Näçe garlawaç kowduňyz?
Bir garlawaç bir adama aşyk bolupmyş. Onsoň ol ähli
gaýratyny toplap, şol adamyň ýaşaýan öýüniň penjiresine
gonýar-da, çüňki bilen kakýar: tyk, tyk, tyk. Adam ses gelen
tarapa – penjirä seretse-de, muňa kän bir üns bermändir. Öz işi
bilen meşgul bolup ýörmüş. Onsoňam onuň işden ünsüni sowjak
bolýan kiçijik garlawaç dälmi?! Ol üns bereniňe degenog-a!
Ýöne garlawajyň hem çyny eken. Ol uludan bir dem alyp
dogumlanýar-da:
– Eý, adam! Men saňa aşyk boldum. Ýöne sebäbini sorama!
Köp wagtdan bärem seniň yzyňda janserek bolup ýörün. Şu gün
ýüregimi bire bagladym-da, seniň bilen gürleşmäge geldim. Haýyş
edýän, penjiräni aç-da, meni öýe sal. Bile ýaşaly – diýenmiş.
Adamyň bu garaşylmadyk teklibe jyny atlanmazmy:
– Ýene näme?! Ýok ýerden sen nirden çykdyň indi? Bolmaz,
seni öýe salyp bilmen. – Adamyň tapan sebäbem juda ýakymsyzmyş. – Sen guş ahyry! Heý, guşam ynsana aşyk
bolarmy?
Dogry, bu söz garlawajyň ýüregine batypdyr, ýöne onuň
aşyklygy hakdan eken, yza tesmändir. Ara biraz wagt salyp, ol şol
adamyň ýaşaýan öýüniň penjiresiniň öňünde ýene gonýar:
– Eý, adam! Açsana penjiräňi! Meni öýe sal, men saňa dost
bolaryn. Ýüregiňe-de düşmerin.
Adamyň bolsa şol öňki hörpümiş:
– Ýok, saljak däl! – Üstesine, öňküdenem gödekleşenmiş. –
Meň işim kän, git, azar berme!
Gyş golaýlaberende garlawaç ýene onuň penjiresiniň öňünde
gonýar:
– Seret, howa-da sowap başlady, üşeýän, meni öýe sal!
Ýogsam ýyly ýurtlara göçmeli bolaryn. Çünki men diňe ýyly
howada ýaşap bilýärin. Puşman etmersiň, günlerimiz gyzykly
geçer. Bile nahar iýeris. Üstesine-de, sen ýalňyz ýaşaýaň-a!
Ýalňyzlygyňy paýlaşaryn.
Hakykatdan gaçmak käbir adamlaryň tebigatynda bar. Bu
adamam garlawajyň ýalňyzlyk barada aýdanlaryna ot bolup
lowlanmyş, gahary hem gitdigiçe möwjänmiş:
– Men ýalňyzlygymdan hoşal, düşünýäňmi sen?
Soňra ol adam garlawaçdan özüne azar bermezligini
sorapdyr. Garaz, ony kowupdyr. Bu synanyşygy-da başa
barmadyk garlawaç uzaklara uçup gidipdir-de, uzak wagtlap gara
bermändir. Ol gelmänsoň, adam bu gezek başgaça pikirlenip
başlapdyr:
– Akylsyzlyk etdim-ow! Garaşman durkam, biri dostluk teklip
etdi, men yza tesdim. Näme üçin kabul etmedim diýsene! Häzir
içimi hümledip oturmanyň deregine, dostum bilen söhbet edip bilerdim ahyry!
Garaz, adam eden işine ökünipdir. Ýöne soňky tüýkülik sakgal
ezýärmi näme? Onda-da öz-özüne göwünlik berýärmiş:
– Howa gyzyp başlasa, geler-le! Ine, şonda oňa öýümden orun
berip, bileje ýaşarys.
Şeýdip tä howa maýlaýança, onuň gözi ýolda galypdyr.
Ýaman ýeri bahar gelip, beýleki garlawaçlar yza dolansa-da, şol
adam bilen dostluk açmak islän garlawaçdan derek ýokmuş.
Adam tä bahar, hatda tomus hem sowulýança penjiresini açyp,
garlawaja garaşypdyr. Ýöne netije bolmandyr.
Ol ahyry maslahat almak üçin bir dananyň ýanyna barýar.
Bolan-goýanlary gürrüň berýär. Dana ol adamy diňläp, ähli
aýdanlaryna bir sözlem bilen jogap beripdir:
– Garlawaçlaryň ömri bary-ýogy alty aýdyr.
Durmuşda käbir zatlar babatynda bary-ýogy birje gezek
mümkinçiligiňiz bolýar. Eger ondan ýerlikli we öz wagtynda
peýdalanyp bilmeseňiz, şu hekaýatdaky garlawaç ýaly uçar gider.
Käbir ýagşyzada sypatly adamlar hem ömrüňiz-de birje ýola gabat
geler. Gadyryny bilmeseňiz, uzaklaşar gider. Gaýdybam gelmez.
Ünsli boluň we pikir öwrüň: häzire çenli öz penjiräňizden näçe
garlawajy kowduňyz?
Her bir adamyň älem ýaly giň we uly sarpa eýe bolmalydygyny
ýatdan çykarmaň.