Mähribanym,eziz käbäm,
Sensiň dünýe barym meniň.
Her pursatda diýip”Balam”,
Bolduň howandarym meniň.
Ak süýt berdiň mähir bilen,
Aglanymda diňdirerdiň.
Hüwdilerňe söýgi bilen,
Arzuwlarňy siňdirerdiň.
Gije-gündiz mähir bilen,
Çyn mähriňe dolanypdym.
Kä ýykylyp,käte ýöräp,
Ýörjen-ýörjen boý alypdym.
Ähli ýerde goraglandym,
Dogaly sözleriň bilen.
Uzak ýoldan garşylardyň,
Intizar gözleriň bilen.
Mydam berip päk pendiňi,
Ogluň üçin syrdaş bolduň,
Ýetilmedik menzillere,
Ýetmek üçin ýola saldyň.
Akyl berdiň ak süýdiň deý,
Ejizlämde gujak gerdiň.
Kämil adam bolmak üçin
Durmuşyň gujagna berdiň.
Seniňki deý mähir, söýgi,
Görmedim men heniz käbäm.
Sensiň dünýe barym meniň
Mähribanym, eziz käbäm.