady köne derdim.
Yatmak isläp gözüm ýumdum,
Wahh bolmady, seni gördüm.

Men bu gije uklamadym,
Düýn gijede men ýatmadym.
Bu wepasyz ýalançyda,
Söýgide-de men utmadym.

Men bu gije uklamadym,
Belki ertirem ýatmaryn.
A sen özgäñ gujagynda,
Ynjalykly ýat arkaýyn.

Men bu gije uklamadym,
Belki hijem uklamaryn.
Sorag jogap gelen pursat,
Men ozümi aklamaryn,

Aklar meni şo pursatda,
Hak söýgim hem göz ýaşlarym.
Orun çalşyp belki “Anda”,
Señ deregñe men uklaryn.

Emma bu gün uklamadym.
Kä oturdym,turdum gezdim,
Içim döküp ak kagyza,
Gozgan köne derdim ýazdym.

✍️KerimHallyyew
36
137
ylham_gurbanaly
17 Mart 2024
Men bu gije uklamadym. Uklamak sõzi gereginden artyk berlipdir. Şo bir zol-zol gaýtalanyp dursa okyjyny ýadatýar..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.