IGDESINI IÝ, ÝÖNE ŞAHASYNY DÖWME!
Mylaýymlyk, nirede bolsa-da, ol şol zada, şol ýere bezeg-zynatdyr. Onuň ýok ýerinde ýüzüň salyk, süňňüň sökel, ýollar köteldir. Ýüzlenilende ýumşak, gabat gelnende mähirli ýylgyryş, duşulanda birek-birege ýakymly sözler aýdylsyn. Bu häsiýetler bagt hüllesini egnine atan adamlaryň ýakasyndaky altyn jäheklerdir. Ol balara meňzeş adamyň ajaýyp sypatlarydyr: balary gowy zat iýýär, gowy zat taýýarlaýar. Şiresini sormak üçin gülüň üstüne gonanda hem onuň şahasyny döwmeýär. Il içinde aýdylyşy ýaly, «Igdesini iýiň, ýöne şahasyny döwmäň». Ilden haýyr tap, ýöne göwünlerine degme. Allatagala mylakatlylyga berýän mertebesini gedemlige, gödeklige berýän däldir. Käbir adam bardyr, aýaklaryň şolara tarap ädilesi geler durar. Gözler onuň peýda bolaryna intizar. Ýürekler oňa teşne, göwünler ondan aýrylmaz, sebäbi olar sözlänlerinde hem, alyp-berenlerinde hem, satanlarynda we satyn alanlarynda hem, gabatlaşanda we hoşlaşanlarynda hem mylakatly, mylaýym gürleýärler. Dost gazanmak ýagşyzada adamlaryň tejribe mekdebinde ymykly öwrenilen dersdir, dessurdyr. Olar haýsy adamyň ýanyna baranlarynda hem ýüzleri nuranadyr. Ýanyňa gelseler güler ýüz we açyk göwün bilen garşylarlar. Ýanlarynda ýok wagtyň arkaňdan ýagşy dileg-doga ederler we seni sorap-idäp durarlar. Bagtyýarlaryň üýtgewsiz ahlak ýörelgesi bar. Olar elmydama «Has gowusy bilen jogap ber! Şonda öň siziň araňyzda öýke-kine, duşmançylyk bar hem bolsa, mundan soň ol edil ýürekdeş ýoldaş ýaly bolup galar» diýen söze uýýarlar. Olar göwünleriň öýke-kinesini özleriniň joşgunly mylakatlary, ýyly ýumşaklygy bilen sorup aýyrýarlar. Ýamanlyklary ýatlaryndan çykaryp, diňe ýagşylyklary ýatlarynda saklaýarlar. Gyýakly sözler olaryň hem duşundan geçýär, gulaklaryna ilýär, ýöne ýüreklerine girmeýär. Çünki ýürege giren zady çykarmak kyn. Gaýta, hiç wagt haýry degmejek ol sözleri allowarra zyňyp, yzyna gaýtmaz ýaly, gitse-gelmeze ugradýarlar. Mylakatly adamlar özlerini rahatlyk içinde duýýarlar. Adamlar hem olardan baş-bitin arkaýyn, abadançylykda, sag-salamatlykda. Dost-doganlaryna dili we eli bilen salam berýän adam, özüne degişli bolmadyk zatlara el urmaýan adam belent häsiýetli hasap edilýär. Gaharlaryny saklaýan we adamlary bagyşlap bilýän adamlar mertebelidir. Arasyny üzenler bilen gatnaşyklary gaýtadan ýola goýmak, ýamanlyk ýa-da nähak daranlary geçirip bilmek, birwagt hakyňdan iýen hem bolsa, eliňe gelende eçilip bilmek ululykdyr. Buşluk, şeýle adamlara ynjalyk, rahatlyk, asudalyk ýaly sogaby çalt berilýän zatlar miýesser eder. Birek-birege mylakatly boluň!
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW