BIZNES
“Under Armour” markasynyň taryhy…
“Under Armour” markasy 1996-njy ýylda uniwersitetiň talyby tarapyndan döredilen markadyr.
Kewin Plank 1972-nji ýylda dünýä inýär. Ol çagalykdan sport bilen gyzyklanyp, öz hyýalyndaky ýaly sport dünýäsinde üstünlige ýetdi. Ol Meriland uniwersitetinde okaýan döwründe, sport üçin geýýän eşiginiň derläp suw bolmagyndan birahatdy. 1995-nji ýylda bu ýagdaýa çäre tapmak üçin mata satylýan dükanlaryň birinden mata satyn aldy. Plank tejribe geçirip görmek üçin alan matasyndan eşik taýýarlady. Dostlary hem onuň taýýarlan eşigini geýip, alyp baran işiniň täsirine göz ýetirdiler. Plank soňra bu eşigiň hasam kämil görnüşini döretdi.
Kewin Plank uniwersiteti tamamlandan soňra ol egin-eşik öndürmek işine girişdi. 1996-njy ýylda “Armour Athletic Appareli” gurdy. Kewin Plank öz arzuwyndaky markany döretdi. Gysga wagtyň içinde daş-töweregine özüni we markasyny tanatmagy başardy.
“Armour”-yň ilkinji müşderisi Jorj Tehdir. Kompaniýanyň ilkinji ýylynda 500 “Armour HeatGear” köýnekleri satyldy. 1997—1999-njy ýyllarda käbir zerurlyklary göz öňüne tutup, täze egin-eşikleriň modelini döretdiler.
Birnäçe filimleriň egin-eşik sponsurlygyny ös üstüne alyp, öz logosyny filmlerde reklama etdirip başlady. Şeýlelikde, markanyň satyşy has-da artdy.