Ilkinji galstugy horwatiýalylaryň oýlap tapandygy, fransuzlaryň bolsa ony kämilleşdirip, şu günki görnüşe getirendigi barada maglumatlarda bellenilýär. Galstugyň oýlanyp tapylyşy XVII asyrdan gözbaş alýar. Fransuzlaryň harby egin-eşigini geýen horwat esgeri boýnuna ma ta
bölegini daňýar. Muny gören fransuzlar
ýakada mata bölegini daňmagyň har by
lybasa gelşik berjekdigini bilýärler. Netijede, ilkinji galstuk harby lybaslaryň bir
bölegi hökmünde ýüze çykýar. Ony fransuzlar «La Cravate» diýip atlandyrýarlar.
Wagtyň geçmegi bilen Ýewropada «La Cravate» uly ösüşe eýe bolýar. 1800-nji ýyllarda şarf görnüşli galstuklar
meşhur bolup, ony derejeli adamlar nepisligiň we baýlygyň alamaty hökmünde
dakynypdyrlar. 1818-nji ýylda «Neckclot-
hitania» atly kitapça neşir edilip, onda
galstuk dakynmagyň düzgünleri we daňmagyň ýörgünli usullary görkezilýär. Senagatda birnäçe ösüşleriň gazanylmagy
netijesinde zygyr matadan, ýüň we ýü-pek matalardan galstugyň täzeçe görnüşleri öndürilip başlanýar. Bu döwürde askotlar (Angliýada at ýaryşlarynda
çapyksuwarlaryň dakynýan boýunbagy)
uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňlugy bilen alymlar, lukmanlar we baý mülkdarlar hem askot dakynyp başlaýarlar.
1920-nji ýyllarda Nýu-Ýorkda öndüriji Jesi Langford matanyň bir tarapyny burçly kesip, uzynlygyna üçe epläp
tikmek usulyny oýlap tapýar. Şeýdip ol «galstuk ýasamagyň» täzeçe usulyna
patent alýar. Onuň bu usuly senagat üçin
öwrülişik bolup, şu günki güne çenli ulanylyp gelinýär. Oňa «Langford Necktie»
diýip at berýärler. 1950-nji ýyllarda galstugyň insiz görnüşleri has ýörgünli bolup, dürli hili
nagyşlar bilen bezelip başlanýar. Ony,
esasan, aýdymçylar, sazandalar dakynýarlar. 1960-njy ýyllarda bolsa ýaşla-ryň arasynda kipper galstugy dakyn mak
ýörgünli bolýar. Esasan, goňur görnüşi
bolan bu galstuk gysgalygy we giňligi
bilen tanalýar.
Dört asyryň dowamynda kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten galstuk häzirki zaman jemgyýetinde «medeniýetiň nyşany» hasaplanýar. Häzirki wagtda millionlarça adam galstugyň
dürli görnüşlerini iş, ýaşaýyş we medeni şertlerine görä dakynýarlar. Ol adamy
salyhatly we medeniýetli görkezýär. Häzirki wagtda galstugyň dakynmagy has
aňsat bolan syrmaly, rezinli we gysgyçly
görnüşleri bar.