BaýramBejidow
08.03.2023 01:27
Ýoguny bar eder gerçek ýigitler,
Elinde güldesse, gursakda heser,
Bu gün duşuşyga gelen jübütleñ,
Gymmatja sowgatlar kisesin keser.

Tutuş dünýäñ ýüzi, zenanlañ güni,
Bu gün hakly olar, näme diýseler,
Şem ýaly öçügsi bu pany dünýe,
Şolar bilen ýagty, näme diýsegem.

Siz dünýäñ diregi, siz dünýäñ şany,
Şöhläñizden gamaşsa-da gözümüz,
Siziñ üçin çalynsyn şirin mukam,
Siziñ üçin arşa baksyn ýüzümiz.

Ähliñize bagt bersin Biribar,
Goý ömrüñiz bägüllere meñzesin,
Göwnüñize şatlyk mydam ýar bolup,
Kine, gussa gysyp geçsin kebzesin.

Siziñ bilen geljegimiz dowamat,
Mähir doly, gül ýüzli gül jenanlar,
Ýüzüñizden şatlyk, gülki gitmesin,
Baýramyñyz gutly bolsun ZENANLAR!!!

AWTORY: BAÝRAM BEJIDOW


16
114
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Sagbol👍👍👍👍
perizadym
8 Mart 2023
Sagboluñ
Myhman Myhman
8 Mart 2023
gaty gowy
gultaze
8 Mart 2023
Bayram sahyr 👍👍👍
melek_tkm_98
8 Mart 2023
Sag bolun gutlagynyz üçin🤩🤩
nuryyewagulshat
8 Mart 2023
🥰🥰🥰🥰🥰🥰🥰
floret
8 Mart 2023
Goşgy düzüp gutlanmak gaty ÿakymly,size minnetdar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.