Aynashka
23.01.2023 02:10
Bagra basyp balasyny gujakda,
Yssy mähir çoýup otyr ojakda,
Sözlemegen şahyr ýokdur sen hakda,
Dessan-gazallara siňen, ene sen.

Hupbatlardan maňlaý gasyn köpeler,
Ýyl aýlanyp saçlara ak sepiler,
Emma, duýdurmaz ol, bili epiler,
Derdi-azaplary ýeňen, ene sen.

Mylaýym sereder, mährem göz bilen,
Kalbyňy giňeder ýumşak söz bilen,
Köňle kine gelmez asla siz bilen,
Gahary, gazaby daňan, ene sen.

Sen bir uly dünýe hem giden umman,
Şugla saçýaň pana hiç haçan sönmän,
Jadyly elleriň bar derde derman,
Sabyr, paýhas bilen dyman, ene sen.

Täsin gudratyňa taý bolmaz munda,
Seň mähriňden kuwwat tapýarys günde,
Asyl bu durmuşyň manysam sende,
Ýürekleň töründe duran, ene sen!
Äleme gözellik beren, ene sen!
12
43
Aynashka
24 Yanwar 2023
yakup allabayew, Nartäç Yusupdurdyyewa
💎💎Tylla💎💎
23 Yanwar 2023
Gowy gosgy 👍🏻👍🏻
AýgülÝazweliýewa
23 Yanwar 2023
Gowy ýazypdyr
yakup allabayew
23 Yanwar 2023
Awtory kimka?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.