Aynashka
03.01.2023 23:05
Dört gylyk
«Ulumsylyk – erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ulumsylyk etmejek bolup,
Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost.
«Geplemseklik – erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne geplemseklik etmejek bolup,
Dommaryp ýörmegem gowy däldir, dost.
«Ýaranjaňlyk – erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ýaranjaňlyk etmejek bolup,
Gomparyp ýörmegem gowy däldir, dost.
«Ýaltaçylyk – erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ýaltaçylyk etmejek bolup,
Hars urup ýörmegem gowy däldir dost.
«Başga-da köp erbet gylyk» diýýärler.
Olaryň köpdügem rastdyr rast.
Ýöne her bendimde bir söz üýtgedip,
Samyrdap durmagam gowy däl-dä, dost.
14
70
Aynashka
4 Yanwar 2023
yakup allabayew,gul_,sps ❤❤❤
yakup allabayew
4 Yanwar 2023
Ajaýyp berekella
mgm
3 Yanwar 2023
Aynashka,Hawa dogry aytyan
Aynashka
3 Yanwar 2023
mgm,sps. kerim shahyrmyzyn hemme goshgularam gaty gowy
mgm
3 Yanwar 2023
Gaty gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.