https://owrenmeli.app/35605-ejem-bolsa-yanymda.html#comment
Aynashka
01.01.2023 09:37
Ejem bolsa ýanymda
Gyş günüm ýaza dönýär
Ejem bolsa ýanymda
Köp wagtym-aza dönýar
Ejem bolsa ýanymda.
Göwnüm Şähere dönýär
Döwrüm Bahara dönýär
Söhbet Şekere dönýär
Ejem bolsa ýanymda.
Oýlandyrar oturar
Müň bir sowal getirer
Jogabyny bitirer
Ejem bolsa ýanymda.
Edep berer ,Erk berer
Zynat berer,Görk berer
Näme berse Berk berer
Ejem bolsa ýanymda.
Suwa barsam –salymdyr
Azaşaýsam ýolumdyr
Bar zat –anyk , mälimdir
Ejem bolsa ýanymda.
Ak ýollara ataran
Arzuw eýläp oturar
Maksadyma ýetirer
Ejem bolsa ýanymda.
10
59