BaýramBejidow
02.03.2023 15:11
Belki geler gowy günler,
Aýlar-ýyllar edip öwrüm,
Sebäpsiz ýere şugünler.
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Päk niýet salyp ýüregme,
Sygynyp Hak-a, keremne,
Aýnap, joşmagyñ deregne,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Owalam gowy däldiler,
Diýme ,,sözünden dändiler",
Kän ahyr, ýagşy pälliler,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Utulsam durmuş oýnundan,
Diýýäñ ,,Günä köp boýnuñda",
Sygyşman dünýäñ goýnunda,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Gözlesem ýürekdeş, höwür,
Şum täleýim öwür-çöwür,
Ýalan-a yñylýan döwür,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!.

Ýaşap kadadan çykmany,
Arzuw binasyn ýylmaly,
Satyn alarys ykbaly,
Aýt niçün darykýañ göwnüm?!..

Awtory: Baýram Bejidow
17
92
Myhman Myhman
5 Mart 2023
Salam hemma
gulshatayewa97
3 Mart 2023
Käwagt sebäpsiz ýere şeýle bolýa...(ýöne aslynda bir sebäbi ba)
CcRaZy Girls
2 Mart 2023
Utulsam durmush oynundan Diyyan Guna kop boynunda:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.