Arslan_Alaýew
07.08.2024 01:29
Näçe garlawaç kowduňyz?
Bir garlawaç bir adama aşyk bolupmyş. Onsoň ol ähli
gaýratyny toplap, şol adamyň ýaşaýan öýüniň penjiresine
gonýar-da, çüňki bilen kakýar: tyk, tyk, tyk. Adam ses gelen
tarapa – penjirä seretse-de, muňa kän bir üns bermändir. Öz işi
bilen meşgul bolup ýörmüş. Onsoňam onuň işden ünsüni sowjak
bolýan kiçijik garlawaç dälmi?! Ol üns bereniňe degenog-a!
Ýöne garlawajyň hem çyny eken. Ol uludan bir dem alyp
dogumlanýar-da:
– Eý, adam! Men saňa aşyk boldum. Ýöne sebäbini sorama!
Köp wagtdan bärem seniň yzyňda janserek bolup ýörün. Şu gün
ýüregimi bire bagladym-da, seniň bilen gürleşmäge geldim. Haýyş
edýän, penjiräni aç-da, meni öýe sal. Bile ýaşaly – diýenmiş.
Adamyň bu garaşylmadyk teklibe jyny atlanmazmy:
– Ýene näme?! Ýok ýerden sen nirden çykdyň indi? Bolmaz,
seni öýe salyp bilmen. – Adamyň tapan sebäbem juda ýakymsyzmyş. – Sen guş ahyry! Heý, guşam ynsana aşyk
bolarmy?
Dogry, bu söz garlawajyň ýüregine batypdyr, ýöne onuň
aşyklygy hakdan eken, yza tesmändir. Ara biraz wagt salyp, ol şol
adamyň ýaşaýan öýüniň penjiresiniň öňünde ýene gonýar:
– Eý, adam! Açsana penjiräňi! Meni öýe sal, men saňa dost
bolaryn. Ýüregiňe-de düşmerin.
Adamyň bolsa şol öňki hörpümiş:
– Ýok, saljak däl! – Üstesine, öňküdenem gödekleşenmiş. –
Meň işim kän, git, azar berme!
Gyş golaýlaberende garlawaç ýene onuň penjiresiniň öňünde
gonýar:
– Seret, howa-da sowap başlady, üşeýän, meni öýe sal!
Ýogsam ýyly ýurtlara göçmeli bolaryn. Çünki men diňe ýyly
howada ýaşap bilýärin. Puşman etmersiň, günlerimiz gyzykly
geçer. Bile nahar iýeris. Üstesine-de, sen ýalňyz ýaşaýaň-a!
Ýalňyzlygyňy paýlaşaryn.
Hakykatdan gaçmak käbir adamlaryň tebigatynda bar. Bu
adamam garlawajyň ýalňyzlyk barada aýdanlaryna ot bolup
lowlanmyş, gahary hem gitdigiçe möwjänmiş:
– Men ýalňyzlygymdan hoşal, düşünýäňmi sen?
Soňra ol adam garlawaçdan özüne azar bermezligini
sorapdyr. Garaz, ony kowupdyr. Bu synanyşygy-da başa
barmadyk garlawaç uzaklara uçup gidipdir-de, uzak wagtlap gara
bermändir. Ol gelmänsoň, adam bu gezek başgaça pikirlenip
başlapdyr:
– Akylsyzlyk etdim-ow! Garaşman durkam, biri dostluk teklip
etdi, men yza tesdim. Näme üçin kabul etmedim diýsene! Häzir
içimi hümledip oturmanyň deregine, dostum bilen söhbet edip bilerdim ahyry!
Garaz, adam eden işine ökünipdir. Ýöne soňky tüýkülik sakgal
ezýärmi näme? Onda-da öz-özüne göwünlik berýärmiş:
– Howa gyzyp başlasa, geler-le! Ine, şonda oňa öýümden orun
berip, bileje ýaşarys.
Şeýdip tä howa maýlaýança, onuň gözi ýolda galypdyr.
Ýaman ýeri bahar gelip, beýleki garlawaçlar yza dolansa-da, şol
adam bilen dostluk açmak islän garlawaçdan derek ýokmuş.
Adam tä bahar, hatda tomus hem sowulýança penjiresini açyp,
garlawaja garaşypdyr. Ýöne netije bolmandyr.
Ol ahyry maslahat almak üçin bir dananyň ýanyna barýar.
Bolan-goýanlary gürrüň berýär. Dana ol adamy diňläp, ähli
aýdanlaryna bir sözlem bilen jogap beripdir:
– Garlawaçlaryň ömri bary-ýogy alty aýdyr.
Durmuşda käbir zatlar babatynda bary-ýogy birje gezek
mümkinçiligiňiz bolýar. Eger ondan ýerlikli we öz wagtynda
peýdalanyp bilmeseňiz, şu hekaýatdaky garlawaç ýaly uçar gider.
Käbir ýagşyzada sypatly adamlar hem ömrüňiz-de birje ýola gabat
geler. Gadyryny bilmeseňiz, uzaklaşar gider. Gaýdybam gelmez.
Ünsli boluň we pikir öwrüň: häzire çenli öz penjiräňizden näçe
garlawajy kowduňyz?
Her bir adamyň älem ýaly giň we uly sarpa eýe bolmalydygyny
ýatdan çykarmaň.
18
76
Arslan_Alaýew
03.08.2024 21:06
IGDESINI IÝ, ÝÖNE ŞAHASYNY DÖWME!
Mylaýymlyk, nirede bolsa-da, ol şol zada, şol ýere bezeg-zynatdyr. Onuň ýok ýerinde ýüzüň salyk, süňňüň sökel, ýollar köteldir. Ýüzlenilende ýumşak, gabat gelnende mähirli ýylgyryş, duşulanda birek-birege ýakymly sözler aýdylsyn. Bu häsiýetler bagt hüllesini egnine atan adamlaryň ýakasyndaky altyn jäheklerdir. Ol balara meňzeş adamyň ajaýyp sypatlarydyr: balary gowy zat iýýär, gowy zat taýýarlaýar. Şiresini sormak üçin gülüň üstüne gonanda hem onuň şahasyny döwmeýär. Il içinde aýdylyşy ýaly, «Igdesini iýiň, ýöne şahasyny döwmäň». Ilden haýyr tap, ýöne göwünlerine degme. Allatagala mylakatlylyga berýän mertebesini gedemlige, gödeklige berýän däldir. Käbir adam bardyr, aýaklaryň şolara tarap ädilesi geler durar. Gözler onuň peýda bolaryna intizar. Ýürekler oňa teşne, göwünler ondan aýrylmaz, sebäbi olar sözlänlerinde hem, alyp-berenlerinde hem, satanlarynda we satyn alanlarynda hem, gabatlaşanda we hoşlaşanlarynda hem mylakatly, mylaýym gürleýärler. Dost gazanmak ýagşyzada adamlaryň tejribe mekdebinde ymykly öwrenilen dersdir, dessurdyr. Olar haýsy adamyň ýanyna baranlarynda hem ýüzleri nuranadyr. Ýanyňa gelseler güler ýüz we açyk göwün bilen garşylarlar. Ýanlarynda ýok wagtyň arkaňdan ýagşy dileg-doga ederler we seni sorap-idäp durarlar. Bagtyýarlaryň üýtgewsiz ahlak ýörelgesi bar. Olar elmydama «Has gowusy bilen jogap ber! Şonda öň siziň araňyzda öýke-kine, duşmançylyk bar hem bolsa, mundan soň ol edil ýürekdeş ýoldaş ýaly bolup galar» diýen söze uýýarlar. Olar göwünleriň öýke-kinesini özleriniň joşgunly mylakatlary, ýyly ýumşaklygy bilen sorup aýyrýarlar. Ýamanlyklary ýatlaryndan çykaryp, diňe ýagşylyklary ýatlarynda saklaýarlar. Gyýakly sözler olaryň hem duşundan geçýär, gulaklaryna ilýär, ýöne ýüreklerine girmeýär. Çünki ýürege giren zady çykarmak kyn. Gaýta, hiç wagt haýry degmejek ol sözleri allowarra zyňyp, yzyna gaýtmaz ýaly, gitse-gelmeze ugradýarlar. Mylakatly adamlar özlerini rahatlyk içinde duýýarlar. Adamlar hem olardan baş-bitin arkaýyn, abadançylykda, sag-salamatlykda. Dost-doganlaryna dili we eli bilen salam berýän adam, özüne degişli bolmadyk zatlara el urmaýan adam belent häsiýetli hasap edilýär. Gaharlaryny saklaýan we adamlary bagyşlap bilýän adamlar mertebelidir. Arasyny üzenler bilen gatnaşyklary gaýtadan ýola goýmak, ýamanlyk ýa-da nähak daranlary geçirip bilmek, birwagt hakyňdan iýen hem bolsa, eliňe gelende eçilip bilmek ululykdyr. Buşluk, şeýle adamlara ynjalyk, rahatlyk, asudalyk ýaly sogaby çalt berilýän zatlar miýesser eder. Birek-birege mylakatly boluň!
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW
11
34
Arslan_Alaýew
02.08.2024 20:33
GARRY ENÄNIŇ GAMGYNLYGYNYŇ SEBÄBI
Bir garry ene mydama gamgyn halda aglamjyrap, nalar ýörer eken. Onuň uly gyzy saýawan söwdagärine, kiçi gyzy bolsa unaş öndürip satýan söwdagäre durmuşa çykypdyr.
Garry ene howa gowy bolup, Güneş nuruny eçiliberse, zeýrenip, agy gatyşykly oýa batar eken: «Howa beýle güneşli bolup dursa-ha, gyzymyň dükanyna baryp, ýagyş-ýagmyrdan goraýan saýawan satyn aljak tapylmaz. Nätsekkäk?!»
Howa ýel-ýagmyrly bolsa-da, ol ýene nalap, aglamjyrap başlar eken. Beýle ýagdaýda kiçi gyzynyň gamyny iýip, zeýrener eken: «Täze kesilen unaşlary güneşde guramasa, olaryň güni neneň aýlanarka? Gör-ä, howanyň gylygy näteňenälet?!».
Şeýdip ol her gün howanyň ýagdaýy nähili bolsa-da, ýa uly gyzyny, ýa kiçi gyzyny alada edip, hasrat çeker eken. Bir gezek oňa dana derwüş sataşypdyr-da, kempiriň halyna rehimi inipdir hem derdiniň sebäbi bilen gyzyklanypdyr. Garry ene oňa gamgynlygynyň sebäbini düşündiripdir. Dana diňe ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Sen diňe pikir-garaýşyňy üýtgedäý, howany-ha, barybir, özgerdip bilmersiň. Güneşli gün sen uly gyzyň saýawanlary barada däl-de, kiçi gyzyň unaşlary barada pikirlen: «Güneş nuruny eçilip dur, kiçi gyzymyň unaşlary gowy çalygar, söwdasam gowy bolar» diýip pikir et. Ýagyş ýaganda bolsa uly gyzyň saýawanlary hakda oýlanyp: «Ine, ýagyş hem ýagýar, gyzymyň saýawanlary geçginli bolsa gerek» diý.
Garry ene bu maslahata juda hoşal bolup, minnetdarlyk bildirip, derwüşiň maslahatyna eýerip başlapdyr. Şondan soň ol aglamasyny, zeýrenjini bes edip, gyzlaryna guwanyp ýaşapdyr. Ejeleriniň öňki çekýän derdine teselli berip bilmeýän gyzlarynyň işi hem has ugrugýan ýaly bolupdyr.
Hekaýatyň hikmeti: Dünýäniň özi ýaly gadymy bir pähim bar — eger töwerekdäki hal-ýagdaýlary üýtgedip bilmeseň, olara bolan garaýşyňy, çemeleşişiňi özgert. Zatlara başgaça garamagy başarsaň, durmuşyň akymy hem başga ugra akyp başlar.
10
44
Arslan_Alaýew
28.07.2024 23:30
Okaýan her kitabyňyzdan has köp peýdalanmagyñ 7 usuly
Has köp kitap okamagyň köp peýdasy bar, ýöne iň halanýan zadym şu: Gowy kitap size geçmişdäki wakalaryňyzy düşündirmegiň täze usulyny berip biler. Her gezek täze akyl modelini ýa-da ideýany öwreneniňizde, beýniňizdäki “programma üpjünçiligi” täzelenýän ýaly. Birden täze programma arkaly köne maglumatlar nokatlaryňyzyň hemmesini işledip bilersiňiz. Köne pursatlardan täze sapak alyp bilersiňiz. Patrik O Şagnessiniň aýdyşy ýaly: "Okamak geçmişi üýtgedýär." Elbetde, bu diňe okaýan kitaplaryňyzdaky düşünjeleri düşinseñiz we ýatda saklasaňyz dogry bolar. Bilim diňe saklansa birleşer. Başga bir söz bilen aýdylanda, möhüm zat diňe köp kitap okamak däl-de, her okan kitabyňyzdan has köp peýdalanmakdyr. Bilim almak, elbetde okamagyň ýeke-täk sebäbi däl. Lezzet ýa-da güýmenje üçin okamak wagtyň ajaýyp ulanylmagy bolup biler, ýöne bu makala öwrenmek üçin okamak hakda iñ gowy 7 sany usuly belläp geçeliñ.
1. Has köp kitap taşlaň Bir zadyň okalmalydygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin köp wagt gerek däl. Mazmunyň tablisasyna, bap atlaryna we sözbaşylaryna geçip bilersiňiz. Gyzykly bölümi saýlaň we birnäçe sahypa çümüň. Kitaby gözden geçiriň we islendik goýy nokatlara ýa-da stollara göz aýlaň. On minutdan, munuň nähili gowydygy barada dogry düşünje alarsyňyz. Soňra iň möhüm ädim gelýär: Kitaplary çalt we günäkär we utançsyz taşlaň. Durmuş ortaça kitaplara sarp etmek üçin gaty gysga. Mümkinçiligiň bahasy gaty ýokary. Okamak üçin gaty ajaýyp zatlar bar.
2. Derrew ulanyp boljak kitaplary saýlaň Okamaga düşünmegi gowulandyrmagyň bir usuly, derrew ulanyp boljak kitaplary saýlamakdyr. Okaýan pikirleriňizi herekete girizmek, olary aňyňyzda goramagyň iň oňat usullaryndan biridir. Dürli kitaplarda paýhas tapyp bilersiňiz.
3. Gözlenýän bellikleri dörediň Okaýan zatlaryňyza bellik ediň. Muny islän wagtyňyz edip bilersiňiz. Uly önümçilik ýa-da çylşyrymly ulgam bolmak hökman däl. Diňe möhüm nokatlary we parçalary bellemek üçin bir zat ediň.
4. Bilim agaçlaryny birleşdiriň Kitaby göz öňüne getirmegiň bir usuly, magistraly emele getirýän birnäçe şahasy we şahalary emele getirýän jikme-jiklikleri bolan bilim agajyna meňzeýär. “Şahalary baglanyşdyrmak” we häzirki kitabyňyzy beýleki bilim agaçlary bilen birleşdirmek arkaly has köp öwrenip we okamak düşünişini gowulaşdyryp bilersiňiz.
5. Gysgaça mazmun ýazyň Kitaby gutaranyñyzdan soň, teksti bary-ýogy üç sözlemde jemlemäge çagyrýaryn. Bu çäklendirme, elbetde, diňe bir oýun, ýöne ol sizi kitapda hakykatdanam möhüm zat hakda pikirlenmäge mejbur edýär. Kitaby jemläniñizde göz öňünde tutýan käbir soraglar: Esasy pikirler näme? Şu kitapdan şu wagt bir pikiri durmuşa geçiren bolsam, haýsy bolardy? Kitaby dostuma nädip suratlandyryp bilerin? .
6. Mowzugy gurşap alyň . Bir mowzukda diňe bir kitap okasaňyz we ony durmuşyň ähli kategoriýasy üçin öz ynanjyňyz üçin esas hökmünde ulanýan bolsaňyz, bu ynançlar näderejede dogry? Ynançlarymyzyň esasy hökmünde ýeke-täk tejribämizi ulanmak meselesinde bu has dogry (we ýeňip geçmek has kyn). Morgan Houseliň belleýşi ýaly: “Şahsy tejribeleriňiz, dünýäde bolup geçen wakalaryň 0.00000001% -ini düzýär, ýöne dünýä nähili işleýär öýdýänleriň 80% -ini düzýär. Biziň hemmämiz şahsy taryhymyza tarap tutýarys "-diýdi. Dürli tarapdan gözläň, şol bir meselä dürli ýazyjylaryň gözleri bilen serediň we öz tejribäňiziň çäginden geçmäge synanyşyň.
7. Iki gezek okaň. Ajaýyp kitaplary iki gezek okaň. Filosof Karl Popper peýdalaryny gowy düşündirdi: “Okamaga mynasyp bolan zatlar diňe iki gezek okamaga däl, eýsem-de bolsa, gaýtalap okamaga mynasypdyr. Kitap peýdaly bolsa, onda elmydama täze açyşlar edip bilersiňiz we köp gezek okasaňyzam, ozal görmedik zatlaryňyzy tapyp bilersiñiz.
13
63
Arslan_Alaýew
28.07.2024 21:39
Erkin däl erkim
Erkin däl erkim,
Ruhum kapasda.
Men bagty gözleýän,
Döwük kompasda.
Iññe deşiginden bakýaryn dünýä,
Gözel görünýä.
Ýüregimiñ ýüregi bar.
Dört diwar,
Dert azar,
Derdi zar kalbym.
Garypja külbämde, gülleýän köñlüm.
Penjireden nurly Güneş ýylgyryp,
Ýygrylyp,
Ýyllaryñ ýyndamlygynda,
Şatlyk nämedigni unutdy beýnim.
Senem hakydamdan günlerde bir gün,
Öçersiñ,
Leýlim!
Her gün unutmaga,
Artýarla meýlim.
Bu gün, gaýdy gitdi elde barymyz.
Bagymyz barlyksyz,
Bermez hasyly.
Has uly,
Arzuwlañ tutdum ýasyny.
Ýarsyny-da rowa görmedi ykbal.
Ykýan,
Armanlarda elde taýagym,
Soñky umydymyñ berdim talagyn.
Bimahal bedende üzüldi ýüpler,
Barlygym,
Birmahal unutdy köpler.
(Wah, köpekler...)
Ýalan ýok,
Dowam etdirmekden ýakyn,
Dolanmak...
© Süleýman TEKÄÝEW
13
69
Arslan_Alaýew
26.07.2024 20:28
Ganhora gamhor bolman (Rowaýat)
Marguşyň gözel şäherleriniň biri Kuşmeýhana duýdansyz dökülen duşman ýurdy weýran edýär. Başa düşen beladan sypmak üçin şagyzy bezemen lybasyny çory çargadyna çalyşýar. “Ogul — olja, gyz — ýesir” diýip, ýesirleri synlaýan döwpisint duşman çargada bürenip oturanyň gül roýuny görüp, onuň gyşyk çatmadan çykan gyz däldigini aňlaýar. Adalatly kişi boljak bolýan gelmişek gyza göwni gidensoň, zora ýanaman razyçylyk aljak bolup, “Öňem köşkde, soňam köşkde, ýürek yşkda” diýip, habar gatýar. “Sowal irnik, biz bir gyrnak. Siz bir şir, taýyň hüýr” diýip, sypaýyçylyk eden gyzyň asylzadadygyny subut etmek üçin, gyzy zyndana oklan gelmişek, hilegärlige ýüz urup, onuň ýanyna bir aýýar kempirem taşlaýar. Ýüregini gam-gussa, tenini zyndanyň samany iýip barýan gyzyň içine-daşyna geçen aýýar: “Suw sonasy Selbijan, suwsandyr, ajygandyr” diýip, gawun kakdan doýrup, borjakly başaýlaýjydan gandyryp, “Teniň näzik — iýmitden, syratyň uzuk — geýmitden. Ýumşak saman teniňe batypdyr. Eneň-ataň näme bilen bakypdyr? Biziňkä mydama çorba-çoltuk, kädi-keltik, porsy paşmak, gaýnap bişmek, şüle-püle, bula-bula ber gula” diýip, zeýrenen bolýar.
Içgä seri sämän gyz bilmezlikden: “Bişen gaýmak, bagyrtlak gaýnak. Towuk pyşda, erik kişde. Tokly beýni, bagdan beýi. Buglanan towdary, döwme kebabyň gowulary. Düýe çaly agaran, gawun gowusy saralan. Etde — barak, ýagda — erek. Alma, injir, nardäne, hozuň maňzy derman-a. Et-ete, çorba-pete, ýag-ýilige, ýilik-bete ýa kuwwat-a” diýip, şasuprany sananyny duýman galýar. Şobada gapyny kakan aýýar gyzy köşge eltip, syryny paş edýär.
Emma namysyny janyndan eziz görýän türkmen gözeli ýalan ýylgyrýan ýurtýykana seredip: «Tenimi topragyma dözýän, duşmana dözmeýän. Atamyň ganhoryna gamhor bolup bilmeýän” diýip, “Eşigim — nah, namysym — ýüpek” diýen aýtgy bilen rowaýata siňip gidipdir.
16
84
Arslan_Alaýew
18.06.2024 05:15
Gurbanlykda 5)
Hekaýa)
Mahym " tüweleme atdaşyň bilen galyp ýatan gepiň bar ekeni, diýdi, Gurbannazar" howa bir zat aýtdym oňa sen nâme üçün meni çümmüklediň diýdi, Mahym " men seni Gurbansoltanmyka diýip çümmükledim diyen boldy, Gurbannazar " oň bilen meni tanamadym diýäňmi, diýdi Mahym" gülüp hiçle diýdi , Gurbannazar " sada bolansoň oň etyan hereketlerine düşünmedi. Şeýdip gurbanlygam geçdi, ejesi Gurbanmyrda gyz gözläp, başlapdy, Gurbanmyrat bolsa ejesiniň tapan gyzyna ýok bolmaýa diýärdi, ol Ogulsuraýa garaşýardy, aradan bir ýyl geçdi, ýenede gurbanlyk aýy geldi, ejesi uly ogly öýlenjekdâl diýensoň, Gurbannazary öýlendirjek bolup, Mahymlara sawçy bolupdy, olaram razy bolupdylar, toýuň sähedini bolsa üç gün Gurbanlyklar gutaransoň, Gurbanlyk aýynyň ahyrky günlerine goýupdylar, bularda goşa toý bolaýmagam ahmaldy, Gülümjan daýza, Gurbanjemaly öz dogany Mätýakubyň oglyna berjek bolup ýördü, Mätýakup bolsa, ony iki gezek sorap gelipdi, bu gün bolsa olar ýene gelmelidiler, Gurbannazar daşarda garyndaşlaryndan gelen oglanjyk bilen, degişip durdy, ol oglanjyk näme üçün hemmäňiziň adyňyz bir meňzeş sebäbi nâme diýdi, Gurbannazar " bizi aýra düşâýmesinler diýip ejem goýupdyr, şol ady, nirâ gitsegem bile gitmeli diýip degişdi, ol oglanjyk" onda senâ öýlenýäň, Gurbanjemal daýzam daýyma barýar, senem gelniňi alyp daýymlara barýaňmy, aýra düşmezlik üçin diýdi, Gurbannazar " diňe men däl hemmâmiz barýas diýdi, Oglanjyk goýsana ol durmuşa çykýara diýdi, Gurbannazar owadanlap oturma senem äre gitmelimi onda diýäýsene hehe diýip güldü, ol oglanjyk gülüp dur, Gurbannazar" bar işiňi et ýaman kän gürleýäň diýdi, onýança gudalar geldi diýip ol oglanjyk gelen maşyna seredip, içeri ylgady, Gülümjan daýza ýaglygyny daňyp, daşary çykdy weli olar başga, saçak alyp nätanyş aýallar dur, Gülümjan daýza, hä geliň geliň sizi tanamadym diýdi, olar biz ýitigmizi gözläp geldik diýdiler, Gülümjan daýza adamsyny çagyryp vi ony doganyma berip otyrys, şu günem gelmelidi şolar diýdi, ol aýallar ýok biz, Gurbangüle ýagny ikinji gyzyňa, sawçy bolup geldik diýdiler weli Gülümjan daýza, vi beýdip durmaňa giriň onda içeri gapyda duran guda yzyna gaýtmaly bolar, içeri gireňizde sağ aýakdan basaýyň diýip pyrlanyp ýör, Şeýdip Gurbanlykda Gurbanjanlaryň maşgalasynda üç toýyň bolmagyna garaşýarkalar, Gurbanmyrat bilen duşuşuga çykan, Ogulsuraý, elini onuň eline goýup olaryň maşgalasy barada soraýardy, Gurbanmyrat " bolsa näme diýse diňe howwa howwa diýip gülüp otyr. Alty aý geçensoň bolsa, Gurbanmyrat hem, körpe jigisiniň kylasdaşyna öýlendi.
Soñy
24
87
Arslan_Alaýew
18.06.2024 00:56
Gurbanlykda Hekaýa 4 bölüm
Agşam ara ýene şol hiňňiligiň daşyna üýşenler juda şadyýandy, Gurbannazardan başgasy, diňe Gurbanzaryň ugry ýokdy, herkim özü bilen özü, Gurbannazar öýüne gaýdasy geldi, onýança Gurbansoltana gözü düşdü, Gurbansoltan Mahymdagynyň ýanyndady, Gurbannazar " olaryň ýanyna bardy, Mahym näz edip dur, Gurbansoltan juda sada gyzdy, Gurbannazar" salam atdaş diýdi, gyzlaryň bary güldü, Mahym beter gülýärdi, Gurbansoltan gülüp atdaş diýâñmi diýdi, Gurbannazar " hawa ýör hiňňillik uçaly diýdi, Gurbansoltan keltejik gyzdy, ýok men gorkýana diýdi , Gurbannazar" ýör özüm bara ýykylsaň diýip ony gyzlaryň arasyndan saýlap alyp gaýtdy , Mahym Gurbannazary gabanyp, ýüzü bozuldy, Olar hiňňillige mündüler, Gurbannazar gülüp Gurbansoltana bir zatlar diýýärdi, gyzlar gülüşüp bulara gelişâýdi diýdiler weli, Mahym nämesi gelişdi biri dym uzyn, biri bir metir diýip tumşugyny towlady.olaram asyl düşer ýerde düşenok, Mahymyň gahary gelip ýanyna bir gyz alyp, ýarragyna baryp düşürüň bulary bizem uçjak diýdi, dost oglanlarynyň biri, Gurbannazar, sakla badyňy diýip gygyrdy, Gurbannazar, " gülüp sesiň byjyr byjyr eşdilýâ, diýdi, daş töweregindâkiler gülüşdü, oglanlaryň biri saklaýda dost bizem uçaly diýdi, Gurbannazar" bolýa häzir diýip hiňňiligi saklap, Gurbansoltanyň elinden tutup düşürdü, Mahym çaltjak olaryň ýanyna bardyda, hiňňilige münjek mahaly, Gurbannazaryň goşaryndan awundyryp çümmükledi , Gurbannazar wah diýip garaşylmadyk ýagdaýa, geň galyp Mahyma seretdi, Mahym ýüzüne seredip torsaýyp dur, Gurbannazar " bir zadyň bolandygyny aňyp hiňňiligiň bagyny goýbermän, ýene Mahymyň ýanyna münüp bir aýagy bilen bat alyp uçmaga şaýlandy. Soňuny agşam goýjak.
18
76