Aynashka
09.01.2023 19:42
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.
Ol ýatyr. Ýan berip krowatynda,
Onuň agras başy ýerden galanok.
Lenç bolan ökjeler, ysgynsyz dyzlar,
Ýöremek isleýär, ýöräp bilenok.
Ynjalyk tapmaýar şirin janyna,
Ýassygyn gujaklap agýar-da, dönýär.
Göýä oň göwnüne ýelek düşekçe,
Synanyň astynda göwreýär, ýanýar.
Elinde garanat, bagryn ýere oýkap,
Gar üstünde söweşip barýar ol ýene.
Bombalar ýarylyp, tüteýär zemin.
Ýalaňaç döşlerde gülleler gyzyp,
Sanaýar ençeler iň soňky demin.
Käsi arkan, käsi ýüzin ýykylşyp,
Ýatyr ine, ene süýdin emenler.
Merdemsi kükregin al-gana boýap,
―Watan!‖ diýip gözün baky ýumanlar.
Eňräp ak bultlar, garalýar asman,
Bagry bilen süýşüp barýar ol ýene.
Gam çekýär sähralar, aglaýar düzler:
―Adam ajal zyňýzr adam üstüne.
Barýaryn ýanyňa, sypaýan başyn,
Diýýän: ―çaý demledim tursana kaka!‖
Kakam ses berenok, titreýär kakam,
Ýetşiň, adamlar, bu niçik waka?
Çykyp barýar göreçleri hanadan,
Bedeni gögerýär, ýüzi gögerýär.
Bilmen, ol näme üçin soňky deminde:
- Öňe! Öňe! Öňe! - - diýip gygyrýar.
Olar öola düşdi, barýarlar ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan.
Merdiwany alyp barýar gerçekler,
Biliň, meniň ömrüm size bendiwan.
Göz öňünden ýitip barýar tabydyň,
―Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!‖
Iki ýoluň çatrygynda aljyrap,
Ine, men şeý diýip, çökýärin dyza...
Gözleriňi göreçlemde saklaryn,
Seň gözleriň küýsäp maňa seretsin.
Köp ýerde yz goýan agyr täleýiň,
Goý, rehimsiz ýüreklerem eretsin.
Habar berer göreçlerim görene,
Şol gaýly ýyllarda synaň owulşyn.
Synaň azar çekip krowatyňda
Damarlaň dartylyp käte düwülşin.
Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,
Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň, jigilem, rahatlan, enem,
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.
Güne öwşün atýan kümüş ýapraklar,
Hoşlaşmady, eziz atam, seň bilen.
―Ol adam guşlaryň ganatynda‖ diýp,
Saýrady bilbiller ala-daň bilen.
Sen entek-entekler ýaşamalysyň,
Öňde galdy ýaşamaly ýyllaryň.
Deňiz kenarynda, daglaň gerşinde,
Öçmändir henizem aýak yzlaryň.
Aýak yzlaryňy ýelden goraýar,
Patrak dek açylan erkin almalar.
Ýyllar gaýyp bolup geçip gitse-de,
Kökünde saklajak adyňy olar.
Ýatlaýar dünýämiz, seni ýatlaýar.
Köne dörän, täze dörän şäherler.
Gyrmyzy gülünde adyň nagyşlap,
Ýatlaýar şol ýyllar, ala-baharlar.
Ýöne boşap galdy biziň dulumyz,
Men agyr oýlanyp, atardym daňy.
Şol säherde dünýä inen nesiller,
Dakynýarlar seniň eziz adyňy.
14
65
Aynashka
08.01.2023 23:14
HOSHLASHYK.
Ýapraklañ lebine gaçan damjalañ.
Iki arada durshy ýaly sallanyp,
Señ dünýäñden kowlan ýaraly ýürek
Ne-hä dymyp bildi, ne-de dillenip.
Umytlarym shol gün boýun egmedi,
Diýen etmän galdy yshk güzerinde.
Duýan eken gijä galan otly deý,
Ýene saklanjagñy yshkyñ deñinde.
Gaýdyp geldiñ,
Melhem bolmak islediñ,
Gözýashlardan gussa batan göreje.
Äkiden söýgiñi alyp gelmediñ,
Ýalñyz özüñ gaýdyp geldiñ diñeje.
Ýok!
Goýberip bilmen seni dünýäme,
Çekipdim, çekerin bu ýürek zaryn.
Ýaralama meñ mukaddes duýgymy,
Sensizem söýgimi özüm aýaryn.
15
35
Aynashka
06.01.2023 10:23
Botaniki taýdan sarymsak sogan bilen bir maşgala degişlidir.
Sarymsak gadymdan bäri Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýär.
Fransiýanyň Gaskon sebitinde sarymsak çorbasy bişirilýär. Şeýle-de bolsa, beýleki halklaryň wekilleriniň bu çorbany içip bilmejekdikleri düşnüklidir.
Sarymsak köp kesellere garşy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.
Dünýäde iň köp sarymsak sarp edilýän ýurtlar – Hytaý, Koreýa we Italiýa. Bu ýurtda her adam günde ortaça ondan köp sarymsak iýýär.
Hindistanda sarymsak irki döwürlerden bäri derman hökmünde ulanylýar. Emma ysy sebäpli ony hiç wagt nahara salmaýarlar.
Sarymsagyň antibiotiklere baýlygy XIX asyrda alymlar tarapyndan açyldy.
2009-njy ýylda Hytaýda doňuz dümewiniň ýaýramagyndan soň halk lukmançylygynyň wekilleri bu keseli sarymsagyň kömegi bilen bejerip başladylar. Şol döwürde Hytaýda sarymsagyň bazar bahasy öňküsinden 40 esse ýokarydy.
Sarymsak aslynda köp kesel döredýän bakteriýalara degişlidir.
Gadymy döwürde sarymsagyň erbet ruhlardan goraýandygyna ynanypdyrlar. Guradylan sarymsak jaýlaryň deşiklerine, gapylaryň ýokarsyna asylypdyr.
Gadymy Rimde esgerleriň iýmitine sarymsak goşulypdyr. Sarymsak diňe bir keseli ýok etmän, esgerlere batyrlyk we goşmaça güýç beripdir.
Lukmanlaryň bellemegine görä, sarymsagyň immuniteti ýokarlandyrmak we gany suwuklandyrmak häsiýeti bar. Mundan başga-da, düzüminde kaliý, demir, kalsiý, magniý, marganes we beýleki iýmitlik maddalary bar. Alymlar sarymsagy köp iýýän adamyň ýürek keselinden ejir çekmeýändigini anykladylar.
14
40
Aynashka
05.01.2023 21:44
Häzriki döwürde dünýäniň ýüzünde “akylly öýleriň” köpelmegi we olaryň täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bieln öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar , baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Dogrusy eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi.
Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Öýüň howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilýär.Dogrusy sensorlar dünýäsi ilkinji nobatda “eýesine tehnologiýany okatmak” bilen amala aşyrylýar. Munuň özi gelejegi saglaýan täzelikçileriň tapan oýlap tapyjylygydyr. Dogrusy Adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär. “akylly öýler” hakyky akyllylygy bilen eýesini tanaýanlygy bilen täsindir. Çünki birtopar ownuk öý işlerini ýada salmak we ýerine ýetirmek, temperaturadan başlap, çyglylyga çenli gözegçilik diňe bir artykmaç wagt talap etmän, eýsem, ünsüňi bölýär. Şoňa görä-de, «akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar. Adamzat dünýäsinde täzelikleriň her bir zamanda bolany taryhda bar. Emma häzirki döwür ýaly, tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy bolsa, bu günkigün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar.
Nartäç Awlikuliýewa,
10
41
Aynashka
04.01.2023 12:02
Ilkinji galstugy horwatiýalylaryň oýlap tapandygy, fransuzlaryň bolsa ony kämilleşdirip, şu günki görnüşe getirendigi barada maglumatlarda bellenilýär. Galstugyň oýlanyp tapylyşy XVII asyrdan gözbaş alýar. Fransuzlaryň harby egin-eşigini geýen horwat esgeri boýnuna ma ta
bölegini daňýar. Muny gören fransuzlar
ýakada mata bölegini daňmagyň har by
lybasa gelşik berjekdigini bilýärler. Netijede, ilkinji galstuk harby lybaslaryň bir
bölegi hökmünde ýüze çykýar. Ony fransuzlar «La Cravate» diýip atlandyrýarlar.
Wagtyň geçmegi bilen Ýewropada «La Cravate» uly ösüşe eýe bolýar. 1800-nji ýyllarda şarf görnüşli galstuklar
meşhur bolup, ony derejeli adamlar nepisligiň we baýlygyň alamaty hökmünde
dakynypdyrlar. 1818-nji ýylda «Neckclot-
hitania» atly kitapça neşir edilip, onda
galstuk dakynmagyň düzgünleri we daňmagyň ýörgünli usullary görkezilýär. Senagatda birnäçe ösüşleriň gazanylmagy
netijesinde zygyr matadan, ýüň we ýü-pek matalardan galstugyň täzeçe görnüşleri öndürilip başlanýar. Bu döwürde askotlar (Angliýada at ýaryşlarynda
çapyksuwarlaryň dakynýan boýunbagy)
uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňlugy bilen alymlar, lukmanlar we baý mülkdarlar hem askot dakynyp başlaýarlar.
1920-nji ýyllarda Nýu-Ýorkda öndüriji Jesi Langford matanyň bir tarapyny burçly kesip, uzynlygyna üçe epläp
tikmek usulyny oýlap tapýar. Şeýdip ol «galstuk ýasamagyň» täzeçe usulyna
patent alýar. Onuň bu usuly senagat üçin
öwrülişik bolup, şu günki güne çenli ulanylyp gelinýär. Oňa «Langford Necktie»
diýip at berýärler. 1950-nji ýyllarda galstugyň insiz görnüşleri has ýörgünli bolup, dürli hili
nagyşlar bilen bezelip başlanýar. Ony,
esasan, aýdymçylar, sazandalar dakynýarlar. 1960-njy ýyllarda bolsa ýaşla-ryň arasynda kipper galstugy dakyn mak
ýörgünli bolýar. Esasan, goňur görnüşi
bolan bu galstuk gysgalygy we giňligi
bilen tanalýar.
Dört asyryň dowamynda kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten galstuk häzirki zaman jemgyýetinde «medeniýetiň nyşany» hasaplanýar. Häzirki wagtda millionlarça adam galstugyň
dürli görnüşlerini iş, ýaşaýyş we medeni şertlerine görä dakynýarlar. Ol adamy
salyhatly we medeniýetli görkezýär. Häzirki wagtda galstugyň dakynmagy has
aňsat bolan syrmaly, rezinli we gysgyçly
görnüşleri bar.
10
22