Aynashka
28.01.2023 11:33
Aşyklara

Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra,
Olaň güni başyňyza düşmesin!
Ýöne welin, eý, erkana aşyklar,
Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin.

Men akyl bermekçi bolamok size,
Men akyl bererden entek juda ýaş.
Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr,
Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş.

Şasenem-Garyba meňzäň diýemok,
Olaryň takdyry düşmesin başa!
Ýöne azat söýgüde-de synag bar —
Äsgermezlik eden çeker endişe.

Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde,
Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe:
...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň,
Ine, merdanalyk diýerler muňa!

Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar,
Gözleri ataşdyr, sözleri şeker.
Üç gezek bükülip dyzyna çöker —
Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç!

Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde,
Ýalan sözem bardyr entek dünýäde.
Baýramda, ballarda ýary sal ýada,
Başgalaň ýanyndan başga bolup geç!

Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn,
Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn.
Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn —
Ýere bakma, ile nazar salyp geç!..

Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn,
Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar.
Bir-birine berçinlensin kalbyňyz,
Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar!
14
94
gulshatayewa97
30 Yanwar 2023
Berdinazar Hudaýnazarow
Myhman Myhman
29 Yanwar 2023
❤🙂❤🙂❤🙂❤
Leýla💔
28 Yanwar 2023
Aynashka,okey
Aynashka
28 Yanwar 2023
Leýla💔, jemi 30 posta goyup bolyan eken goydum hemmesine ❤❤❤❤❤❤ uzak yashasyn bagtly abrayly gyz bolsun Allajan Ejesine kakasyna rakyply gyz bolsun 🥰🥰🥰🥰
Aynashka
28 Yanwar 2023
Leýla💔,Ok hokman goyaryn
Leýla💔
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,men senkilere basdym gülüm
Leýla💔
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,basdynmy gülüm
AýgülÝazweliýewa
28 Yanwar 2023
Leýla💔, bolýa kyn ýeri ýok)
Leýla💔
28 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa,👇senem asakdaky diyenin edäýdä pizz insan pasdym diyin menm sizinkabasjak
Leýla💔
28 Yanwar 2023
Aynashka,gülüm şu gün TYLLA agzamyzyň doglan günü şon için son hemme postynda like goyayda Tyllaň postuna hemmesine menem on deregine senka basjak bolyamy hayyst
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.