Berdi s ý
28.01.2020 20:13
Eger saňa:
— Surat ýaly gözelleri, pamyk ýaly elleri, inçejik billeri, hünji kimin dişleri, gül kimin bedenleri, sürmeli gözleri, süýji dilleri, çaga we agtyk götermek bilen guramajak gollary, menek-menek altynlary, miweli bakjalary, arassa tohum atlary, uzyn boýunly, gyzyl ýüňli düýeleri we şuňa meňzeş zatlary gowy görýärsiňmi, isleýärsiňmi diýilse, derrew ähli gyzgynyň bilen «elbetde» diýip, guraklykdan bagry ýanan adamyň ýagyşy gören wagtyndaky begenji ýaly şatlanarsyň.
Emma, eger saňa haýyr ýa-da ýagşylyk ýoluna girmek, sahawat gapylaryndan bir gapy açmak teklip edilse, derrew ýüz öwrüp, utanan bolup, edil malyň-mülküň göýä bir apata duçar bolan ýaly hile we bahanalar oýlap taparsyň.
Ýanyňda Allanyň aýatlary okalyp, beýan edilende, ol beýik Subhanyň çäksiz nygmatlaryna şükür edilende, keçjallyk we kesirlik bilen gaçyp, nygmatyna näşükür bolarsyň.
Seniň tebigat binaň dünýäniň höweslerine görä gurlupdyr. Gylyk-häsiýet we höwes agajyň bolsa, ony görkli görkezjek bir ýere dikilipdir. Şonuň üçinem dünýä degişli bir söz agzalsa, köňlüň açylýar, gözüň gülýär we elmydam bu hakda gürrüň edilmegi üçin içiňde bir güýçli arzuw döreýär.Emma ahyrete degişli bir söz agzalsa welin, ol sözleri özüňe görä pes we hormata nämynasyp hasaplaýanlygyň üçin gulaklaryň gapylaryny derhal ol sözlere ýapyp, kowup goýberýärsiň. Göýä, synaňda duran bir naýza kalbyňa gelýän ol sözleri şol wagt dyr-pytrak edýär.


Altyn halkalar
18
632
Berdi s ý
28 Yanwar 2020
Salam dost. Tersine bolanlar kop bolsady. . .
M.B.N
28 Yanwar 2020
Menä tersine
Папин дочка
28 Yanwar 2020
Hakyky ?
ufc
28 Yanwar 2020
dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.