Arslan_Alaýew
18.06.2024 05:15
Gurbanlykda 5)
Hekaýa)
Mahym " tüweleme atdaşyň bilen galyp ýatan gepiň bar ekeni, diýdi, Gurbannazar" howa bir zat aýtdym oňa sen nâme üçün meni çümmüklediň diýdi, Mahym " men seni Gurbansoltanmyka diýip çümmükledim diyen boldy, Gurbannazar " oň bilen meni tanamadym diýäňmi, diýdi Mahym" gülüp hiçle diýdi , Gurbannazar " sada bolansoň oň etyan hereketlerine düşünmedi. Şeýdip gurbanlygam geçdi, ejesi Gurbanmyrda gyz gözläp, başlapdy, Gurbanmyrat bolsa ejesiniň tapan gyzyna ýok bolmaýa diýärdi, ol Ogulsuraýa garaşýardy, aradan bir ýyl geçdi, ýenede gurbanlyk aýy geldi, ejesi uly ogly öýlenjekdâl diýensoň, Gurbannazary öýlendirjek bolup, Mahymlara sawçy bolupdy, olaram razy bolupdylar, toýuň sähedini bolsa üç gün Gurbanlyklar gutaransoň, Gurbanlyk aýynyň ahyrky günlerine goýupdylar, bularda goşa toý bolaýmagam ahmaldy, Gülümjan daýza, Gurbanjemaly öz dogany Mätýakubyň oglyna berjek bolup ýördü, Mätýakup bolsa, ony iki gezek sorap gelipdi, bu gün bolsa olar ýene gelmelidiler, Gurbannazar daşarda garyndaşlaryndan gelen oglanjyk bilen, degişip durdy, ol oglanjyk näme üçün hemmäňiziň adyňyz bir meňzeş sebäbi nâme diýdi, Gurbannazar " bizi aýra düşâýmesinler diýip ejem goýupdyr, şol ady, nirâ gitsegem bile gitmeli diýip degişdi, ol oglanjyk" onda senâ öýlenýäň, Gurbanjemal daýzam daýyma barýar, senem gelniňi alyp daýymlara barýaňmy, aýra düşmezlik üçin diýdi, Gurbannazar " diňe men däl hemmâmiz barýas diýdi, Oglanjyk goýsana ol durmuşa çykýara diýdi, Gurbannazar owadanlap oturma senem äre gitmelimi onda diýäýsene hehe diýip güldü, ol oglanjyk gülüp dur, Gurbannazar" bar işiňi et ýaman kän gürleýäň diýdi, onýança gudalar geldi diýip ol oglanjyk gelen maşyna seredip, içeri ylgady, Gülümjan daýza ýaglygyny daňyp, daşary çykdy weli olar başga, saçak alyp nätanyş aýallar dur, Gülümjan daýza, hä geliň geliň sizi tanamadym diýdi, olar biz ýitigmizi gözläp geldik diýdiler, Gülümjan daýza adamsyny çagyryp vi ony doganyma berip otyrys, şu günem gelmelidi şolar diýdi, ol aýallar ýok biz, Gurbangüle ýagny ikinji gyzyňa, sawçy bolup geldik diýdiler weli Gülümjan daýza, vi beýdip durmaňa giriň onda içeri gapyda duran guda yzyna gaýtmaly bolar, içeri gireňizde sağ aýakdan basaýyň diýip pyrlanyp ýör, Şeýdip Gurbanlykda Gurbanjanlaryň maşgalasynda üç toýyň bolmagyna garaşýarkalar, Gurbanmyrat bilen duşuşuga çykan, Ogulsuraý, elini onuň eline goýup olaryň maşgalasy barada soraýardy, Gurbanmyrat " bolsa näme diýse diňe howwa howwa diýip gülüp otyr. Alty aý geçensoň bolsa, Gurbanmyrat hem, körpe jigisiniň kylasdaşyna öýlendi.

Soñy
24
85
Arslan_Alaýew
18 Iýun 2024
..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.