Aynashka
31.01.2023 17:44
Diñe hakykaty ýazasym geldi,
Başyñda ýaglyk bar al elwan gülli, Ýöne bir häsýetiñ ýüregmi dildi, Diýme beýle goşgyñ nämäme gerek.
Ynha taryp etsem saçlaryñ waspyn
,
Näme saçlaryñda barmydy kastyñ, Olary kesipsiñ soñam boýapsyñ, Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?
Mañlaýña düşüpdir bir topar joýa, Ne günlere düşdüñ kärdeşim Maýa?!
Wah gaşlañ ütülip bolupdur zaýa, Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?
Gabaklañ hakdada kän
ýazsam bolar,
Her gün dürli reñke boýalýar olar, Bu gün gyzyl ertir gök soñ ýaşyl goñur
,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?
Kirpikleñ waspynam geçeýin ýazyp, Her gün sürme çalýañ öñküni pozup, Aý garaz barýarsyñ şeýtandan ozup, Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?
Keşbiñe sözüm ýok örän gelşikli
,
Her gün işe gelýäñ dürli eşikli
,
Arman gulaklaryñ iki deşikli
,
Aýtsana bu zatlar nämäñe gerek?
Kim senden gaçyp ýör kim saña aşyk
,
Gör nämeleri etdirýär ýaşlyk
,
Aý borda aýagñy basmasañ gyşyk,
Düşünmeseñ goşgym nämäñe gerek?
14
99
Aynashka
30.01.2023 19:36
Seniň söýgiň meni bagta äkidýär,
Hem gursagma mähir guýýar müdimi.
Şeýlebir, şeýlebir joşasym gelýär,
Saňa duşdum, menem bagtly indi.
Başymdaky elwan öýmäň galgaýşy,
Bilseň, saňa çakylykdyr, ezizim!
Meni bagtyň gujagyna doldurýar,
Joşgunly baharym, söýgüli güýzüm.
Ak daňlar atanda Kuýaşyň dogşy,
Nurlandyrýar bagta barýan ak ýoly.
Iki bolup bir menzili külterläp,
Söýgi bilen bezäp barýas ykbaly.
9
59
Aynashka
29.01.2023 21:43
Mähribanym,eziz käbäm,
Sensiň dünýe barym meniň.
Her pursatda diýip”Balam”,
Bolduň howandarym meniň.
Ak süýt berdiň mähir bilen,
Aglanymda diňdirerdiň.
Hüwdilerňe söýgi bilen,
Arzuwlarňy siňdirerdiň.
Gije-gündiz mähir bilen,
Çyn mähriňe dolanypdym.
Kä ýykylyp,käte ýöräp,
Ýörjen-ýörjen boý alypdym.
Ähli ýerde goraglandym,
Dogaly sözleriň bilen.
Uzak ýoldan garşylardyň,
Intizar gözleriň bilen.
Mydam berip päk pendiňi,
Ogluň üçin syrdaş bolduň,
Ýetilmedik menzillere,
Ýetmek üçin ýola saldyň.
Akyl berdiň ak süýdiň deý,
Ejizlämde gujak gerdiň.
Kämil adam bolmak üçin
Durmuşyň gujagna berdiň.
Seniňki deý mähir, söýgi,
Görmedim men heniz käbäm.
Sensiň dünýe barym meniň
Mähribanym, eziz käbäm.
17
71
Aynashka
28.01.2023 11:33
Aşyklara
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra,
Olaň güni başyňyza düşmesin!
Ýöne welin, eý, erkana aşyklar,
Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin.
Men akyl bermekçi bolamok size,
Men akyl bererden entek juda ýaş.
Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr,
Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş.
Şasenem-Garyba meňzäň diýemok,
Olaryň takdyry düşmesin başa!
Ýöne azat söýgüde-de synag bar —
Äsgermezlik eden çeker endişe.
Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde,
Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe:
...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň,
Ine, merdanalyk diýerler muňa!
Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar,
Gözleri ataşdyr, sözleri şeker.
Üç gezek bükülip dyzyna çöker —
Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç!
Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde,
Ýalan sözem bardyr entek dünýäde.
Baýramda, ballarda ýary sal ýada,
Başgalaň ýanyndan başga bolup geç!
Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn,
Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn.
Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn —
Ýere bakma, ile nazar salyp geç!..
Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn,
Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar.
Bir-birine berçinlensin kalbyňyz,
Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar!
14
94
Aynashka
27.01.2023 14:07
Arzan zadyň arzasy ýok diýýärler.
Gözel zat döränok elujy bilen.
Eneleň hüwdüsi, atalaň anty
Çykypdyr ýüregiň hyrujy bilen.
Perzendiň üstüne gerip döşüni,
Sypap onuň gulpagyny, gaşyny.
Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny,
Eneler düwdini döredipdirler.
Duşman äkidende doganyn güýlüp,
Ýaraty arslan dek düýrülip, düwüp.
Mele desterhany maňlaýa sylyp,
Atalarmyz anty döredipdirler.
Enäň hüwdüsinden döräpdir aýdym,
Atanyň antyndan dörän namys-ar.
Goşa gudrat gaýnap dursun gursakda
Adamlygmyz şolar bilen tanalýar!
Üstümde durnagöz asmanym barka
Üstümde durnagöz asmanym barka,
Saçagymda barka mele çöregim,
Törümde perzendim — islänim barka,
Darykma-da, giň bol ahyr, ýüregim!
Bu ajaýyp daňlar, nurana daňlar
Ak süýdün sepeläp durka jahana,
Guşlar gözýetimde gaýyşyp ýörkä,
Bitakatlyk üçin barmy bahana?!
Bozagandyr ýowşanlaryň ysyndan
Kükäp, serhoş edip durka Garagum,
Söwer myhman gelip durka gapyňdan,
Urunma hakyň barmy, ýüregim!
Pöwrizeden Aşgabada geçeňde,
Alçak gyzlar almalygyň içinde,
Alýaňak almany edýärkä hödür,
Ýürek, biynjalyk bolmagyň nedir?!
Aýdyma aşykka uludan-kiçi,
Goýulýarka goşga hormatdyr gadyr,
Iýseň iýip, içseň içip bilýäkäň,
Ýürek, bu düşnüksiz gürsüldiň nedir?!
Şeýle bir adamlar gördüm ömrümde:
Ursaň — ýylgyrýarlar,
Sökseň — gülýärler.
Toýam, bir ýasam bir — şoň üçin olar
Ne ezýet çekýärler,
Ne-de ölýärler.
Mahal-mahal gözüň gidýär olara,
Ýürekleri sowuk, ganlary sowuk.
Bir hepde undasyň gelýär bar zady,
Ähli pikirleri kelläňden kowup.
18
93
Aynashka
26.01.2023 19:50
Gürrüň
Gürrüňe çagyrýan ýakyny, daşy,
Boş görmäň, ýürekden çykýan alkyşy.
Umydyňy elden berme, eý kişi,
Garly gyşyň soňy ýaşyl ýaz bolar.
Doýulmaýan bu owadan dünýäde,
Haýranlar galýarsyň kä bolýan zada.
Soňuny saýmazdan berýärler wada,
Diýmek, öz sözünde durýan az bolar.
Bagty duýýaň söýeniňde, söýleňde,
Gülki, şatlyk mekan tutsun öýlerde.
Goly çyzgap göreş tutsaň toýlarda,
Güýç görkezjek bir çukanak dyz bolar.
Ýyllara duwlanyp bekeýär beýni,
Daglary göterýär baýyrlaň egni.
Ine, aý-günleriň edýänje oýny:
Gök garpyzyň içi gyzyl köz bolar.
Eziz adam, abat bolsun üçegiň,
Bagty çüwsün, başgaň bagtyn açanyň.
Görüp dursaň naz-nygmatly saçagyň,
Baş hümmeti bir çümmüjek duz bolar.
Janyň sag, başyňda akyl-huş bolsa,
Garrylyk nämemiş, göwnüň ýaş bolsa.
Kalby darykdyrýan çytyk gaş bolsa,
Göwünleri nurlandyrýan näz bolar.
Parhy ýokdur, begmi ýa garyp bende,
Bergili biz bir-biregiň öňünde.
Unutmaň doganlar, ahyr soňunda
Biz pakyrdan galjak öçmez yz bolar.
17
58
Aynashka
25.01.2023 04:11
Ýaş zenanyň elhenç ruhy.
Köçämiziň aňyrsynda köne, ýaşaýjylar taşlap gidilen bir harabalyk bardy
Ol harabalygyň deňesinden kiçiräk wagtymam geçmäge gorkýardym. Şäherçämiziň ýaşaýjylary hem şonuň gabadyndaky köçeden geçmäge çekinýär ekenler. Şeýle bolansoň ol ýerlerdäki harabalyk ýykylmandyram, şol durşyna içindäki atam-babam döwründen galan goş-golamlaram kerepdir çaň-tozan basyp ýatypdyr. Hiç kim hiç zadyna el degirip bilmändir. Käbirleri bu ýerde adam awlap iýýän ganhor zenan ýaşaýar diýseler, kä birleri bu ýerde erbet şepagat uýasynyň zyýan getiriji ruhy ýaşaýar hem diýýärdiler.
Sebäbi hökümet edaralarynyň işgärleri hem bu jelegaýlardan netije tapman hemme işi goý bolsun edip şol ýeke binanyň derwezesine gulp asyp, zynjyrlamak bilen çäklendiler.
Aýtmaklaryna görä Sowet döwründe bu bina döwlet hassahanasy bolupdyr eken.
Şäherçe ol wagtlar oba kalhoz eken. Wagtynda Zäherlenen, ýokanç keselli, içgeçme ýaly dürli keseller bilen kesellän adamlara däri-derman berip, sanjym berip oba ilatlaryň saglygyny berk göz astynda saklaýan saglyk punkt bolupdyr.
Onuň başlygy murtlak daýaw adam eken. ENKWD işgärleri ony dört burç tamyň içinde soraga çekýärler. Aýtmaklaryna görä onuň şol obada öçli, öýkeli duşmany bar eken. Şol öýkeli adamyň ejesi şol hassahanada gyssagly kömek wagtynda aradan çykypdyr pahyr. Munuň sebäbinem diňe şol hassahananyň başlygyndan gören şol öýkeli adam hökümet işgärlerine ýamanlapdyr «Şol hassahananyň başlygy watan dönügi» diýip. NKWD-çiler hassahananyň başlygyny tutup soraga çekenlerinde ol nähak atylan töhmedi asla kabul etmändir. Onuň subutnamasyny hem görüp ýetişmänkä ony baýyrlygyň arasyna äkidip atýarlar pahyry. Aslynda onuň subutnamasyda ýokla welin, NKWD-çiler hem şolar ýaly zat bolsa galp dokument taýýarlap goýýar ekenler.
Görgüliniň aýaly hem öň ýogalyp, onuň ýeke hossarlaryndan bir gyzy bar eken. Onuň garyndaşlaryny hem it atan ýaly ýoklap, kimsini atyp, kimsinem sürgün edipdirler.
Gyzyň ady Bägül eken. Bägül ýokary okuw mekdebini diplom bilen tamamlap kakasynyň wezipesini eýeläp şol binanyň başlygy bolup galyberipdir. Pahyrjygyň kysmaty şor eken. Onuň garyndaşlaryndanam hiç hili adam galmansoň, tukatlyk ony gün-günden hökümete garşy ýigrenç duýgusyny oýandyrypdyr.
Ol syrkaw bolup saglyk ýatakhanasyna düşen her bir hökümet işgärlerine zäherli sanjymlar, gynaýjy labaratoriýalar, kelläni dällirediji melhemler bilen ýoguna ýanmagyň kül-külüne düşüpdir.
Muny bolmalysy ýaly hem edipdir. Şol wagtlar onuň iş otagynda görenden para alyp, ýa adam satyp ýaýnap ýören ýogyn garyn oba arçyny peýda bolupdyr. Özüniň semizliginden ejir çekýändiginden zeýrenen oba arçyny liçeniýa üçin gelendigini Zenan başlyga aýdypdyr. Bägül ony aýratyn hassa otagyna ýerleşdiripdir. Hassa seretmekligi hem öz boýnuna alyp, onuň şol ýerde hirurgik enjamlary bilen derini kesip öz endamynyň etini kesişdirip onuň agzyna dykyp-dykyp öldüripdir.
Birnäçe günden soň Oba arçynynyň ýitirim bolandygy habary oba arasynda ýaýrap başlaýar.
Ol şondan soň ýokary wezipede işleýän haramhor, diýdimzor adamlar bilen şeýdip haklaşypdyr.
Onuň ganynda ar alyş hyjuwy derýa ýaly bolup akýardy.
Bir gün hem onuň kakasyny soraga çeken NKWD işgärleriniň birini hassahanada görýär. Ol öz syrkaw aýalynyň halyndan habar almaga gelipdir eken.
Bägül ony hassanyň ýanyna goýberip iki juwanlary görüşdirýär. Soňra Bägül gapyny bulara bildirmän ýapyp, onuň bilindäki pistolete ýapyşyp haýbat atypdyr. Iki adamlyk ýatakhanada hassa aýalyň ärini ýatyryp el-aýagyny daňyp hirurgik operasiýa başlaýar. Ony dürli gynamalar janyny jähenneme iberýär.
Eýsem halkyň nähak ajy günlerine tüsse bilen bogan haram zadalar şolar ýaly adamlar dälmi? Obanyň ýaşaýşyny dowzaha öwren hem şolar ýaly ýokary wezipedäki adamlar bolsalar gerek.
Bägül olar bilen gutarnykly haklaşan soň hälki NKWD işgäriniň jesedini şol ýatakhanada hemmeler göz bolsun diýip gapyny açyp çykyp gidýär. Özi hem şol wagtyň özünde birýerlere ýitirim bolýar.
Şol gün agşamlyk polisiýa işgärleri hassahananyň içi-daşyny agdar - düňder edip çykýarlar. Emma hiç hili yz tapyp bilmänsoňlar hassalary Aşgabada ugradýarlar.
Garyndaşlaryndan hem derekli adam ýok bolmansoň ol hakynda sorag-ideg edip tapyp bilmeýärler.
Diňe Hassahananyň birinji gatyndan porsy maslyk yslary ýaýrap başlanyndan soň diwardyr, pollary çapyşdyryp zenan başlygyň ýerzemininiň üstüni açýarlar.
Maslyk yslardan ýaňa derňew işleri gijikdirilýär.
Bu ýer başlyk zenan Bägüliň gizlin labartoriýa geçirýän ýeri eken. Birnäçe ylmy işleri synagdan geçirip ylmy doktrina kitaby ýazan Bägül Amanowa birnäçe kesellere garşy sanjymlary, suwuklyklary ýygnap goýupdyr. Onuň gündeligini hem şol ýerden tapýarlar. Anatomiýanyň şekilleri, kesimleri bejergileri suratlar arkaly özünde jemleýän depderçeleriň üstünden barylýar.
Derňew işler gutarylyp Hassahananyň işgärlerini doktarlaryny tussag edip işi şonuň bilen tamamlaýarlar.
Onuň zenan başlygyny hem tapyp bilmeýärler. Diňe ýerzeminde içki iş otagynyň üsti açylanda agaç kreslanyň üstünde saçy dökülip stola iki elini goýup ölüp galan jesedi tapansoňlar hakyky jenaýatçynyň şoldugyna göz ýetirýärler.
Onuň şol uly stolunyň üstünde bir depdere gabat gelýärler. Onda durmuşyň hezilni görüp bilmedik Bägüliň ar almak üçin eden işleri, bir tarapdan geljege gowluk üçin açyp giden ylmy-tejribeleri hödürländigi hakyndaky zatlary ýazypdyr.
Bägüliň gynap öldüren adamlarynyň jesetlerini ýerzeminden çykaryşdyryp olary jaýlaýarlar.
Diňe Bägüliň jesedini çykarmak üçin gelenlerinde olar erbet dälliräp mergi keseline sezewar bolýarlar.
Soňky detektiwleri hem adam awlaýan zenanyň ruhy azar berip dälliredip, ölmez-gülmez edip goýýar.
Şondan bäri hem şol Hassahananyň gapysyndan adam sekip bilmändir.
9
198
Aynashka
24.01.2023 11:00
Atam
Öten agşam atam girdi düýşüme,
(O pahyr öňüräk aradan çykdy),
Ilki meni çagyrdy-da gaşyna,
Soňra gazap bilen gaşyny çytdy.
Atam nebir diline söz getirdi,
Ne ýüzümi aldy, öňküler ýaly.
Şol bir gysym bolup dymdy oturdy,
Bir gysym gahara öwrülen ýaly.
Şeýdip, çekdim dymyşlygyň jezasyn,
Ýüzün sallap köp oturdy gaşymda.
Tyrkyldadyp juda tanyş hasasyn,
Birdenem ol gaýyp boldy düýşümden.
Neçün, ne sebäpden ol beýle halda,
Ýekeje söz diýmän çykdy-da gitdi.
Men işde, öýümde, şowhunly ýolda,
Perişan halynyň pikrini etdim.
Belki, meniň tersinedir edýänim?
Gadyr edeniň gadryn bilmeýärmikäm?
Ýa köp aglap, belki, eý allajanym,
Gülmeli halyma, az gülýärmikäm?
Belki, galplyk bardyr köňül joşumda,
Ýa gidýän däldirin ilime bakan...
Bilmedim men, ýöne agyr düýşümde
Atamyň halyny gördüm perişan.
Ýa biziň gussamyz olaryň gamy,
Ýa-da aglaýarmy seniň kinäňe.
Olaryň öň çeken azary azmy?!
Ýeri, indi gelip, biziňki näme?!
Gije-gündiz ýaňlanyp dur ýerimiz
Edebe-ekrama çagyryp bizi.
Biziň bärde edýän etmişlerimiz
Rahat ýatyranok atalarmyzy.
Şonuň üçin görden turup gijeler
Gün Zemine nurun saçyp geçende,
Hasalaryn tyrkyldadyp gojalar
Aýlanyp ýör düýşistanyň içinde.
1969
15
80
Aynashka
23.01.2023 02:10
Bagra basyp balasyny gujakda,
Yssy mähir çoýup otyr ojakda,
Sözlemegen şahyr ýokdur sen hakda,
Dessan-gazallara siňen, ene sen.
Hupbatlardan maňlaý gasyn köpeler,
Ýyl aýlanyp saçlara ak sepiler,
Emma, duýdurmaz ol, bili epiler,
Derdi-azaplary ýeňen, ene sen.
Mylaýym sereder, mährem göz bilen,
Kalbyňy giňeder ýumşak söz bilen,
Köňle kine gelmez asla siz bilen,
Gahary, gazaby daňan, ene sen.
Sen bir uly dünýe hem giden umman,
Şugla saçýaň pana hiç haçan sönmän,
Jadyly elleriň bar derde derman,
Sabyr, paýhas bilen dyman, ene sen.
Täsin gudratyňa taý bolmaz munda,
Seň mähriňden kuwwat tapýarys günde,
Asyl bu durmuşyň manysam sende,
Ýürekleň töründe duran, ene sen!
Äleme gözellik beren, ene sen!
12
43
Aynashka
22.01.2023 20:19
Ertirlik naharyny edinmek, wagtly-wagtynda dynç almak we gezelenç et mek stresi ýeňip geçmegiň bir usuly hasaplanýar. Stresli ýagdaýda nerw we endokrin ulgamy dartgynly bolup, paýhasly netije çykarmakda, rahat bolmakda hem-de şowly işlemekde birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa daş-töwerege täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, saglyk üçin hem zyýanlydyr.
Stresi azaltmagyň we çydamlylygy ýokarlandyrmagyň birnäçe ýönekeý usuly bar.
Özara gatnaşyk. Bilermenleriň bellemegine görä, maşgala we dostlar adamyň esasy daýanjy bolup, olar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak, derdiňi paýlaşmak stresiň derejesini azaldýar. Şonuň üçin günüň dowamynda ýakynlaryňyz bilen söhbetleşmäge wagt aýryň!
Täze zatlary öwrenmek. Gaýtalanýan durmuş ýörelgeleri stresiň derejesini artdyryp biler. Şol sebäpli täzeçillikleri durmuşyňyza ornaşdyrmagy endik ediniň! Muňa dil öwrenmek, goşmaça hünär öwrenmek, programmalary özleşdirmek mysal bolup biler.
Dynç gününi dogry geçirmek. Iş günlerinden soň, dynç alyş gününi şahsy
meýilnama esasynda peýdaly geçirmek iň dogrusydyr. Dynç alyş güni tehnologik
enjamlar mdan uzakda bolup, maşgala bolup dynç almagy, teatrlara, seýilgählere gezelenje gitmegi, süýjüliklerdir tagamlary bişirmegi ýola goýuň! Şeýle hem dynç alyş güni dostlaryňyz bilen sport oýunlaryny hem gurap bilersiňiz.
Yzygiderli maşk etmek. Maşk etmek fiziki işjeňligi artdyrmak bilen bir hatarda, beýnidäki gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, şähdaçyk bolmaga ýardam edýär. Şeýle hem işde şowly netijeleri gazanmaga itergi berýär.
Tebigatda gezelenç etmek. Agaçlardyr otlar bilen gurşalan meýdanda gezelenç etmek stresi azaltmagyň iň ýeňil usulydyr. Şeýle ýag daý da beýni kislorod bilen doly üpjün edilýär, göz däki nerw damarlary ýaşyl meýdanda rahatlanyp, dartgynlylygyň derejesi ,azalýar.
Dogry dem almak. Stresli ýagdaýda köplenç gysga, çalt-çaltdan dem alýarys ýa-da demimizi saklaýarys. Bu saglyk üçin zyýanly bolup, tersine haýaljakdan çuňňur dem almak rahat lan maga uly kömek edýär. Şeýle ýag daý da dem alyş maşkyny (ýuwaşjadan dem alyp, biraz saklap, soňra ýuwaşjadan goýbermek) ýerine ýetirmek iň dogrusydyr.
Edilmeli işleriň sanawyny ýazmak. Gündelik durmuşda bökdençlik döredýän zatlaryň biri hem edilmeli işiň wagtynda ýerine ýetirilmezligi ýa-da ýatdan çykmagydyr. Şol sebäpli etmeli işleriňiziň sanawyny kagyza belleseňiz netijeli bolar hemde stresiň derejesini kemelder.
17
93