BaýramBejidow
BaýramBejidow
20.03.2023 23:56
Ýaşap ýördüm bu zeminiñ goýnunda, Ne öli, ne diri, ruhumy gyssap, Öñler gamlanardym ýüregim gyssa, Indi ýüregimi ýüregiñ gysýar... Baýram Bejidow
BaýramBejidow
BaýramBejidow
17.03.2023 00:19
Senden soñ yürek galmady, Gijeler göz yaş dynmady, Ýa şu edenleñ azmydy?, Kalbym hasrat çeker ýaly. Senden soñ ýalñyzlyk basdy, Galan deýin mende kasty, Söýgi barmyka bir asly?, Öñünde dyz çöker
BaýramBejidow
BaýramBejidow
15.03.2023 08:43
Sen hakyky syrdaş, sensiñ çyn dostum, Ähli syrlarymy içiñe salyp, Hiç kime bildirmän, gizlediñ ýördüñ, Hiç haçan ikilik etmejek bolup. Sen hakyt ynamym ödediñ gardaş, Bolmasa köp gezek göwnüñe
BaýramBejidow
BaýramBejidow
12.03.2023 22:47
Ýetmezim köp, ýetjegim köp, Galsa:m gyra itjegim köp, Täleý ýa:ma, durmuşym sep, Alla şükür, Alla şükür!. Derkarym däl, baý bolmagym, Ýeter, gussa jaý bolmagym, Özüm özüme goldawym, Alla şükür, Alla
BaýramBejidow
BaýramBejidow
11.03.2023 23:03
Razy Algym ýok, bergim köp ýalançy dünýä, Alanma bergili gitmesem razy, Owalam ähli zat ýalan görünýär, Ynama ikilik etmesem razy. Diýmesem, dymanma düşünse dostum, Ýalñyşym aýtsalar sözlesem rastym,
BaýramBejidow
11.03.2023 01:36
Salam hormatly agzalar we programma myhman bolup girýän gadyrly dostlar!

Bu gün ünsüñizi biraz döredijilige çekmek isledim.
Oturylyşykda ýa-da mesawy gürrüñ ediljek islendik ýerde garşydaşymyñ pikirini bilmek üçin köplen berýän bir soragym bar ,,Döredijilik bilen ýagny häzirki döwrümizde döredilýän goşgydyr hekaýalar bilen arañyz nähili?". Bu soragyñ jogaby köplenç diýen ýaly şol bir jogap ,,Dogrysy gyzyklanamok, kän gyzygamok, goşgy ýa hekaýa okanyñdan kino, futbol göreniñ gowy..." Diýen ýaly jogaplary eşidýän. Näme üçindir döredilen ýa-da döredilýän eserleri okamana höwesek azka? Okamak wagtyñy alýarmy? Ýa-da döwürden yza çekýärmi? Eýsem ,,Bir okana bar- birem dokana" diýip könelerimiz guýa seredip aýtdymyka?.
Soñky wagtlarda şu soraglar meni diýseñ köp pikirlendirýär, häzir deñ-duşlarymyñ içinden hatda uly ýaşdaky adamlaryñ hem içinden kitap okap otyranyna duş gelmek gaty kyn. Elbetde okaýanlaram bar, olaram bir çetde goýup bolmaz, ýöne geñ galdyrýan bir zat bar: Arada bir tanşymdan soradym ,,Näme üçin kitap okañok?" Ol ,, Wagtym ýok!". Men pikir etdim iki sagatlap telefonyny elinden goýman gysgajyk wideo roliklara syn etmäne wagt tapan adam kitap okamana näme üçin wagt aýryp bilmeýärkä?.
Ýokarda kitap okamaýanlary agzadyk, indi bolsa okaýanlar barada gürrüñe geçeliñ, kitap okaýanlar hem iki topara bölünýär:
1-nji: Okaýan zadyna düşünip ýa-da düşünmek isläp okaýanlar bar.
2-njisi: Okaýan zadyna düşünmän we düşünmäne synanyşman okaýanlar bar. (Okadymmy? Okadym!).
Dürli web sahypalarda ýa bolmasa dürli programmalarda mümkinçilikden peýdalanyp, öz zehini paýlaşma şansy esasynda paýlaşylýan goşgy we ş.m-ler gynansakda dogry teswirlenmeýär. ,,Gaty gowy, gowy ýazypsyñyz, haladym❤️❤️❤️, paýlaşyp dur, manyly eken, siz gaty üýtgeşik ýazýañyz, juda ajaýyp..." ýaly dürli owadan teswirler entek bişmedik terne zehinleriñ içine ýyldyzlyk gurçugyny düşürip biljekdigine garamazdan yzygider ýazylýar. Näme üçin paýlaşylan goşgy barada pikir ýazylmaýar? Meselem: ,,Şu söz nämäni añlatýar?, Şu ýerde bogun sany okanyñda büdretýär!, Şu iki setir näme manyny berýär?, ...) Diýen ýaly pikirler ýa-da bolmasa soraglar berilenok. Belki höwes bilen däl-de dilujy okalýandyr, belki başga sebäp...
Gadyrly agzalar we hormatly okyjalar! Sizden ullakan haýyşym, her bir ýaş zehin üçin siziñ ýazýan teswirleriñiz ýazyjynyñ dogry pikirlenmegine itergi berip biljek güýçdir. Ýagny, dogrysyna dogry- ýalñyşyna ýalñyş diýip bellik etmegiñiz paýhaslylyk ýoluna ymtylýan her bir ýaş zehiniñ ýetjek sepgitleriniñ basganjagydyr. Dogry tankytdan gaçýan ýazyjy hiç wagt ýazyjy bolup bilmez ( Käbir ylymyñ añyry başyna çykanlary agzamaýyn, olar ýaly pikirdäki adamlara sözüm ýok sebäbi derejäñi özüñ ölçäñok derejäñ agramyña görä däl-de adamkärçiligiñe görä çözülýär.). Her eser paýlaşylanda dogry we arassa pikiriñizi ýazsañyz örän hoşal bolardym. (Haladyñmy?: Niresini halandygyñyzy ýazsañyz, Halamadyñmy?: Niresini halamadygyñyzy ýazsañyz, dogry hereket etdigiñiz bolar. Ýazyjy akylly bolsa eser barada ýazylan teswirlerden özüne geregini alar, eger akmak bolsa her bir halamadym diýen bilen uruş eder we özüniñkini dogry etmäne jan eder...)
Goldawyñyza minnetdar dostlar janyñyz sag başyñyz dik bolsun!!!

Bejidoff.
12
233
BaýramBejidow
BaýramBejidow
10.03.2023 22:30
Eje!. Büdräp kölegäme, ylgap salgyma, Ýamanlañ münberne münmerin eje, Goý geçsin geçenler, gozgama gowsy, Bir gussa çümemsoñ, diñmerin eje!. Owal emgemedik emgegim tapyp, Düwülen täleýmiñ iññesin
BaýramBejidow
BaýramBejidow
08.03.2023 01:27
Ýoguny bar eder gerçek ýigitler, Elinde güldesse, gursakda heser, Bu gün duşuşyga gelen jübütleñ, Gymmatja sowgatlar kisesin keser. Tutuş dünýäñ ýüzi, zenanlañ güni, Bu gün hakly olar, näme diýseler,
BaýramBejidow
BaýramBejidow
04.03.2023 23:17
Kalbyma milt edip bilmez, Puldan haly dokaýanam, Mähriñ deý gark edip bilmez, Meni Ýuwaş okeanam. Saña ýetmek ýeke gamym, Yşkyñ oduna tütäp men, Teşnesi kän okamagyñ, Açylmadyk bir kitap sen. Iriñlän
BaýramBejidow
BaýramBejidow
02.03.2023 15:11
Belki geler gowy günler, Aýlar-ýyllar edip öwrüm, Sebäpsiz ýere şugünler. Aýt niçün darykýañ göwnüm?!. Päk niýet salyp ýüregme, Sygynyp Hak-a, keremne, Aýnap, joşmagyñ deregne, Aýt niçün darykýañ