@Gul
✿, öňden ýazylan emma her kimiň okamaga het edip bilmedik syrly kitaby. Okadygyňça artýan sahypalary we gözel başlangyçlary bilen başga kitaplardan tapawutlanmagy başaran soňsyz eser. Aklyňa gelende ähli zadyň gül açmagy. Adaty güllere asla çalym etmeýän täsinlik. (belki-de asla döremedik gözellik) Her gelen biraz puşmanlyk, birazda azap getirýärkä, kalbymy barlygy bilen gözelleşdiren hakyky "dost". Bilelikde kynçylyklary-da söýýärkäk, onsuz hiç zady başaryp bilmezlik.
Men ol güle hyýalymda mawy reňk we asla duýulmadyk ýakymly ysy berdim. Ol ýakymlylyk entäk gaty açylmadyk kitabyň we ýagyşdan soňky hoşboý yslaryň birleşmesini ýatladýar. (Şuwagt entäk duýmadyk hoşbaýlygy küýsemägä başladym) Näme üçin mawy? Muňa düşünmegiňiz üçin gözýetimiňizde asmanyň we deňiziň birleşişini janlandyrmagyňyz ýeterlik. Onuň dostlugy şeýle soňsyz rahatlyk...
-------------------------------------------------
@Senorita, Dogulmagy bilen şuwagta çenli özüni "senorita, madam, madmuazel, ladie" hasaplap ýören gözelleriň rekordyny ýekän-ýekän parçalan gözellik. Maňa kiçijik zatlara begenmegi, tebigaty we haýwanlary söýmegi öwreden mugallym. Ähli makiýažy ýylgyrşynda saklanan sadalyk. Geçmişde kynçylyklarymda, özümi erbet duýmalarymda, ýykylyşlarymda hemişe ýanymda bolan, maňa "dost tarapyndan goldanmak" duýgusyny artygy bilen duýdyrmagy başaran gymmatlyk. "Gel şuňa ynanaýyn, belki bu gezek ýalňyşmaryn" diýip eden ähtimallygymda, asla ýalňyşmadygymy subut eden, kalbymyň entäk özüm bilmedik gözel ýerlerini açyş eden geograf.
--------------------------------------------------
@Garlawaç, ady bilen baharyň bütün ajaýyplygyny ýatladýan tarypsyz gözellik. Baharyň buşlukçysyna duşanymda onuň kalbymyň baharyny buşlaýanyny duýupdym. Kalbyma tutulan aýna ýaly, ýazanlaryna her okanymda özümi gördüm. Halaýan zatlarmyzyň, duýýan duýgylarymyzyň meňzeşligi edil ruhymy nusgalap alnan ýaly haýran galdyryjy. Onuň ýazanlaryny söýmek-ýalňyzlygy söýmekdir, iç-içiňden ýanmagy, kalbyň çuňlugyndanky sessizligi söýmekdir. Onuň ýazanlary- lal bolan kalbymyň saýraýşy ýalydyr. Ady - meniň adyny goýup bilmedik duýgylarym. Dostlugy uzaklykda bolsaňam ýakyn bolmagyň şekili. Ýakynlygymyz- erkinlige bolan ymtylyşymdyr. Ýoklugy- gijede Aýyň kemlik edişi ýalydyr. Barlygy kalbymda dört möwsümi bahara öwürýändir.....