Geçmegiň gerek...
Belany iterse seniñ üstüñe,
Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek.
Duşman duzak gursa düşüp kassyña,
Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek.
Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal,
Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal,
Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan,
Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek.
Goñşy saýlamakda asla utulma,
Eger zalym bolsa ýokdur gutulma,
Ýok!
Bar ýaly alaç bu agyr zulma,
O ýerden basymrak göçmegiñ gerek.
Ýañsylasa eger bir päli azan,
Güýç bar diý:p göreşme eý dostum Tagan,
Sen güýçli bolsañ-da, ol gara gazan,
Garasy ýokmanka gaçmagyñ gerek
Dostuñ beýgelende, beýgel sen bile, Içiñi köýdürme ýalandan güle,
Büdrände-de eliñ berip sen ele,
Bile gonup bile uçmagyñ gerek.
Watan mukaddesdir şeýle-de galar, Mukaddes ondaky derýalar, daglar,
Oña señ kömegiñ zerurly çaglar,
Aýaman gara der seçmegiñ gerek.
✍️KerimHallyyew