GARRY ENÄNIŇ GAMGYNLYGYNYŇ SEBÄBI
Bir garry ene mydama gamgyn halda aglamjyrap, nalar ýörer eken. Onuň uly gyzy saýawan söwdagärine, kiçi gyzy bolsa unaş öndürip satýan söwdagäre durmuşa çykypdyr.
Garry ene howa gowy bolup, Güneş nuruny eçiliberse, zeýrenip, agy gatyşykly oýa batar eken: «Howa beýle güneşli bolup dursa-ha, gyzymyň dükanyna baryp, ýagyş-ýagmyrdan goraýan saýawan satyn aljak tapylmaz. Nätsekkäk?!»
Howa ýel-ýagmyrly bolsa-da, ol ýene nalap, aglamjyrap başlar eken. Beýle ýagdaýda kiçi gyzynyň gamyny iýip, zeýrener eken: «Täze kesilen unaşlary güneşde guramasa, olaryň güni neneň aýlanarka? Gör-ä, howanyň gylygy näteňenälet?!».
Şeýdip ol her gün howanyň ýagdaýy nähili bolsa-da, ýa uly gyzyny, ýa kiçi gyzyny alada edip, hasrat çeker eken. Bir gezek oňa dana derwüş sataşypdyr-da, kempiriň halyna rehimi inipdir hem derdiniň sebäbi bilen gyzyklanypdyr. Garry ene oňa gamgynlygynyň sebäbini düşündiripdir. Dana diňe ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Sen diňe pikir-garaýşyňy üýtgedäý, howany-ha, barybir, özgerdip bilmersiň. Güneşli gün sen uly gyzyň saýawanlary barada däl-de, kiçi gyzyň unaşlary barada pikirlen: «Güneş nuruny eçilip dur, kiçi gyzymyň unaşlary gowy çalygar, söwdasam gowy bolar» diýip pikir et. Ýagyş ýaganda bolsa uly gyzyň saýawanlary hakda oýlanyp: «Ine, ýagyş hem ýagýar, gyzymyň saýawanlary geçginli bolsa gerek» diý.
Garry ene bu maslahata juda hoşal bolup, minnetdarlyk bildirip, derwüşiň maslahatyna eýerip başlapdyr. Şondan soň ol aglamasyny, zeýrenjini bes edip, gyzlaryna guwanyp ýaşapdyr. Ejeleriniň öňki çekýän derdine teselli berip bilmeýän gyzlarynyň işi hem has ugrugýan ýaly bolupdyr.
Hekaýatyň hikmeti: Dünýäniň özi ýaly gadymy bir pähim bar — eger töwerekdäki hal-ýagdaýlary üýtgedip bilmeseň, olara bolan garaýşyňy, çemeleşişiňi özgert. Zatlara başgaça garamagy başarsaň, durmuşyň akymy hem başga ugra akyp başlar.