BaýramBejidow
15.03.2023 08:43
Sen hakyky syrdaş, sensiñ çyn dostum,
Ähli syrlarymy içiñe salyp,
Hiç kime bildirmän, gizlediñ ýördüñ,
Hiç haçan ikilik etmejek bolup.

Sen hakyt ynamym ödediñ gardaş,
Bolmasa köp gezek göwnüñe degdim,
Ne-hä gaharlandyñ, ne ýüzme basyp,
Ne-de bir sen meniñ göwnüme degdiñ.

Ilkinji muşdagym, iñ ilki dostum,
Bilýäñmi?, Bir gezek gahara yñyp,
Özüme öz sözüm geçmän mahaly,
Seni ellerimden goýberdim zyñyp.

Soñam edenime puşmanlar bolup,
Ylgap, üsti-başyñ kakyşdyrypdym,
Ýagtylan ýüzüñe ýylgyryp bakyp,
Seniñ mañlaýyñdan öpüşdiripdim.

Bu ahwaly hiçkim görmändi, ýöne,
Gören bolsa gülüp için tutardy,
Eý eziz telefon şeýdibem biziñ,
Iñ wepaly dostlugymyz gutardy.

Seni soñam satyp bilmän hiçkime,
Ençe wagt gapyrjakda sakladym,
Señ maña wepañy haklajak bolup,
Menem seni hiç birine satmadym...

Awtory: Baýram Bejidow
12
129
yeke ogul
16 Mart 2023
Malades gaty gowy duzulipsir
gultaze
15 Mart 2023
Indiki sapar serederin myhman . Belligiň üçin sagbol. Oz ýalnyşyňy boýun almagam mertlik. 👍
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Soñuna ÿetÿănçäm geñ galyp okadym" beÿle dost barmyka" diÿip asyl o telefon eken🤦🏻‍♀️
Myhman Myhman
15 Mart 2023
gultaze,Salam! Bagyşla ÿöne postlara ÿazÿan teswirleriñi okadym senden haÿyşt,Allañ adyny tutañda uly harplar bilen,adam adyny hem şeÿle harplar bilen ÿazsañ has düşnükli bolardy
gultaze
15 Mart 2023
Menem bir gowy dosty barada Baýram sahyr gosgy duzupdir diýip pikir etdim ilki 😅 gosgy 👍
numa
15 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍🤙
gulshatayewa97
15 Mart 2023
Malades telefon hakda şeýle goşgy ýazyp😇
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Başyndan okamdan dostluk hakda gowy goşgy ýazypdyr diýdim-dä :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.