Şu gün men göräýmäge kiçijik ýöne uly ýalñyşlygy goýberipdim ýöne, gijem bolsa saklandym. Aslynda bu gezek goşgy goýjakdym. Bu post ilki bn meniñ özüme degişli?.
«...akyl ony başga hiliräk gözöňünde tutanam bolsa, Hudaý biziň niýetlerimizi amala aşyrar» diýen jümle bilen baglanyşykly bir gyzykly wakany meniň goňşym şonda maňa gurrüň berdi. Gürrüňçi jümläniň Bibliýadandygyny ýaňzytdy. Ol ýalňyşýardy men muny bilýärdim. Özem anyk bilýärdim. Bu ýerde hiç bir şübhäniň bolmagy mümkin däldi. Ine, onsoň men mertebämi beýgeltmek hem-de öz artykmaçlygymy görkezmek üçin, soralmasa-da özümi islenmedik sudýa hökmünde orta atyp, onuň ýalňyşyny düzetmekçi boldum. Ol öz sözünde berk durdy.
Näme? Şekspirden? Bolubilmez! Biderek gürrüň! Bu Bibliýadan alnan jümle.
Ol muny gaty magat bilýär!
Jümläni getiren goňşy sag tarapymda, çepimde bolsa Şekspiriň döredijiligini içgin öwrenýän Frenk Gemmond diýen dostum otyrdy. Biz jedelimizi çözmegi Gemmonddan haýyş etdik. Gemmond bizi diňledi-de dyzy bilen meni çalaja itekläp:
«Deýl, siz ýalňyşýarsyňyz. Bu jenap dogry aýdýar. Jümle hakykatdanam Bibliýadan» — diýip jogap berdi.
Giç agşam öýmüze gaýdyp barýarkak:
«Frenk, jümläniň Şekspirdendigini siz bilýärdiňiz ahyryn» — diýip, Gemmonda aýtdym.
«Elbetde, bilýärdim, — «Gamlet», bäşinji perde, ikinji sahna. Biz baýramçylyk agşamynyň myhmanydyk ahyryn, gadyrdan Deýl. Onuň ýalňyşýandygyny subut edip oturmagyň şol ýerde nämä geregi bar? Subut edeniňiz üçin onuň size bolan garaýşy gowulanar öýdýärsiňizmi? Näme üçin oňa öz mertebesini halas etmäge mümkinçilik bermeli däl? Ol siziň pikiriňizi soramady ahbetin! Ol oňa mätäjem däldi. Onsoň näme üçin onuň bilen jedelleşmeli? Mydama ýiti gapma- garşylyklardan gaça duruň.»
«Mydama ýiti gapma-garşylyklardan gaça duruň». Şu sözleri aýdan adam dünýäden ötdi, ýöne onuň maňa beren sapagy henizem öz täsirliligini ýitirenok.
Şonuň üçinem özüňiz çözüň: siz näme isleýärsiňiz? Il gözüne ýeňen kişi bolmaklygymy, ýa-da adamlaryň size bolan gowy garaýşynymy?
Deýl Karnegi
Soragyñ jogabyna garaşýan☺.