Gurbanlykda Hekaýa 4 bölüm
Agşam ara ýene şol hiňňiligiň daşyna üýşenler juda şadyýandy, Gurbannazardan başgasy, diňe Gurbanzaryň ugry ýokdy, herkim özü bilen özü, Gurbannazar öýüne gaýdasy geldi, onýança Gurbansoltana gözü düşdü, Gurbansoltan Mahymdagynyň ýanyndady, Gurbannazar " olaryň ýanyna bardy, Mahym näz edip dur, Gurbansoltan juda sada gyzdy, Gurbannazar" salam atdaş diýdi, gyzlaryň bary güldü, Mahym beter gülýärdi, Gurbansoltan gülüp atdaş diýâñmi diýdi, Gurbannazar " hawa ýör hiňňillik uçaly diýdi, Gurbansoltan keltejik gyzdy, ýok men gorkýana diýdi , Gurbannazar" ýör özüm bara ýykylsaň diýip ony gyzlaryň arasyndan saýlap alyp gaýtdy , Mahym Gurbannazary gabanyp, ýüzü bozuldy, Olar hiňňillige mündüler, Gurbannazar gülüp Gurbansoltana bir zatlar diýýärdi, gyzlar gülüşüp bulara gelişâýdi diýdiler weli, Mahym nämesi gelişdi biri dym uzyn, biri bir metir diýip tumşugyny towlady.olaram asyl düşer ýerde düşenok, Mahymyň gahary gelip ýanyna bir gyz alyp, ýarragyna baryp düşürüň bulary bizem uçjak diýdi, dost oglanlarynyň biri, Gurbannazar, sakla badyňy diýip gygyrdy, Gurbannazar, " gülüp sesiň byjyr byjyr eşdilýâ, diýdi, daş töweregindâkiler gülüşdü, oglanlaryň biri saklaýda dost bizem uçaly diýdi, Gurbannazar" bolýa häzir diýip hiňňiligi saklap, Gurbansoltanyň elinden tutup düşürdü, Mahym çaltjak olaryň ýanyna bardyda, hiňňilige münjek mahaly, Gurbannazaryň goşaryndan awundyryp çümmükledi , Gurbannazar wah diýip garaşylmadyk ýagdaýa, geň galyp Mahyma seretdi, Mahym ýüzüne seredip torsaýyp dur, Gurbannazar " bir zadyň bolandygyny aňyp hiňňiligiň bagyny goýbermän, ýene Mahymyň ýanyna münüp bir aýagy bilen bat alyp uçmaga şaýlandy. Soňuny agşam goýjak.