Men şeýle adamy akyly ýerinde we seresaply hasaplaýaryn. Ol elmydam salykatly bolar, hiç kimi ýaňsylamaga, hiç kim bilen degişmäge meýil etmez.
Wakgylygy we warsakylygy özüne hüý-häsiýet edinen adamda agraslyk galarmy?! Heý-de, ýaňsy bilen agraslyk bir ýerde ýaşap bilermi?! Heý-de salykatly, agras adam bilen warsaky adam deň bolup bilermi?!
Ýaňsylamakda, degişmekde agzyňdan şeýlekin sözler çykyp biler, ol sözler saňa günä gazandyrar. Ýanyňdaky dostuň bolsa, kalbyna öýke-kine tohumyny seper. Eger ol seniň golastyňda bolsa, onuň ýanynda sylag-hormatyň we muhabbetiň azalar. Bu aýdanlaryma garamazdan, henizem «ýaňsy» diýýän bolsaň, saňa haýplar bolsun!
Ah, ýaňra! Eger degişmede bolan zyýanlary bilsediň, onda ony bütinleý terk edip, saňa mundan daş dur diýýänlere gulak asardyň we hiç haçan ýaňsylaýjy sözleri agzyňa hem almazdyň. Hahahaýlaşyp, oýun edýärkäň, ýanyňdaky ýoknasyzyň, şermendäniň gülmegi seniň şähdiňi açýarmy? Bilmeýärmiň, ol bu gülküsi bilen seni ryswa, masgara edýär. Seniň nähili gülkünçligiňi kesekilere yglan edýär. Bu ýagdaý bolsa diňe akyly gysga ahlaksyzlara gelişýär.
Altyn halkalar