Ýylgyryñ
Şahyr Iliýa Abu Mazynyň setirlerinde şeýle diýilýär:
“Ol maňa: “Gögüň ýüzi tutuksy, garalypdyr” diýdi.
Men oňa “Garalsa, Gögüň ýüzi garalýar. Sen ýylgyr, ýüzüňi aç” diýdim. Ol:
“Göwün asmanym hem gubarlandy, onuň içi garaňky zulmata öwrüldi. Ýüregime salanymdan soňra, ýagdaýlar ýaramazlaşdy. Gülere, ýylgyrara rowgatym ýok” diýdi.
Men: “Ýylgyr. Her zady ölçerip-ölçäp ýörseň, ömri birahatlyk bilen ötürersiň” diýdim.
Ol: “Söwdalar hem ugrugyp gidenok. Basdaşlar kän. Teşnelikden heläk bolup barýan mysapyr ýaly” diýdi.
Men: “Ýylgyr! Derdi hem, şypany hem sen bereňok, ýylgyryp gör, belki, ähli zatlar düzeler.
Bşga biri günä iş etse, hamana, ony özüň eden ýaly, öýde müýnli, örtenip otyrsyň” diýdim.
Ol: “Daş-töweregim basdaşdan doly, olaryň zenzelesi göge galdy, Daşymy duşman gallap durka, neneňsi ýylgyraýyn?” diýdi.
Men: “Ýylgyr, olaryň günäsi üçin seni tutmazlar. Sen şolardan däldigiňe begen we ýylgyr” diýdim.
Ol: “Ömür möwsümleri baýdagyny göterdi. Olar meniň geýnişime hem, ýüz keşbime hem täsirini ýetirdi.
Ýakynlarymyň öňünde borjumam başdan agdyk. Berere welin, elimde pulum ýok” diýdi.
Men: “Ýylgyr, sen heniz diri we ýakynlaryňdan hem aýrylaňok” diýdim. Ol: “Gijeler maňa türşek dadyran ýaly, gözlerimden ukyny aldy” diýdi. Men: “Ýylgyr. Sen türşek dadan ýaly hem bolsaň, seniň bu halyňy gören başga biri, gaýgy-hasratyny bir ýana zyňyp, sen ýaly hiňlenmegi özüne bagt bilerdi.
Sen näme gaýgy bilen pul gazanyp bolýandyr öýdýärmiň, Ýa-da güleňde, ýylgyraňda mülküň tozar öýdýärmiň?
Eý dostum, dodaklaryň düýrülip, ýüzüň gamaşyk bolmagynda haýyr ýokdur. Gül, ýylgyr. Gije tümlüge çümende, ýyldyzlar ýylgyrýandyr, ýyldyzlary biz şonuň üçin söýýäris” diýdim.
Ol: “Bu dünýä öz erkine gelmeýän we bu dünýäden mejbury gidýän ynsany ýylgyryş bagtly edip bilmez” diýdi.
Men: “Ýylgyr, hatda ölüm bilen araňda bir garyş aralyk galan hem bolsa, ýylgyr. Şu wagt ýylgyrmasaň, soň güljegiň gümana” diýdim”.
Ýylgyryş, gülerýüzlülik, açyk we giň göwünlilik, geçirimlilik, ruhubelentlik hem-de eglişik etmeklik ynsanlara gerek esasy häsiýetlerdir.