Eje!.
Büdräp kölegäme, ylgap salgyma,
Ýamanlañ münberne münmerin eje,
Goý geçsin geçenler, gozgama gowsy,
Bir gussa çümemsoñ, diñmerin eje!.
Owal emgemedik emgegim tapyp,
Düwülen täleýmiñ iññesin sapyp,
Ýañy bir kök uran şinäni çapyp,
Hyýallañ yzyndan eñmerin eje!.
,,Dost" diýdim, ,, Dost" söze mynasyp däl-e,
,,Suw" diýip topuldym, öwrüldi çägä,
Ömrüñ soñlanjagy aýandyr dälä,
Durmuşy barybir ýeñmerin eje!.
Täleý sallançagyn iki ýan yrap,
Dogrusy keneden bükülýän biraz,
Ähli gowylgy çekýäler gyra,
Belki, kämil bolup bilmerin eje!.
Geçmişde ne günler görkezdi pany,
Çeýnäpdik ençeler minnetli nany,
Köki haram bolan şöhraty-şany,
Mugtyna bersinler, almaryn eje!...
Awtory: Baýram Bejidow