Bio_girl👩‍🔬💫
20.03.2024 21:56
«Iş Nokady» Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýär.


«Iş Nokady» kompaniýasy Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýändigini habar berýär.

Häzirki zaman dünýäsinde iňlis dili — bu diňe bir tapawutly artykmaçlyk däl-de, eýsem zähmet ýoluňy üstünlikli guramak we ösüş gazanmak üçin zerur şertdir. Duolingo testi iňlis dili bilimini bahalandyrmak üçin standarta öwrüldi we ony üstünlikli geçmegi başarmak daşary ýurtlarda bilimde, işde we beýleki ugurlarda täze mümkinçilikler üçin gapylary açýar.

«Duolingo testine «Iş Nokadynda» taýýarlyk görmek — bu üstünlik gazanmaga bolan ynam! Iňlis diline erkin erk edýän we Duolingo testiniň ähli çylşyrymly taraplaryny gowy bilýän hünärmenlerimiz size giňişleýin goldaw bererler hem-de ýokary netijelere ýetmäge kömek ederler» — kompaniýanyň wekili belleýär.

Bu okuwyň iňlis dilini noldan başlap öwrenmek üçin niýetlenen däldigini bellemelidiris. Ol, esasan, Duolingo testine taýýarlyk görmek üçin niýetlenendir. Okuwlar testi üstünlikli geçmek üçin synag strategiýalaryna, dürli hili tabşyryklara taýýarlanmaga we zerur başarnyklary öwrenmäge gönükdirilendir.

#Turkmenportal
34
116
gulia_maksatmyradowna
21 Mart 2024
Duolingoya şöhrat🥳✊
awgust
20 Mart 2024
Duolingo programmadaky soraglar Iňlis dilini yeñillik bn öwrenmek ùn gaty gowy eken.Muny cagalar yetginjekler hat-da uly yašly sowatsyz adamlar hem okap öwrenmáne mümkincilik tapyp bilyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.