Berdi s ý
19.01.2020 01:50
Kakam bolsady

Burny ganly öýe geldi oglanjyk,
Ene gördi, gözýaş etdi, gowşady.
Pyşyrdady oglanjyk öz ýanyndan,
"Urulmazdym eje...,
...kakam bolsady".

Ynha "soñky jañ" we gahryman ýigit,
Bir pursatda ýene göwni agsady.
Ene-atalary synlap durşuna:
"Ejem ýekeje dur...,
Kakam bolsady".

Toýy bolýar gerçek ýigdiñ,
Tost aýdyp,
Eje gutlap mañlaýyndan ogşady.
Bagtly oglan gepletdi öz içini:
"Şu günde bir kakamjanym bolsady..."

Çagalary dünýä indi,
Bagtly ol,
Emma göwni bir zatlara suwsady.
Perzentleri "Ene" diýende oglan,
-Ajap bordy, atañyzam bolsady...

Kerwen geçip barýar, heññam üýtgemez,
Üýtgedibem bilmez hiç zat "Permany".
Ene mukaddesdir,
Onsuz dünýe dar,
Şondan kem däl atasyzlyk armany.

Awtoryny bilýäniñiz ýazaýyñ.
24
690
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
Menem kakam bolsady
Myhman Myhman
19 Yanwar 2020
? elbetde
Berdi s ý
19 Yanwar 2020
Dogry Myhman. Islendik zadyñ gadyry ýok wagty bildirýär.
Myhman Myhman
19 Yanwar 2020
gaty gowy goşgy kakasyz ulamak gaty kyn
Berdi s ý
19 Yanwar 2020
Sps size .
Menem şeýle boldym ilki okanymda...
Aýjemal
19 Yanwar 2020
Gaty gowy gosgy yuregim birhili bolup gitdi ???
Myhman Myhman
19 Yanwar 2020
kakamjana doooneyn?aylale.
ufc
19 Yanwar 2020
kerim hallymyka diyan shun awtory
Senem
19 Yanwar 2020
Gaty govy ❤️❤️❤️? ??
MukamB
19 Yanwar 2020
Sagbol Berdi gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.