Aynashka
09.01.2023 19:42
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.

Ol ýatyr. Ýan berip krowatynda,
Onuň agras başy ýerden galanok.
Lenç bolan ökjeler, ysgynsyz dyzlar,
Ýöremek isleýär, ýöräp bilenok.

Ynjalyk tapmaýar şirin janyna,
Ýassygyn gujaklap agýar-da, dönýär.
Göýä oň göwnüne ýelek düşekçe,
Synanyň astynda göwreýär, ýanýar.

Elinde garanat, bagryn ýere oýkap,
Gar üstünde söweşip barýar ol ýene.
Bombalar ýarylyp, tüteýär zemin.
Ýalaňaç döşlerde gülleler gyzyp,

Sanaýar ençeler iň soňky demin.
Käsi arkan, käsi ýüzin ýykylşyp,
Ýatyr ine, ene süýdin emenler.
Merdemsi kükregin al-gana boýap,

―Watan!‖ diýip gözün baky ýumanlar.
Eňräp ak bultlar, garalýar asman,
Bagry bilen süýşüp barýar ol ýene.
Gam çekýär sähralar, aglaýar düzler:

―Adam ajal zyňýzr adam üstüne.

Barýaryn ýanyňa, sypaýan başyn,
Diýýän: ―çaý demledim tursana kaka!‖
Kakam ses berenok, titreýär kakam,

Ýetşiň, adamlar, bu niçik waka?

Çykyp barýar göreçleri hanadan,
Bedeni gögerýär, ýüzi gögerýär.
Bilmen, ol näme üçin soňky deminde:

- Öňe! Öňe! Öňe! - - diýip gygyrýar.

Olar öola düşdi, barýarlar ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan.
Merdiwany alyp barýar gerçekler,

Biliň, meniň ömrüm size bendiwan.

Göz öňünden ýitip barýar tabydyň,
―Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!‖
Iki ýoluň çatrygynda aljyrap,

Ine, men şeý diýip, çökýärin dyza...

Gözleriňi göreçlemde saklaryn,
Seň gözleriň küýsäp maňa seretsin.
Köp ýerde yz goýan agyr täleýiň,

Goý, rehimsiz ýüreklerem eretsin.

Habar berer göreçlerim görene,
Şol gaýly ýyllarda synaň owulşyn.
Synaň azar çekip krowatyňda

Damarlaň dartylyp käte düwülşin.
Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,

Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň, jigilem, rahatlan, enem,

Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar.
Güne öwşün atýan kümüş ýapraklar,

Hoşlaşmady, eziz atam, seň bilen.
―Ol adam guşlaryň ganatynda‖ diýp,

Saýrady bilbiller ala-daň bilen.
Sen entek-entekler ýaşamalysyň,

Öňde galdy ýaşamaly ýyllaryň.
Deňiz kenarynda, daglaň gerşinde,
Öçmändir henizem aýak yzlaryň.

Aýak yzlaryňy ýelden goraýar,

Patrak dek açylan erkin almalar.

Ýyllar gaýyp bolup geçip gitse-de,
Kökünde saklajak adyňy olar.

Ýatlaýar dünýämiz, seni ýatlaýar.

Köne dörän, täze dörän şäherler.
Gyrmyzy gülünde adyň nagyşlap,
Ýatlaýar şol ýyllar, ala-baharlar.

Ýöne boşap galdy biziň dulumyz,

Men agyr oýlanyp, atardym daňy.
Şol säherde dünýä inen nesiller,
Dakynýarlar seniň eziz adyňy.
14
65
Aynashka
10 Yanwar 2023
asyl,💗💗💗
asyl
9 Yanwar 2023
😔😔😔👍👍
Aynashka
9 Yanwar 2023
best_person,melek06,sps
melek06
9 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.