Aynashka
24.01.2023 11:00
Atam

Öten agşam atam girdi düýşüme,
(O pahyr öňüräk aradan çykdy),
Ilki meni çagyrdy-da gaşyna,
Soňra gazap bilen gaşyny çytdy.

Atam nebir diline söz getirdi,
Ne ýüzümi aldy, öňküler ýaly.
Şol bir gysym bolup dymdy oturdy,
Bir gysym gahara öwrülen ýaly.

Şeýdip, çekdim dymyşlygyň jezasyn,
Ýüzün sallap köp oturdy gaşymda.
Tyrkyldadyp juda tanyş hasasyn,
Birdenem ol gaýyp boldy düýşümden.

Neçün, ne sebäpden ol beýle halda,
Ýekeje söz diýmän çykdy-da gitdi.
Men işde, öýümde, şowhunly ýolda,
Perişan halynyň pikrini etdim.

Belki, meniň tersinedir edýänim?
Gadyr edeniň gadryn bilmeýärmikäm?
Ýa köp aglap, belki, eý allajanym,
Gülmeli halyma, az gülýärmikäm?

Belki, galplyk bardyr köňül joşumda,
Ýa gidýän däldirin ilime bakan...
Bilmedim men, ýöne agyr düýşümde
Atamyň halyny gördüm perişan.

Ýa biziň gussamyz olaryň gamy,
Ýa-da aglaýarmy seniň kinäňe.
Olaryň öň çeken azary azmy?!
Ýeri, indi gelip, biziňki näme?!

Gije-gündiz ýaňlanyp dur ýerimiz
Edebe-ekrama çagyryp bizi.
Biziň bärde edýän etmişlerimiz
Rahat ýatyranok atalarmyzy.

Şonuň üçin görden turup gijeler
Gün Zemine nurun saçyp geçende,
Hasalaryn tyrkyldadyp gojalar
Aýlanyp ýör düýşistanyň içinde.

1969
15
79
Aynashka
25 Yanwar 2023
💎💎Tylla💎💎,sps jan
💎💎Tylla💎💎
24 Yanwar 2023
Gaty gowy 👏👏👏👏👍🏻
Aynashka
24 Yanwar 2023
yakup allabayew,HangeldiAmanberdiýew, sps
Aynashka
24 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa,howwa sheyle😔😔😔
HangeldiAmanberdiýew
24 Yanwar 2023
Beyik şahyr 👍👍👍👍
yakup allabayew
24 Yanwar 2023
Gurbannazar Ezizow👍
yakup allabayew
24 Yanwar 2023
Goşga govy ýazylypdyr
jemal_seyitniyazowa
24 Yanwar 2023
Öli düýşüňe giribem hiç zat gürlemese gaty birhili bolýan ekeniň ýöne 😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.