Berdi s ý
28.01.2020 20:13
Eger saňa:
— Surat ýaly gözelleri, pamyk ýaly elleri, inçejik billeri, hünji kimin dişleri, gül kimin bedenleri, sürmeli gözleri, süýji dilleri, çaga we agtyk götermek bilen guramajak gollary, menek-menek altynlary, miweli bakjalary, arassa tohum atlary, uzyn boýunly, gyzyl ýüňli düýeleri we şuňa meňzeş zatlary gowy görýärsiňmi, isleýärsiňmi diýilse, derrew ähli gyzgynyň bilen «elbetde» diýip, guraklykdan bagry ýanan adamyň ýagyşy gören wagtyndaky begenji ýaly şatlanarsyň.
Emma, eger saňa haýyr ýa-da ýagşylyk ýoluna girmek, sahawat gapylaryndan bir gapy açmak teklip edilse, derrew ýüz öwrüp, utanan bolup, edil malyň-mülküň göýä bir apata duçar bolan ýaly hile we bahanalar oýlap taparsyň.
Ýanyňda Allanyň aýatlary okalyp, beýan edilende, ol beýik Subhanyň çäksiz nygmatlaryna şükür edilende, keçjallyk we kesirlik bilen gaçyp, nygmatyna näşükür bolarsyň.
Seniň tebigat binaň dünýäniň höweslerine görä gurlupdyr. Gylyk-häsiýet we höwes agajyň bolsa, ony görkli görkezjek bir ýere dikilipdir. Şonuň üçinem dünýä degişli bir söz agzalsa, köňlüň açylýar, gözüň gülýär we elmydam bu hakda gürrüň edilmegi üçin içiňde bir güýçli arzuw döreýär.Emma ahyrete degişli bir söz agzalsa welin, ol sözleri özüňe görä pes we hormata nämynasyp hasaplaýanlygyň üçin gulaklaryň gapylaryny derhal ol sözlere ýapyp, kowup goýberýärsiň. Göýä, synaňda duran bir naýza kalbyňa gelýän ol sözleri şol wagt dyr-pytrak edýär.


Altyn halkalar
18
632
Berdi s ý
27.01.2020 10:05
Men şeýle adamy akyly ýerinde we seresaply hasaplaýaryn. Ol elmydam salykatly bolar, hiç kimi ýaňsylamaga, hiç kim bilen degişmäge meýil etmez.
Wakgylygy we warsakylygy özüne hüý-häsiýet edinen adamda agraslyk galarmy?! Heý-de, ýaňsy bilen agraslyk bir ýerde ýaşap bilermi?! Heý-de salykatly, agras adam bilen warsaky adam deň bolup bilermi?!
Ýaňsylamakda, degişmekde agzyňdan şeýlekin sözler çykyp biler, ol sözler saňa günä gazandyrar. Ýanyňdaky dostuň bolsa, kalbyna öýke-kine tohumyny seper. Eger ol seniň golastyňda bolsa, onuň ýanynda sylag-hormatyň we muhabbetiň azalar. Bu aýdanlaryma garamazdan, henizem «ýaňsy» diýýän bolsaň, saňa haýplar bolsun!
Ah, ýaňra! Eger degişmede bolan zyýanlary bilsediň, onda ony bütinleý terk edip, saňa mundan daş dur diýýänlere gulak asardyň we hiç haçan ýaňsylaýjy sözleri agzyňa hem almazdyň. Hahahaýlaşyp, oýun edýärkäň, ýanyňdaky ýoknasyzyň, şermendäniň gülmegi seniň şähdiňi açýarmy? Bilmeýärmiň, ol bu gülküsi bilen seni ryswa, masgara edýär. Seniň nähili gülkünçligiňi kesekilere yglan edýär. Bu ýagdaý bolsa diňe akyly gysga ahlaksyzlara gelişýär.

Altyn halkalar
18
852
Berdi s ý
25.01.2020 00:03
Sözleýişdäki ýada ýazuwdaky ulanylýan ,,kä" diýilýän iki harp ýada ,,käbir" diýilýän söz örän gowydyr. Ýerli ýerinde ulanmagy başarsañyz hasam gowy bolardy.?
13
731
Berdi s ý
24.01.2020 09:50
Agaç ussasyndan ulag bejerip bermegi haýysh edýäne meñzeýä ynsanlaryñ köpüsi...
17
565
Berdi s ý
22.01.2020 01:31
Delilli gürlän utanmaz!!!

Bilmeýän zady hakynda bilýän adam ýaly gürleýänlere men haýran galýan.
14
402
Berdi s ý
20.01.2020 08:48
Ýagşy we ýaman dost hakda

Dostluk guran adamyň saňa dogan ýaly garamagyny dowam etdirdigiçe, sen hem onuň dostluk ýüpüne mäkäm ýapyş. Dostlukdan aýrylmak hakynda pikir hem etme. Ol Hakyň tarapdary boldugyça, onuň bilen hemme ýerde dostlugy dowam et.
Emma, eger tutunan dostuň munuň ýaly däl-de, Allanyň gadagan eden zatlaryna baş goşup, köňlündäki ähli bet pygyllaryny ýüze çykaryp başlasa, onuň dostlugyny bir «aýakgap bagjygyna» sat. Araňyzy baglaýan muhabbet ýüpüniň deregine bir atyň çekisini berse-de, çekisini alyp, ýüpüni ber.
Wepaly dost zähere garşy dermandan hem haýyrlydyr. Biwepa dost bolsa zäherden hem has zyýanlydyr.

Altyn halkalar
17
519
Berdi s ý
19.01.2020 01:50
Kakam bolsady

Burny ganly öýe geldi oglanjyk,
Ene gördi, gözýaş etdi, gowşady.
Pyşyrdady oglanjyk öz ýanyndan,
"Urulmazdym eje...,
...kakam bolsady".

Ynha "soñky jañ" we gahryman ýigit,
Bir pursatda ýene göwni agsady.
Ene-atalary synlap durşuna:
"Ejem ýekeje dur...,
Kakam bolsady".

Toýy bolýar gerçek ýigdiñ,
Tost aýdyp,
Eje gutlap mañlaýyndan ogşady.
Bagtly oglan gepletdi öz içini:
"Şu günde bir kakamjanym bolsady..."

Çagalary dünýä indi,
Bagtly ol,
Emma göwni bir zatlara suwsady.
Perzentleri "Ene" diýende oglan,
-Ajap bordy, atañyzam bolsady...

Kerwen geçip barýar, heññam üýtgemez,
Üýtgedibem bilmez hiç zat "Permany".
Ene mukaddesdir,
Onsuz dünýe dar,
Şondan kem däl atasyzlyk armany.

Awtoryny bilýäniñiz ýazaýyñ.
24
690
Berdi s ý
18.01.2020 13:27
Ýylgyryñ


Şahyr Iliýa Abu Mazynyň setirlerinde şeýle diýilýär:

“Ol maňa: “Gögüň ýüzi tutuksy, garalypdyr” diýdi.
Men oňa “Garalsa, Gögüň ýüzi garalýar. Sen ýylgyr, ýüzüňi aç” diýdim. Ol:
“Göwün asmanym hem gubarlandy, onuň içi garaňky zulmata öwrüldi. Ýüregime salanymdan soňra, ýagdaýlar ýaramazlaşdy. Gülere, ýylgyrara rowgatym ýok” diýdi.
Men: “Ýylgyr. Her zady ölçerip-ölçäp ýörseň, ömri birahatlyk bilen ötürersiň” diýdim.
Ol: “Söwdalar hem ugrugyp gidenok. Basdaşlar kän. Teşnelikden heläk bolup barýan mysapyr ýaly” diýdi.
Men: “Ýylgyr! Derdi hem, şypany hem sen bereňok, ýylgyryp gör, belki, ähli zatlar düzeler.
Bşga biri günä iş etse, hamana, ony özüň eden ýaly, öýde müýnli, örtenip otyrsyň” diýdim.
Ol: “Daş-töweregim basdaşdan doly, olaryň zenzelesi göge galdy, Daşymy duşman gallap durka, neneňsi ýylgyraýyn?” diýdi.
Men: “Ýylgyr, olaryň günäsi üçin seni tutmazlar. Sen şolardan däldigiňe begen we ýylgyr” diýdim.
Ol: “Ömür möwsümleri baýdagyny göterdi. Olar meniň geýnişime hem, ýüz keşbime hem täsirini ýetirdi.
Ýakynlarymyň öňünde borjumam başdan agdyk. Berere welin, elimde pulum ýok” diýdi.
Men: “Ýylgyr, sen heniz diri we ýakynlaryňdan hem aýrylaňok” diýdim. Ol: “Gijeler maňa türşek dadyran ýaly, gözlerimden ukyny aldy” diýdi. Men: “Ýylgyr. Sen türşek dadan ýaly hem bolsaň, seniň bu halyňy gören başga biri, gaýgy-hasratyny bir ýana zyňyp, sen ýaly hiňlenmegi özüne bagt bilerdi.
Sen näme gaýgy bilen pul gazanyp bolýandyr öýdýärmiň, Ýa-da güleňde, ýylgyraňda mülküň tozar öýdýärmiň?
Eý dostum, dodaklaryň düýrülip, ýüzüň gamaşyk bolmagynda haýyr ýokdur. Gül, ýylgyr. Gije tümlüge çümende, ýyldyzlar ýylgyrýandyr, ýyldyzlary biz şonuň üçin söýýäris” diýdim.
Ol: “Bu dünýä öz erkine gelmeýän we bu dünýäden mejbury gidýän ynsany ýylgyryş bagtly edip bilmez” diýdi.
Men: “Ýylgyr, hatda ölüm bilen araňda bir garyş aralyk galan hem bolsa, ýylgyr. Şu wagt ýylgyrmasaň, soň güljegiň gümana” diýdim”.

Ýylgyryş, gülerýüzlülik, açyk we giň göwünlilik, geçirimlilik, ruhubelentlik hem-de eglişik etmeklik ynsanlara gerek esasy häsiýetlerdir.
20
481
Berdi s ý
17.01.2020 19:20
Şu gün men göräýmäge kiçijik ýöne uly ýalñyşlygy goýberipdim ýöne, gijem bolsa saklandym. Aslynda bu gezek goşgy goýjakdym. Bu post ilki bn meniñ özüme degişli?.

«...akyl ony başga hiliräk gözöňünde tutanam bolsa, Hudaý biziň niýetlerimizi amala aşyrar» diýen jümle bilen baglanyşykly bir gyzykly wakany meniň goňşym şonda maňa gurrüň berdi. Gürrüňçi jümläniň Bibliýadandygyny ýaňzytdy. Ol ýalňyşýardy men muny bilýärdim. Özem anyk bilýärdim. Bu ýerde hiç bir şübhäniň bolmagy mümkin däldi. Ine, onsoň men mertebämi beýgeltmek hem-de öz artykmaçlygymy görkezmek üçin, soralmasa-da özümi islenmedik sudýa hökmünde orta atyp, onuň ýalňyşyny düzetmekçi boldum. Ol öz sözünde berk durdy.
Näme? Şekspirden? Bolubilmez! Biderek gürrüň! Bu Bibliýadan alnan jümle.
Ol muny gaty magat bilýär!
Jümläni getiren goňşy sag tarapymda, çepimde bolsa Şekspiriň döredijiligini içgin öwrenýän Frenk Gemmond diýen dostum otyrdy. Biz jedelimizi çözmegi Gemmonddan haýyş etdik. Gemmond bizi diňledi-de dyzy bilen meni çalaja itekläp:
«Deýl, siz ýalňyşýarsyňyz. Bu jenap dogry aýdýar. Jümle hakykatdanam Bibliýadan» — diýip jogap berdi.
Giç agşam öýmüze gaýdyp barýarkak:
«Frenk, jümläniň Şekspirdendigini siz bilýärdiňiz ahyryn» — diýip, Gemmonda aýtdym.
«Elbetde, bilýärdim, — «Gamlet», bäşinji perde, ikinji sahna. Biz baýramçylyk agşamynyň myhmanydyk ahyryn, gadyrdan Deýl. Onuň ýalňyşýandygyny subut edip oturmagyň şol ýerde nämä geregi bar? Subut edeniňiz üçin onuň size bolan garaýşy gowulanar öýdýärsiňizmi? Näme üçin oňa öz mertebesini halas etmäge mümkinçilik bermeli däl? Ol siziň pikiriňizi soramady ahbetin! Ol oňa mätäjem däldi. Onsoň näme üçin onuň bilen jedelleşmeli? Mydama ýiti gapma- garşylyklardan gaça duruň.»
«Mydama ýiti gapma-garşylyklardan gaça duruň». Şu sözleri aýdan adam dünýäden ötdi, ýöne onuň maňa beren sapagy henizem öz täsirliligini ýitirenok.

Şonuň üçinem özüňiz çözüň: siz näme isleýärsiňiz? Il gözüne ýeňen kişi bolmaklygymy, ýa-da adamlaryň size bolan gowy garaýşynymy?

Deýl Karnegi

Soragyñ jogabyna garaşýan☺.
12
777
Berdi s ý
16.01.2020 23:04
Bu durmuşda şu güne çenli ýaşadyk (entek ýaşarsam welin...). Içimizde kalbynda dert götermeýän ýok diýen ýaly. Her birimiziñ kalbymyzda 1 daşjagaz ( belki daşjagaz dälde bir uly dagdyr ) bar. Bu post ýörüte siziñ üçin...

Sabyrly bol, ýöne ýazgytdan nägile bolup sabyr etme. Şadyýanlyklara ynanýan adamyň, ykbaly, geljegi gowy alymyň, sogaba höwesek talybyň, ýamanlyklaryny ýuwasy gelýän ýazyklynyň sabry bilen sabyr et. Kynçylyklar degre-daşyňy gallap alsa-da, ýöräp barýan ýodalaryňy tümlük gaplasa-da diňe sabyr et. Üstünlige sabyr bilen ýetilýändir. Her bir kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr. Dünýäden öten birnäçe tanymal şahsyýetleriň ömür beýanlaryny okanymyzda, olaryň örän sabyrlydyklaryna, çydamlydyklaryna akylymyz haýran. Üznüksiz kösençlikler, basdaşlar zerarly ýüze çykýan bökdençlikler olaryň depesinden sowuk damjalar deýin guýlup durupdyr. Emma olar tutan ýollaryndan dänmändirler, başlan işlerini taşlamandyrlar. Hakyň mäkämligi ýaly, mizemän, daglaryň berkligi ýaly, sarsman durupdyrlar. Sähel salymdan soň olaryň ýüzüne agaryp gelýän buşluk daňynyň ýagtysy, ýeňiş şatlygy we üstünlik hoş habary çaýylypdyr. Sebäbi olar sabyr etdiler. Ýogsa-da, sen sabyr etmegiň asyl manysyna akyl ýetirensiň-ä? Ýa-da zeýrenmän, ýöne hiç zat etmän boş oturmak sabyrdyr öýdýäňmi? Ýok, ol asla beýle däl. Sabyr etmek – bu zeýrenmezden, ýazgytdan nägilelige berilmezden hadysalara garşy göreşmekdir. Başarýan zadyňy ýerine ýetirmekdir. Sabry zähmet bilen utgaşdyrmakdyr. Kynçylyklaryň gözüne biparh garamakdyr. Sabyrly bol, el uran gumuň gyzyla öwrüler. Gazanan sogabyň bolsa altyndanam haýyrly bolar.
,, Gamgyn bolma "
18
540